Go Back Go Back
Go Back Go Back

COVID-19-dan soň saglygyňy nädip dikeltmeli?

COVID-19-dan soň saglygyňy nädip dikeltmeli?

News

COVID-19-dan soň saglygyňy nädip dikeltmeli?

calendar_today 29 March 2022

COVID-19-dan soň saglygyňy nädip dikeltmeli?
COVID-19-dan soň saglygyňy nädip dikeltmeli?

Täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy tutuş dünýäni gurşap aldy. Alymlar, lukmanlar we habar beriş serişdeleri täze ýokanjy nädip bejermelidigi we onuň nähili çylşyrymlaşmalara getirip biljekdigi barada köp gürrüň etdiler.
Emma keseli ýöne bir «başdan geçirmek» möhüm däl. Goşmaça meselelere ýolukmazlyk hem-de gowşak immunitetiňe täze keseli «gapjap» almazlyk üçin bu ýagdaýdan dogry baş alyp çykmak gerek.

COVID-19-y başdan geçireniňden soň, saglygyňy dikeldiş işlerini nähili geçmelidigi barada gürrüň berýäris:
 

Nämäni dikeltmeli?

COVID-19 bilen kesellän näsaglar hökmany ýagdaýda şulary dikeltmeli: 

  1. öýkenleriň ýaşaýyş göwrümini — bu demiňi doly çykaranyňdan soň, öýkeniňe ýygnap biljek howanyň maksimal göwrümi. Bu görkeziji tutuş bedeniň kislorod bilen üpjünçilik derejesine täsir edýär.
  2. agram salmalara we gipoksiýalara (kislorod ýetmezçiligine) çydamlylyk. Adatça, biz bedenimize belli bir agram salýarys, netijede demgysma, ysgynsyzlyk, pulsuň ýokarlanmagy ýüze çykýar. Keselden soňra şular ýaly agramlar birnäçe esse artýar. Şonuň üçin hem hatda iň bir ownujak dartgynlylyk hem bökdençlikleri döretmez ýaly, ony dikeltmek zerur.
  3. El-aýagyň myşsalarynyň güýji, kadaly iýmitlenmek (belok we witaminler) we uky. Kesel kähalatlarda ýatalgada ýatmaga mejbur edýär we kadaly hereket etmäge ýa-da ýaşamaga päsgelçilik döredýär. Hatda ýeňil görnüşli kesellerde hem bedeniňe «öwrenişeniňdäki ýaly» agram salmaly däl. Diýmek, fiziki görkezijiler peselýär. Iýmitlenmek bolsa, berhizli görnüşe geçýär. Uky keseliň alamatlaryna bagly bolýar, ol çuňňur däl hem-de pes hilli bolup biler — siz ukysyzlyga öwrenişýärsiňiz. Keselden soň durmuşyňyzy öňküsi ýaly gowulamak, «keselli adamyň» derejesinde galmazlyk üçin bu görkezijileri öňki kadasyna getirmek hökmanydyr
  4. Bronh-öýken ulgamyndan gakylygyň aýrylmagyny üpjün etmeli (eger ol bar bolsa). Sagdyn ýagdaýda bronhlar sorup alýan bölejiklerimizi süzgüçden geçirýän az mukdarda suwuklyk bölüp çykarýar. Käbir kesellerde suwuklygyň mukdary köpelip başlap, ol goýulygyny we reňkini üýtgedýär. Üsgülewük bilen daşyna çykyp başlaýar. Emma kesel alamaty hökmünde üsgülewük aýrylandan soň, gakylygyň hem çykarylmagynyň — ondaky kesel dörediji bakterialar bronhlary gyjyndyrmaz ýaly we gakylygyň bölünip çykmagy kadaly ýagdaýa dolanar ýaly aladasyny etmeli. Bu LUKMAN BILEN MASLAHATLAŞMADAN SOŇ, ýörite enjamlar, owkalamak we dem alyş maşklar arkaly amal edilýär.
  5. psiho-emosional ýagdaýy kadalaşdyrmaly. Çünki islendik keselden soň, fiziki we moral taýdan tapdan düşme duýgusy bolýar. Nämedir bir zat bilen meşgullanmaga energiýa hem ymtylyş bolmaýar, beden gowşaýar. Gaýtadan kesellemek we has beter kesel bilen ýatalga örklenip ýatmak gorkusy bolýar. Gaýtadan demiň gysylmak gorkusy ýüze çykýar. Munuň üçin hünärmeniň kömegi we hemişelik goldaw zerur bolýar.

 

Dikeldiş kimlere gerek?

