You are here

Tutuş organizmiň işjeň ýagdaýda üýtgedip gurulmagy bolup geçýän pubertat döwürde: ulgamlaryň we organlaryň ählisi täze şertlere uýgunlaşýarlar. Bu bolsa ýürek-damar ulgamyna artykmaç agram salýar. Ýürege bu zatlara döz gelmäge nädip kömek etmeli?

 

Ýürege aşa agram düşmesi nädip döreýär?

Ýetginjeklik döwri — bu işjeň ösüş döwrüdir. Ýetginjekleriň köpüsi bir ýylda 10-15 santimetre çenli ösüp bilýär. Bu hili agramlarda ýürek hemişe hereketde bolup, damarlar gany aýlap, şol sanda kelle beýnä çenli aýlap «ýetişip» bilmeýär. Başaýlanma, kelle agyrylar we şuňa meňzeşler ýüze çykyp başlaýar.

Gormonal fonuň durnuksyzlygy hem ýürek-damar ulgamyň işine täsir edip biler.

Uly ýaşlylardan tapawutlylykda, ýetginjeklerde has ýygy-ýygydan ýüze çykýan alamatlar diňe bir döş agyryda däl, eýsem, başaýlanma, tiz ýadamak, gowşaklyk ýaly görnüşde hem ýüze çykyp bilýär. Kähalatlarda gan basyşyň birden ýokarlanýar, işdäň peselýär, hemişe ukuda gezýärsiň.

Bu eýýäm siziň kardiologa ýüz tutmagyňyz üçin sebäpdir.

 

Ýetginjegiň ýüreginiň işine  ýene-de näme täsir edip bilýär?

Bu günki gün mekdepde düşýän agram aşa köpdür. Çagalar sözüň doly manysynda «müňlerçe» tonna maglumaty özleşdirmeli bolýarlar, az dynç alyp, wagtynyň köp bölegini kompýuteriň başynda geçirmeli bolýarlar. Nerw ulgamy elmydama tonusda bolýar, beýni üznüksiz işleýär. Şol bir wagtda ýetginjekler az hereketli durmuş ýörelgesini ýöredýärler (gipodinamiýa), ýürege birsydyrgyn bolmadyk agram salýarlar. Bu bolsa döş töwereginde ýa-ha oňaýsyzlygy, ýa-da agyryny döredip bilýär.

Eger-de düşýän agramy kadalaşdyrmasaň, onda wagtyň geçmegi bilen dürli ýürek keselleri döräp biler. Eger ýürek gowşak bolsa, bu aýratyn hem şeýledir.

Häzirki zamanyň ýetginjeginiň iýmit rasiony-da ýagdaýy halas etmäge ýardam etmez —düzüminde köp mukdarda şeker saklaýan içgiler, çagalaryň söýüp içýän we möhüm synaglara taýýarlyk wagtynda, kähalatlarda bolsa, sapaklaryň arasynda arakesmelerde kabul edýän  energetikleri bar. 

Duzly ýagly iýmit, tiz garbanyşlar, hamyrly zatlar — bularyň ählisi damarlara ýaramaz täsir edýär.

 

Döşüň agyrmagynyň beýleki sebäpleri

Döşdäki agyrylar diňe bir ýürek meselelerine bilen bagly bolman hem biler.

Süňk-bogun ulgamynyň işjeň ösmegi hem döşde agyrynyň döremegine sebäp bolup biler. Bu döwürde myşsa galyby heniz ýeterlik berkemedik bolýar we oňurga aşa köp agram düşýär. Aşa köp agram düşse, ol egrelip başlaýar. Kähalatlarda bu ýagdaý nerwleriň gysylmagyna getirýär, bu hem ýiti sanjyly agyryny döredýär (prekardial sindrom). Bu agyry geçýär, munuň üçin ýöne bir turnikde sallanmak ýa-da ýatmak, ýagny oňurgany gowşadyp, «çekmek» ýeterlikdir.

Öýken ulgamynyň kesellemegi, dem gysma we öýkeniň kesellemegi — bronhit, plewrit, pnewmoniýa we beýlekiler, şeýle hem aşgazan-içege traktynyň keselleri döşde ýiti agyryny döredip biler.

Işjeň ösüş döwründe fiziki agram salma şikeslere we myşsalaryň çekilmegine, şol sanda döş kapasasynyň çekilmegine getirip biler. Ol ýerli agyry we çişme ähtimallygy bilen ýüze çykýar.

Galyberse-de, psihologik sebäpleri — dartgynlyk, nerw sarsgynlygy, aşa ýadamak. Şol sanda, olar hem döşde oňaýsyzlygy we agyryny döredip bilýär. 

 

Çaga nädip kömek etmeli?

Işjeň ösüş döwründe ene-atalar çagalaryna diýseň uly kömek edip bilerler. Ilkinji nobatda, tejribeli lukmandan maslahat sorap bilerler. Ol zerur bolan barlaglary we analizleri geçirer, bejergini we öňüni alyş çärelerini ýazyp berer, şeýle hem ýürek-damar ulgamyna düşýän agramy peseltmek boýunça anyk maslahatlary berer.

Mundan başga-da, ýetginjegiň kompýuteriň başynda geçirýän wagtyny günde 1,5-2 sagada çenli azaltmaly, tutuş maşgala üçin dogry iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini girizmeli, çagada mekdepden soň güýjüni dikeltmek üçin dynç almak medeniýetini (gadjetlersiz) ösdürmeli, bedeniň çäkli ýagdaýda ösmegi üçin sport (ýöne aşak köp bolmaly däl) maşklaryny girizmeli.

Iň bolmanda ýylda bir gezek çagaňyzy saglyk edaralaryndan geçirmegi unutmaň. Barlaglara elektrokardiogramma (EKG), ganyň we peşewiň umumy barlagy, kordiologyň gözegçiliginden geçmeklik girýär.

 

Arzaňyz bolan ýagdaýynda

Ýadyň ýaramazlaşmagy, ukuçyllyk, ýadawlyk, çaganyň işjeňlik ukybynyň peselmegi — pediatra ýa-da kardiologa ýüz tutmak üçin sebäpdir. Dermanlardan başga-da, size witaminleri hem ýazyp bilerler. Damarlar üçin goşmaça goldaw hökmünde bolsa — hünärmeniň gözegçiliginde bedenterbiýe sagaldyş maşklary bellenilip bilner.

Şulary maslahat berip bolar — suwda ýüzmeklik çaganyň fiziki ösüşine oňaýly täsir eder.

Artykmaç agramly çagalar — howp astynda. Çagaňyzyň iýmitini gözegçilikde saklaň. Göze gelüwli bedeniň diňe owadan bolman, eýsem, peýdalydygyny düşündirjek boluň.

Ýürek-damar ulgamy bilen bagly meseleler — fiziki işjeňlikden büs-bütin ýüz döndürmegi aňlatmaýar. Iň esasy zat, fiziki işjeňlik bilen lukman hünärmeniň gözegçiliginde meşgullanmakdyr. Ol hünärmen siziň üçin amatly maşklary saýlap berer we olaryň dogry ýerine ýetirilişine gözegçilik eder.

 

GEÇIŞ

Eger-de çagaňyz döşde agyry bar diýip arz edýän bolsa — bu howsala düşmek üçin esas däldir. Iň esasy zat — meseläni wagtynda ýüze çykarmak we onuň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamakdyr. Eger-de agyry haýsydyr bir has uly zadyň alamaty bolsa, onda keseliň irki döwründe bejergi almaklyk ýaramaz netijeleriň ählisini puja çykaryp biler.