Go Back Go Back
Go Back Go Back

COVID-19-a garşy sanjymlar barada berilýän esasy soraglar 

COVID-19-a garşy sanjymlar barada berilýän esasy soraglar 

News

COVID-19-a garşy sanjymlar barada berilýän esasy soraglar 

calendar_today 28 February 2022

Üns beriň! Soraglara berlen degişli jogaplar diňe makalanyň ýerleşdirilen wagty güýjüni saklaýar. Maglumatlar wagtyň geçmegi bilen üýtgäp biler, şeýle hem goşmaça girizilip bilner. 

Gönüden-göni sanjymyň özünden COVID-19 ýokuşyp bilýärmi?

Ýok. Sanjymlar howpsuzdyr. Koronawirusa garşy bar bolan sanjymlar wirusyň tutuş genetiki maglumatyny däl-de, eýsem ýa kiçijek bölegini ýa-da köpelmäge ukyby bolmadyk güýji gaçyrlan görnüşini özünde saklaýar. Has takyk aýtsak, güýji gaçyrlan, öldürilen wirus sanjylmazdan ozal howpsuzdygyna doly göz ýetirmek üçin ençeme gezek barlagdan geçirilýär. Bu eýýäm köpden bäri ulanylýan usul. Mysal üçin, dümewe we poliomielete garşy käbir sanjymlar hem şeýle usul bilen kämilleşdirilen. 

 

Eger men sanjymdan soňra ýaramasam näme?

Eýýäm bilşimiz ýaly, kesel sanjymyň özünden ýokuşyp bilmeýär. Ýöne immuno ulgamyzyň COVID-19 garşy antitela işläp taýýarlamagy üçin wagt gerek. Şu döwrüň dowamynda keselli adamdan wirus ýokuşyp biler. 

Şeýle hem käbir adamlarda gorag immuniteti kemala gelmezligi hem mümkin. Bu ýagdaý islendik sanjymda hem bolup bilýär we her şahsyň immuno ulgamynyň aýratynlyklaryna bagly bolup durýar. Muny öňünden bilmek mümkin däl. Deslapky kliniki barlaglaryň netijelerine görä, koronawirusa garşy sanjymlaryň täsir edijiligi 70% - 90% aralygyndadyr. 

 

Sanjymyň nähili goşmaça täsirleri bolup bilýär?

Sanjymdan soňra bedende emele gelýän goşmaça täsirler bedeniň sanjymyň düzümine berýän reaksiýasydyr. Her sanjym öndürijisi, heniz sanjymy ulanyşa goýbermezden barlaghanada onuň goşmaça täsirlerini ýüze çykarýar we maglumat kagyzynda bu barada beýan edýär. 

Bedeniň gyzgynlygynyň 38 derejä çykmagy, birinji 48 sagadyň dowamynda sanjym edilen ýerde agyry – bular bedendäki immuno ulgamynyň herekete geçendigini aňladýan adaty reaksiýalardyr. Şol sebäpden hem bedende ysgynsyzlyk, agyry, kelle agyry bolmagy mümkin. Bu simptomlar derrew geçer. 

Ýöne, gynansakda, käbir edamlaryň immuno ulgamy ýalňyş işläp bilýär. Bu bolsa sanjyma bolan reaksiýanyň has güýçli we dowamly bolmagyna sebäp bolup bilýär.

Şeýle ýagdaýda HÖKMAN sanjym etdiren ýeriňize ýa-da maşgala lukmanyňyza ýüz tutuň!

 

COVID-19-a garşy sanjym uzak wagtlap goraýarmy?

Häzirki wagtda bu soraga takyk jogap bermek mümkin däl. Sebäbi COVID-19-a garşy sanjymlar ýaňy-ýakynda öndürildi. Hünärmenler immuno ulgamyň sanjyma berýän jogabyny seljerip, şeýle hem gaýtadan ýokuşmak ýagdaýlaryny öwrenip, antitelanyň bedende azyndan 1-2 ýyl durýandygy netijesini çykardylar. 

Haýsy ýagdaýlarda COVID-19-garşy sanjym almaly däl?

  • Allergiýanyň agyr görnüşleri bar bolsa. Öňki alynan sanjymlara reaksiýa ýa-da bökdençlik bolan ýagdaýynda
  • Ýiti infeksion ýa-da infeksion däl bolan ýarawsyzlyk
  • Hroniki keselleriň ýitileşen wagty
  • Immunodefisit, gan keselleri we bedendäki täze döremeler bar bolsa
  • Waksina ediljek wagty ýiti resporator keseli bar bolsa (ýa-da soňky iki hepdäniň içinde ýaramadyk bolsa)
  • Göwrelilik bar bolsa ýa-da emdirýän bolsaňyz

 

Sanjymy etdirmek bolýanyny ýa bolmaýanyny nädip bilmeli? 

Siz öz saglygyňyz barada ideg edýän bolsaňyz, onda allergiýaňyz ýa-da allergik reaksiýaňyzyň bardygyny, hroniki keselleriňiziň ýitileşen wagtyny, onkologiki keselleriň, ýiti infeksion we infeksion däl keselleriňiziň sanjym ediljek wagtynda bilýänsiňiz. Bularyň hemmesi sanjyma garşy görkezmedir. 

Eger bi sananlaryň hijisi ýok bolsa, hem-de ýiti respirator keseliňiz (we soňky 2 hepdäniň dowamynda dümewlemedik bolsaňyz), göwreli ýa-da emdirýän däl bolsaňyz, özüňizi gowy duýýan bolsaňyz - onda sanjym etdirmek bolýar. 

