Go Back Go Back
Go Back Go Back

Döwrebap erkekler bilen söhbetdeşlikler: başgalara ylham berýän hekaýalar

Döwrebap erkekler bilen söhbetdeşlikler: başgalara ylham berýän hekaýalar

News

Döwrebap erkekler bilen söhbetdeşlikler: başgalara ylham berýän hekaýalar

calendar_today 25 January 2024

Birnäçe treninga dik durup çykyş edýärler
Döwrebap erkekler bilen söhbetdeşlikler: başgalara ylham berýän hekaýalar

Deňlige tarap her bir ädimiň möhüm bolan dünýäsinde özgerişler her birimizden başlanýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Gender deňligi baradaky söhbetdeşligimiz ýönekeý bir sözleriň toplumy bolman, eýsem mertlik bilen öňe gidip, özleriniň we aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýan adamlaryň hakyky hekaýalarydyr.

Şeýlelikde, biz gündelik durmuşynda gender deňligini öňe sürýän birnäçe adamlar bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Olaryň kiçi hem bolsa ynamly ädimleri, dünýäde gender deňligini ilerledýän ädimlerdir.

Biziň birinji söhbetdeşimiz Kadyr Amanow. Ol “Erkekleri gender deňligini ösdürmäge we meýletinçiligi ösdürmäge çekmek” maksatnamasynyň işjeň meýletinçisi. Kadyr "Gender deňligi diňe bir aýallaryň hukuklary bilen çäklenmän, her bir adamyň gorkusyz we isleýşi ýaly ýaşamaga mümkinçiliginiň bolmagydyr” diýip ynanýar. Ol ýaşlar bilen gender deňligi  baradaky okuw sapaklaryna örän jogapkärli çemeleşýär.

Türkmen Döwlet Sport we Bedenterbiýe institutynyň uçurymy - 27 ýaşly Kadyr diňe bir tälimçili däl, eýsem göreldeli ýan-ýoldaş we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini we gender deňligi ösdürmek maksatnamasynyň işjeň meýletinçisi. Kadyr, “Gender deňligi we sagdyn durmuş ýörelgesi ýaşlaryň geljegi üçin, esasanam ýurduň ösüşi üçin örän möhüm” diýip hasaplaýar.

Kadyr ilkinji gezek gender deňligi barada UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilýeti tarapyndan gurnalan treninglarda eşidendigini aýdýar.  Kadyr: “Sapagyň başynda höwesim ýokdy we gender deňliginiň ähmiýetine ynanmandym, ýöne treningyň ahyryna çenli pikirlerim düýpgöter üýtgedi” diýp aýdýar. 

Bir ýylyň dowamynda Kadyr gender deňligi barada ençeme ýetginjeklere we uly ýaşly erkeklere birnäçe treninglary geçirdi. Öz treninglardaky tejribesi bilen paýlaşyp: “Ilkibaşda gatnaşyjylaryň aňyna ornaşan pikirleri üýtgetmek kynrak bolýar, ýöne 2-3 sapakdan soň olar gender deňliginiň maşgaladaky we jemgyýetdäki ähmiýetine düşünip başlaýarlar” diýip aýdýar. 

Kadyr diňe treninglar bilen çäklenenok. Ol öz kärdeşleriniň we dostlarynyň arasynda şeýle hem köpçüliklýen çärelerde, toýlarda we duşuşyklarda gender deňligi düşünjesi barada aýtmagyny dowam edýär. Ol “Dostlarym käwagt degişip “Kadyr Gender” hem diýp ýüzlenýärler diýýär. 

Jemgyýetde gender deňligini öňe sürmek bilen bir hatarda, Kadyr şeýle-de bu baradaky bilimlerini maşgalasynda hem ulanýar. “Ozal dostlarym myhmançylyga gelenlerinde, maşgalam saçak ýazýardy we nahar taýýarlady. Indi men onuň şahsy wagtyna hormat goýýaryn, şonuň üçin dostlaryma özüm hyzmat edýärin” diýip belleýär.

Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Kadyr: “Gender deňliginiň maşgalamdaky oňyn täsirini görüp başladym. Indi biz öýüň ähli işlerini bile edýäris we maşgalamyzdaky jogapkärçilikleri deň paýlaşýarys. Meniň gözüm bilen gender deňligi bu öz maşgalaňa söýgüni we sylagy görkezmegiň ýoly. Erkek kişi maşgalada abadançylygyň we parahatçylygyň girewidigine ynanýaryn” diýip aýtdy we “Maşgalaňdaky gender deňlik bu bagtly maşgala durmuşynyň açary eken” diýip sözüni jemledi.