Go Back Go Back
Go Back Go Back

BMG-nyň Ilat Gaznasy BMG-nyň beýleki guramalary bilen bilelikde Türkmenistanda raýat hasaba alyş we möhüm statistika ulgamynyň ösüşini goldaýar

 BMG-nyň Ilat Gaznasy BMG-nyň beýleki guramalary bilen bilelikde Türkmenistanda raýat hasaba alyş we möhüm statistika ulgamynyň ösüşini goldaýar

Press Release

BMG-nyň Ilat Gaznasy BMG-nyň beýleki guramalary bilen bilelikde Türkmenistanda raýat hasaba alyş we möhüm statistika ulgamynyň ösüşini goldaýar

calendar_today 08 June 2023

Raýat hasaba alyş we möhüm statistika Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde wajyp orny eýeleýär
Gowy işleýän CRVS ulgamy dogluş, ölüm, nikalaşmak, aýrylyşmak we beýleki möhüm statistikalar barada üznüksiz we häzirki maglumatlary almak üçin iň gowy çeşme bolup durýar.

Aşgabat, 6-8-nji iýun, 2023-nji ýyl – Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) Türkmenistanda milli raýat hasaba alyş we möhüm statistika ulgamlarynyň (CRVS) iş amallaryny gözden geçirmek, seljermek we täzeden düzmek başlangyjyna goşuldy. CRVS tehniki taýdan Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman ykdysady we durmuş komissiýasy (ESCAP) tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär we BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjy edarasy tarapyndan utgaşdyrylyp, UNICEF we BSGG tarapyndan goldanylýar.

Gözden geçiriş CRVS ulgamlaryny gowulandyrmak çarçuwasyny, CRVS gyzyklanýan taraplara bar bolan iş alnyp barşyny we olara degişli iş mümkinçiliklerini seljermäge we täzeden düzmäge kömek etmek üçin döredilen çemeleşmäni ulanmak arkaly geçirildi. Bu gözden geçirme CRVS ulgamynyň işleýşini gowulandyrmaga, täze programma üpjünçiligini girizmäge, bar bolan sanly ulgamlaryň integrasiýasyny goldamaga we ösüş maksatlaryna strategiki meýilnamalaşdyrmak we gözegçilik etmek üçin ýokary hilli maglumatlary bermäge ýardam berer.

Gözden geçirmek maksady bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Adalat ministrligi, Içeri işler ministrligi, Döwlet statistika komiteti, Raýat hasaba alyş gullugy, Döwlet migrasiýa gullugy ýaly esasy CRVS gyzyklanýan taraplaryň wekillerinden ybarat milli topar UNRCO, UNFPA, UNICEF we BSGG ýaly halkara guramalar bilen birleşip, Türkmenistanda CRVS ulgamyny kämilleşdirmegiň, işewürlik proseslerini sanlylaşdyrmagyň we ösüş maksatlaryny meýilleşdirmek we gözegçilikde saklamak üçin ýokary hilli möhüm statistikalary döretmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Raýat hasaba alyş we möhüm statistika Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde wajyp orny eýeleýär. Gowy işleýän CRVS ulgamy dogluş, ölüm, nikalaşmak, aýrylyşmak we beýleki möhüm statistikalar barada üznüksiz we häzirki maglumatlary almak üçin iň gowy çeşme bolup durýar. Bu maglumatlar netijeli syýasaty meýilleşdirmek, çeşmeleri paýlamak we Durnukly ösüş maksatlarynyň (SDG) gözegçiligine zerur bolan ilatyň dinamikasyna we ugurlaryna düşünmek üçin örän möhümdir. Şeýlelikde, ygtybarly CRVS ulgamlary syýasatçylara we ösüş amalçylaryna deňsizlikleri çözmäge we SDG-lere ýetmekde hiç kimiň yzda galmazlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

“UNFPA BMG-nyň beýleki guramalary bilen hökümetiň ýurtda CRVS ulgamyny kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de işlemäge taýýardygyny mübärekleýär we biz bu möhüm başlangyçda UNFPA-nyň goldawyny bermäge taýýardyrys. UNFPA ösüş maksady bilen takyk we öz wagtynda demografiki maglumatlary döretmek we ulanmak üçin öz tejribesini peýdalanýar we hökümet, statistika edaralary we BMG guramalary bilen her bir aýal-gyzy hasaba alýan we goraýan ygtybarly CRVS ulgamlaryny güýçlendirmekde innowasion çözgütleri barlamak we giňeltmek üçin işlemegini dowam etdirýär” diýip, UNFPA-nyň edara başlygy hanym Aýna Seýitliýewa öz çykyşynda belledi.

“Biz Aşgabatda milli CRVS bilen gyzyklanýan taraplaryň arasynda 3 günlük örän wajyp seminar geçirdik we onuň dowamynda CRVS iş prosesini hem-de mümkinçiliklerini gowulandyrmak we artdyrmak maksatly giňişleýin maslahatlar geçirdik. Gowy işleýän we ähliumumy CRVS ulgamlary esasy jemgyýetçilik hyzmatlaryna, durmuş goragyna we adam hukuklaryna elýeterliligi üpjün edip biljek kanuny kesgitlemek üçin esas berýär. Biz milli CRVS ulgamynyň häzirki ýagdaýy barada habar bermek üçin bu taslamanyň netijelerini ulanmakda UNFPA Türkmenistan bilen bu hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip, ESCAP- nyň Ilat meseleleri boýunça hünärmeni Dr. Hloe Harvey aýtdy.