 

COVID-19-a garşy sanjymy näme üçin iki gezek urdurmaly?

Birinji sanjymdan 21 gün geçeninden soňra alynýan ikinji doza sanjymyň täsiriniň ýokary bolmagyny kepillendirmek üçin gereklidir. Gorag immuniteti ikinji sanjymdan soňra 90%-e çenli ýokarlanýar. 

 

Eger ikinji sanjyma baryp bilmezem näme etmeli?

Gorkuly zat ýok. Sizde gorag immuniteti diňe birinji sanjymdan soňra hem kemala geler, emma kän ýokary bolmaz. Sanjymyň ikinji dozasy güýçli we uzak wagta çenli dowam edýän gözenekleýin T immunitetini işjeňleşdirip, gorag ulgamyny güýçlendirýär we 90%-den gowrak gorag bilen üpjün edýär. 

 

Birlikde iki aýry sanjymy alyp bolýarmy? Mysal üçin, hem COVID-19-a garşy, hem-de dümewe garşy?

Gadagan däl. Ýöne sanjymlaryň täsiri adatdakysyndan pes bolar. Immuno ulgamy şol bada iki ugur boýunça işläp başlar, şol sebäpden hem, her sanjymyň peýdasy we onuň döredýän immuno jogaby has az bolar. 

Tapawutly kesellere garşy alynýan sanjymlaryň arasyna azyndan bir aý wagt salynmalydyr.

 

Immuno ulgamyny sanjym almazdan hem güýçlendirip bolýarmy?

Elbetde. Bu aňsat: sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeli, sagdyn iýmitlenmeli, wagtly-wagtyna dynç almaly, sport bilen meşgullanmaly, çilim çekmeli däl, alkogolly içgileri içmeli däl. Elbetde, bu agzap geçenlerimiz gönümel koronawirusa garşu immuniteti güýçlendirmese-de, islendik infeksiýa garşy bedeniň goranyş ukybyny güýçlendirýär. 

 

Haýsysy gowy: sanjym bilen dörän immunitetmi ýa-da tebigy immunitet?

Tebigy immunitet – bu immunitet belli bir keseliň daşardan bize geçmegi we ony başdan geçirenimizden soňra emele gelýär. Sanjym arkaly emele gelýän immuno jogaby hem, şol bir mehanizm arkaly kemala gelýär. Ýagny bu ikisiniň kän bir tapawut ýok. 

Tapawut käbir böleklerinde. Janly wirus ýokuşna ýagdaýynda keseliň agyr geçmek we gaýra üzülmelere sebäp bolmak riski ýokarydyr. Tebigy immunitet size “gymmat düşmegi” mümkin. 

Munuň bilen birlikde, sanjymlar kämilleşdirilende, olaryň immuno ulgamyna we bedene  ýetirip biljek zyýanly täsirleri heniz ilkinji tapgyrlarda aradan aýrylýar – heniz haýwanlarda barlanýan prekliniki prosesde we meýletinçileriň gatnaşmagynda geçirilýän irki tapgyrlarda. Sanjymdan soňra emele gelýän gaýra üzülmelere az gabat gelmek bolýar, keseliň agyr geçmei bolsa düýbünden görülmeýär. 

 

Koronawirus mutasiýa geçirip bilýärmi?

Wiruslar mutasiýa geçirmäge ýykgyn bolýar. Dümewe garşy wirus örän çalt mutasiýa geçirýär, şol sebäpden hem, oňa garşy sanjym her ýarym ýylda bir gezek täzeden işlenilýär. 

COVID-19 keseline sebäp bolýan SARS-CoV-2 wirusy hem mutasiýa geçirýär. Ýöne has haýal. Başdaky görnüşindäki bilen täzesiniň arasyndaky tapawudyň sany 30-dan 29,900 nukleotidden geçmeýär. Bu bar bolan sanjymlaryň wirusyň täze görnüşine garşy hem täsirli boljakdygyny aňladýar. 

 

Haçan bir agyz-burun örtüklerimizi çykaryp bileris?

Haçanda halkyň 60-70%-de COVID-19-a garşy immunitet kämilleşende. Ine, muňa bolsa “toparlaýyn immunitet” diýilýär. Diňe şeýle ýagdaýda, täze epidemiýanyň ýaýrama we kesellemek howpy pes hasaplanyp, agyz-burun örtükleri aýrylyp bilner. 

 

Näme üçin 18 ýaşdan kiçi adamlara ýa-da göwreli/çaga emdirýän zenanlara COVID-19-a garşy sanjym etdirmek bolmaýar?

Sebäbi bu toparlar bilen bagly geçirilýän ylmy-barlag işleri heniz tamamlanmady. Waksina öndürijiler heniz sanjymlaryň bu toparlara nähili täsir etjekdigini bilmeýärler, şol sebäpden hem, isldendik ýagdaýyň öňüni almak üçin maslahat bermeýärler. 

Belki ýakynda bu barlaglar netijelendiriler we sanjymlaryň bu toparlar üçin howpsuzdygy doly kesgitlener. Häzirlikçe iň gowusy töwekgelçilik etmän, özüňizi beýleki usullar bilen goramak: agyz burun örtüklerini dakynmak, howpsuz araçägi saklamak, gatnaşyklary azaltmak we arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek.

Related Content