Dikeldiş çäreleri näsaglaryň ählisine gerek. Adamlary keselden diňe bir bejermek möhüm däl, eýsem, olara dikeldiş çärelerini hödürlemek hem wajypdyr. Keseliň alamatlarynyň näderejede agyr bolandygy, haýsy funksiýalar bozuldy, ýokanç keseliň ýeňil ýa-da agyr geçendigi ähmiýetli däl.
Dikeldiş — bu «isleg boýunça» edilýän hereket däl-de, bejerginiň hökmany tapgyrydyr. Dikeldişsiz bejergi o diýen täsirli hem gutarnykly bolmaz.
Aýratyn hem keseli orta agyr we agyr görnüşlerde geçiren näsaglar dikeldişe mätäçdir.
 

Nädip dikeldiş geçmeli?

Ýokanç keseli ýeňil görnüşde (ýa-da kesel duýdansyz geçip giden bolsa) geçirenlere şular maslahat berilýär:

  • öýkenlerde fibroz hadysalarynyň, trombozlaryň we emboliýanyň, ýokanjyň gaýtalanmazlygynyň öňüni almak boýunça bejergi berýän lukmanyň maslahatlaryny berjaý etmek;
  • gipoksiýany geçirmek ukyplylygyňa (demiňi saklamak bilen ýönekeý testler arkaly — kada boýunça yzygiderli fiziki işjeňlik bilen meşgullanmaýan adamda bu görkeziji adatça 30 sekuntdan az däl), asuda yzygiderli dem çykaryşda sanlary aýtmak arkaly ýönekeýleşdirilen ses testi (hasap näçe köp bolsa, şonça-da görkeziji ýokary bolýar, kada boýunça 30-dan az däl), döş kapasasynyň hereketliligine (döş kapasasynyň dem alyşdaky we dem çykaryşdaky aratapawudy kada boýunça 4 sm-den az bolmaly däl) daýanyp, öz ýagdaýyňa gözegçilik etmeli;
  • myşsalaryňy kislorod bilen doýurmak üçin 8-12 hepdäniň dowamynda hepdede 3 gezek günde azyndan 30 minut pes intensiwli aerob fiziki maşklary ýerine ýetirmeli (ýöremek, ylgamak, duran ýeriňde ylgamak, ýüzmek, basgançaklardan galmak, skeýtbordda, tigirçekli konkilerde gezim etmek, tans, basketbol, tennis we beýlekiler);
  • sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeli, arterial basyşy we ýürek çäklendirmeleriniň ýygylygyny gözegçilikde saklamaly.

MASLAHAT BERILMEÝÄR:

Özbaşdak bejergi bilen meşgullanmak. Barlaglaryň görkezijileri kadaly görkezijilerden tapawutlanan ýagdaýynda gözegçilikden geçmek we maslahatlaşmak üçin bejergi alýan lukmanyňyza hökmany ýagdaýda ýüz tutmaly.
Ýokanç keseli orta agyr we agyr görnüşde geçiren näsaglara dikeldiş bejergisini DIŇE dikeldiş bejergisi boýunça hünärmeniň gözegçiligi astynda geçmek hökmandyr. Mümkin, size medikamentoz dikeldiş hem-de DIŇE lukmanyň belläp biljek aýratyn görkezmeleri gerek bolup biler!
 

COVID-19 dikeldiş näçe wagtlap dowam edýär?

Täze görnüşli koronawirus ýokanjy tutuş kislorod geçiriji ulgamyň işiniň — daşky dem alyş agzalaryndan başlap, aerob we anaerob okislendirmäniň netijelerini ýok edýän agzalaryň ulgamyna çenli bozulmagyna getirýär. Keselden soňky dikeldiş bejergisi bolsa tiz wagtlyk çäre däldir. Ol bedeniň bozulan funksiýalarynyň ählisini dikeltmek we sarp edilen funksiýalaryň ählisiniň öwezini dolmak üçin uzak wagty talap edýär.

COVID-19 täze kesel bolanlygy sebäpli ondan doly saplanmagyň anyk möhletleri ýok. Pnewmoniýadan soň hem-de HOBL keselli näsaglaryň dikeldilişi boýunça tejribä esaslansaň, dikeldiş bejergisi bir ýyla çenli kliniki we barlaghana görkezijileriniň gözegçiligi astynda, inwalidizirleýji hadysalar ösüp başlanda bolsa, ondan hem has uzak möhlete çekýär.
Kesellän pursatyňdan dikeldiş bejergileriniň arasyny üzmezlik we elmydama bejergiňize düzedişleri girizip biljek LUKMAN GÖZEGÇILIGINDE BOLMAK hökmanydyr. Çünki dikeldiş bejergisi INDIWIDUALDYR.

 

NETIJE

Keseliň alamatlarynyň ählisiniň aýrylmagy bilen kesel aýrylyp gitmeýär. Ol adam bedeninde hökmany suratda yz goýýar. Kadaly durmuşa dolanyp gelmek — döşüňi dolduryp dem almak hem-de gaýtadan hassahana ýatalgasyna dolanyp gelmezlik üçin ol yzlary ýok etmeli.
Munuň üçin hem dikeldiş bejergisi, ýagny ýokanç keselsiz adaty durmuşa tapgyrlaýyn geçmegiň ýoly zerur.