Türkmenistanda geçirilen gözden geçirmäniň netijeleri dogluş we ölüm hasaba alynmagyna gönükdirilen häzirki CRVS amal ulgamyny gowulandyrmak üçin birnäçe teklipleri berýän jemleýji hasabatda hödürlener. Gözden geçirmäniň netijeleri we teklipler 2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda gyzyklanma bildirýän esasy ýurduň ministrlikleriniň we edaralarynyň gatnaşmagynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşykda hödürleniler. Gözden geçirme milli subýektleriň arasynda indiki maksatly hereketleri em-de has utgaşdyrylan hyzmatdaşlygy we halkara guramalaryň goldawyny höweslendirmeli. Beýleki möhüm statistikalara baha bermeklik geljekde meýilleşdiriler.

UNFPA-nyň dünýä derejesinde CRVS-däki eýeleýän orny barada goşmaça maglumat:

Birleşen Milletler Guramasynyň jyns we reproduktiw saglyk gullugy bolan UNFPA raýat hasaba alyş we möhüm statistika üçin ajaýyp merkeziň täze institusional eýesi boldy. Ajaýyplyk merkezi global çeşme merkezi bolmak bilen ol 2015-nji ýylyň dekabryndan bäri Halkara Ösüş Barlag Merkezi (IDRC) tarapyndan ýöredilip, ol 67 ýurtda, esasanam aýal-gyzlar üçin işleýän CRVS ulgamlaryny ösdürmek, güýçlendirmek we giňeltmek boýunça milli tagallalary goldaýar.

UNFPA-nyň soňky 53 ýylda ilat maglumat ulgamlarynyň güýçlendirilmegini goldamak boýunça uzak taryhy we güýçli däbi bar. UNFPA hiç kimiň gyrada galmajakdygyna göz ýetirýär we hemmeler üçin, esasan hem yzda galanlar üçin adam hukuklaryny goramaga we öňe sürmäge çagyrýar. UNFPA ilatyň we demografiki maglumatlaryň hemmeleriň hukuklaryny we saýlawlaryny durmuşa geçirmekde esasy mümkinçilik berýändigini we tizlendiriji bolandygyny ykrar edýär. Ömrüň dowamynda möhüm wakalaryň ähliumumy, hemişelik we yzygiderli hasaba alynmagyny üpjün etmek bilen, CRVS ulgamlary diňe bir adam hukuklaryny öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem syýasaty we jemgyýetçilik hyzmatlaryny yzarlamak we gözden geçirmek üçin möhüm binýady emele getirýär.

UNFPA jyns we adam hukuklary, jyns we reproduktiw saglyk hem-de hukuklar, şeýle-de ilatyň maglumat ulgamlary we syýasatlary boýunça tejribäni birleşdirýär. Şol sebäpden hem ol BMG-a agza döwletler, raýat jemgyýeti hyzmatdaşlary we BMG dogan guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, hemmetaraplaýyn we adamlara gönükdirilen raýat hasaba alyş ulgamlaryny goldamak, adam hukuklaryny, jemgyýetiň goşulyşmagyny we durnukly ösüşini üpjün etmek üçin möhüm gural hökmünde goldaw berýär.

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady hem-de durmuş komissiýasy (ESCAP)

ESCAP sebitiň hökümetleri tarapyndan 2014-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen Ministrler Konferensiýasynda “Aziýa we Ýuwaş ummanda hemmeleri habardar etmek” ministrlik jarnamasy bilen bilelikde kabul edilen 2015-2024-nji ýyllar üçin Aziýada we Ýuwaş ummanda raýat hasaba alyş we möhüm statistika ulgamlary (CRVS Decade) boýunça sebitleýin çarçuwany durmuşa geçirmekde agzalaryna we assosirlenen agzalaryna tehniki kömek berýär.

Sebitleýin hereket çarçuwasy 2024-nji ýyla çenli Aziýada we Ýuwaş ummanda ähli adamlaryň öz hukuklaryny öňe sürýän we gowy dolandyryşy, saglygy we ösüşi goldaýan ähliumumy we täsirli CRVS ulgamlaryndan peýdalanjak umumy pikiri goldamak üçin maksatlary kesgitleýär.

Hukuk resminamalaryny bermek baradaky 2-nji maksat CRVS ulgamlarynyň kanuny we administratiw maksatlar üçin, şol sanda durmuş goragy we kanuny şahsyýeti üpjün etmegiň ähmiýetini görkezýär. CRVS onýyllygynyň ortasynda ýurtlar tarapyndan iberilen orta möhlet hasabaty, ähliumumy we täsirli CRVS ulgamlaryny görmek üçin has köp tagallalaryň zerurdygyny görkezdi. Birleşen Milletler Guramasynyň hukuk şahsyýet gün tertibiniň bir bölegi hökmünde CRVS ulgamlaryny gowulandyrmak üçin goşmaça çagyryşlar, raýat şahsyýet ulgamlarynda raýat hasaba alynmagynyň esasy ornuny görkezýär.

2021-2022-nji ýyllar aralygynda ESCAP Niuede, Maldiw adalarynda, Wanuatuda we Samoada dogluş we ölümi hasaba almak proseslerine meňzeş derňewleri geçirdi we beýleki ösüş hyzmatdaşlary bu çemeleşmäni dünýäniň goşmaça ýurtlarynda durmuşa geçirdiler.

 

United Nations Economic and Social Commission for Asia and the Pacific (ESCAP) şu ýerden okap bilersiňiz

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady hem-de durmuş komissiýasy (ESCAP)

 

Giňişleýin maglumat üçin:

 

Döwran Ýamatow

UNFPA-nyň ilat we ösüş meseleleri boýunça analitigi

yamatov@unfpa.org

 

Ogulgerek Annaýewa

UNFPA-nyň Aragatnaşyk boýunça hünärmeni

annayeva@unfpa.org