Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

COVID-19 pandemiýasy döwründe dümewe garşy sanjym etdirmek hökmanmy?

COVID-19 pandemiýasy döwründe dümewe garşy sanjym etdirmek hökmanmy?

News

COVID-19 pandemiýasy döwründe dümewe garşy sanjym etdirmek hökmanmy?

calendar_today 14 February 2022

Möwsümleýin kesellere garşy göreşmekde dümewe garşy sanjym iň täsirli serişdeleriň biridir. 2020-nji ýylda bu has-da ähmiýetli, çünki ýene-de bir ýokanç kesel bolan COVID-19 pandemiýasy döwründe güýçli immunitetiň bolmagy zerur. Dümewe garşy sanjym – bu COVID-19-a garşy sanjym däl. Ýöne ol siziň immunitetiňizi ýiti respirator keselleriniň beýleki görnüşlerinden gorar.

 

Dümewe garşy sanjymy haçan etdirmeli?

Dümewe garşy sanjym howanyň üýtgeýän we keseliň ýokuşma howpy ýokarlanýan döwründe — ýazda we güýzde edilýär. Sanjym döwri, adatça sentýabr-oktýabrda başlanýar. Sanjymdan 14 günden soň netijeli immunitet döreýär. MÖHÜM! Dümewe garşy immunitet wagtyň geçmegi bilen gowşaýar, şonuň üçin hem sanjymy ýylda bir gezek etdirmeli. Dümewe garşy sanjymlaryň düzümi ŞOL DÖWÜRDE ýaýraýan ýokançlardan has netijeli ýagdaýda goragy üpjün etmek üçin her ýylda täzelenýär. Sanjymy dümew möwsümi başlamazyndan öň etdirseň has gowy. Ýöne möwsümiň ortasynda hem — hatda ýokanç keseller eýýäm ýaýran hem bolsa, sanjym almaga giç däl. Sanjym kesellemek we dümewiň agyr netijelerine sezewar bolmak howpuny peselder. Ýaşaýan ýeriňizdäki saglyk öýüniň maşgala lukmanyndan immunizasiýa kampaniýasynyň başlanýan wagtyny maslahatlaşyň.

 

Kime sanjym etmeli?

Islendik adam dümewläp biler. Ýöne dümewiň gaýrüzülmelerine sezewar bolup, düýpli kesellemä sezewar bolma howpy ýokary adamlar bar: ýaşulular, kiçi ýaşly çagalar, göwreli zenanlar (22 hepdeden ýokary möhletde) we hroniki keselli adamlar. Türkmenistanda bu adamlara sanjymlar salgyda duran ýerindäki saglyk öýlerinde MUGT edilýär. Maşgala lukmanynyň maslahaty hökman.

 

Sanjymy nirede etdirmeli?

Ähli isleg bildirýänler Aşgabatdaky Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde tölegli waksinalary alyp bilerler. Ýeke-täk talap – sanjym wagtynda sagdyn bolmaly. Şeýle hem sanjymy paýtagtda we welaýatlarda salgyda duran ýeriňdäki Saglyk öýlerinden alyp bolýar. Howp toparyna girýän adamlara sanjymlar MUGT edilýär.

 

GEÇIŞ

Dümewe garşy sanjym — dümewiň öňüni almakda we gaýraüzülmeleriň ýüze çykmak howpuny we hatda aýylganç netijeleriň howpuny peseltmekde bar bolan gurallaryň iň gowusydyr. Ol 18-64 ýaşlaryndaky sagdyn adamlaryň keselleme howpunyň ortaça 60%-niň öňüni alýar. Dünýä COVID-19 pandemiýasy zerarly ejir çekýän döwründe täze görnüşli koronawirusyň ýeke-täk kesel däldigini unutmaly däl. Öz saglygyňy mümkin bolan beýleki howplardan hem mazaly goramaly we immunitetiňi mümkin bolan ähli usullar bilen berkitmeli.

 

Related Content