Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Dümewi nädip bejermeli?

Dümewi nädip bejermeli?

News

Dümewi nädip bejermeli?

calendar_today 01 November 2021

Dümewi nädip bejermeli? BU SOWALA LUKMAN JOGAP BERMELI! Dümew ýiti respirator wirusly keseller toparyna degişli bolany üçin hem-de birnäçe gaýra üzülmeleri döredip bilýänligi üçin derman serişdeleri arkaly bejergi zerur bolan analizler tabşyrylandan soň, lukman hünärmeniň gözegçiligi astynda alynmalydyr.

Muňa garamazdan, birnäçe umumy maslahatlar hem bar.

 

Düşekde ýatyp alynýan bejergi düzgüni

Dümewi «aýak üstünden» geçirjek bolmaly däl. Birinjiden, güýçli intoksikasiýa, ýokary temperatura, agyry we gowşaklyk sizi göni manyda tapdan düşürip biler.

Ikinjiden, dümew örän ýokanç bolýar. Adamlaryň belli bir toparyna — göwreli zenanlara, demgysma kesellilere, ýürek-damar keselli adamlara dümew bilen kesellemeklik gaýra üzülmelere, hatda aşa agyr netijelere hem getirip bilýär.

 

Antibiotikler haýyr etmez

Antibiotikler dümewden haýyr etmez! Dümew – bu wirusdyr, antibiotikler bolsa bakterial ýokançlary bejermek üçin ulanylýan serişdelerdir.

Adam bedeninde ony goraýan köp sanly peýdaly bakterialar bar. Antibiotikler şolara garşy örän netijeli göreş alyp barýar. Dümewlän wagtyňyz bu aşa howpludyr — wirusa garşy göreşip tapdan düşen bedeniň peýdaly mikroflorasyna goşmaça urgy etmeklik artykmaç agram döredip bilýär. Şol sebäpli bejergi has uzaga çekip, o diýen netije bermän biler.

 

Temperaturany düşürjek bolmaly däl

Eger-de gradusnik uly adamda 39-dan aşak, çagada bolsa 38-den aşak bolsa, temperaturany düşürmäge synanyşmak gerek däl. Ýokarlanan temperatura — bu keseliň hüjümini serpikdirýän bedeniň gorag reaksiýasydyr. Gyzmak arkaly beden wiruslary ýok edýär. Iň gowusy, bu babatda beden päsgelçilik bermeli däl — düşekde ýatyp, aşa gyzmakdan saklanmaly.

 

Aşa gyzmaly däl

Eger-de temperatura ýokarlanan bolsa, gyzdyryş çärelerini — aýagy buga tutmak, gyzgyn ýapmak ýaly çäreleri geçirmeli däl. Hatda ýapynja çolanmak hem maslahat berilmeýär. Iň gowusy tebigy materiallardan (pagta, zygyr)  edilen gury egin-eşikler, jorap geýip, olar derlän wagty çalşyryp durmaly.

 

Köpräk suwuklyk içmeli

Dümewiň bejergisi köpräk suwuklyk talap edýär. Derläp, beden suw-duz deňagramlylygyny we öýjükleriň işini deňagramlaşdyrmak üçin zerur bolan suwuny ýitirýär.

Turşumtyk içgileri — limonly çaý ýa-da suw, kefir we ş.m. köpräk içmeli. Turşy gurşaw bakteriýalara köpelmäge ýol bermeýär.

 

Dogry iýmitlenmeli

Aslyýetinde dogry iýmitlenmeklik adamyň tutuş ömrüniň dowamynda zerurdyr. Dümew wagty bu has hem möhümdir. Ýeňiljek ajy bolmadyk iýmit, miwe we bakja önümleri zerur. Olar bedene aşa agram salmaz we iýmiti siňdirmek üçin artykmaç güýç talap etmez.

 

NETIJE

Dümew wirusy şeýle bir ýokary tizlik bilen özgerýär welin, ony ýeňiň geçmek häzir mümkin hasaplanylmaýar. Onuň netijesinde pnewmoniýa, ýürek we damar keselleri, şeýle hem rinit, sinusit, meningit ýaly keseller güýjeýär. 

Şonuň üçin hem lukmanyň maslahatlary näsag tarapyndan birkemsiz berjaý edilmelidir. Siz lukmanyň maslahatlaryna näçe eserdeňlik bilen eýerseňiz, şonça-da tiz sagalyp, kadaly durmuş ýörelgelerine dolanyp gelersiňiz.