Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Dürli ýaşdaky zenanlaryň saglygy (20 - 55)

Dürli ýaşdaky zenanlaryň saglygy (20 - 55)

News

Dürli ýaşdaky zenanlaryň saglygy (20 - 55)

calendar_today 26 March 2022

Hemmeleriň öz saglygy barada alada etmegi wajypdyr. Onuň üçin bolsa saglygyňa howp salyp biljek sebäplere üns bermekden başlap, ömrüňiziň her tapgyrynda saglyk barlaglaryndan geçmegiň zerurlygyny ýatda saklamalydyr.

 

Saglyk barlaglaryndan geçmek zerurdyr - haýsy ýaşda we haýsylardan geçmeli

Islendik ýaşda öz saglygyň barada bilmek wajypdyr! Ömrüňiziň dürli tapgyrlarynda yzygiderli barlaglardan geçmegiňiz zerurdyr! Lukmançylyk barlaglaryndan yzygiderli geçmek, keselleriň olary bejermek ähtimallygynyň ýokary derejesinden öň ýüze çykarylmagyna kömek berer. Öňüni alyş saglyk barlaglaryndan geçseňiz, siziň ömür dowamlylygyňyz artar we has sagdyn ýaşamagyňyza kömek eder. Siziň ýaşyňyz, saglyk ýagdaýyňyz we maşgaladaky taryhyňyz, siziň alyp barýan durmuş ýörelgäňiz (ýagny iýmitlenişiňiz, fiziki işjeňligiňiz we endikleriňiz), şeýle hem başga wajyp görkezijiler, siziň haýsy barlaglardan, nähili ýygylykda geçmelidigiňize täsirini ýetirýär.

 

Size gabat gelýän barlaglaryň takyk sanawyny diňe lukmanyňyz aýdyp biler

Maslahat berilýän barlaglar umumy bolup durýar we siziň kesel taryhyňyzy, maşgalaňyzda bar bolan kesel taryhlaryny nazara almak bilen, edil siziň özüňize gabat gelýän barlaglaryň takyk sanawyny taýýarlamakdan öň, maşgala lukmanyňyz ýa-da ginekolog lukman bilen maslahatlaşyň.

 

Öz taryhyňyzy biliň

Iki tarapdan öz maşgalaňyzyň kesel taryhlaryny biliň! Maşgalaňyzdaky keselleriň taryhyny bileňde, lukmana haýsydyr bir kesellere töwekgelçiligiňiziň derejesini kesgitlemek we oňa degişlilikde barlaglardan geçmegiňizi bellemek ýeňil bolar.

 

20 ÝAŞDAN SOŇ SAGLYK KARTASY (20-29 ýaş aralygy)

Bu ýaşda zenanlar üçin durmuşyň ajaýyp pursatlary has-da köp bolýar. Edil şu döwürde siz öz arzuwlaryňyzy we meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmäge başlaýarsyňyz. Siziň üstünligiňiziň girewi bolsa berk saglykdyr. Şol sebäpden öz saglygyňyz babatda ähmiýetli çözgütleri kabul etmäge başlamak wajypdyr.

 

20-29 ýaş aralygy: Geçmek maslahat berilýän saglyk barlaglary

  • Süýt mäzleriniň kliniki barlagy
  • Sowuklama keselleriniň barlygyna ginekologiki barlaglar
  • JÝGÝ (jynsy ýollary bilen geçýän ýokançlar) saglyk barlagy we çyrşagyň sitologiýasy (eger jynsy aragatnaşyklaryny saklaýan bolsaňyz)
  • Antropometriýa (agramy we boýy) – beden agramynyň indeksi
  • Arterial gan basyşy
  • Ganyň we peşewiň umumy barlagy
  • Ganda glýukozany kesgitlemek (eger töwekgellik faktorlary bar bolsa)
  • Öýkenleriň flýuorografiýasy
  • Ganyň gepatite we AIW-e barlagy
  • EKG
  • Kiçi çanaklygyň agzalarynyň USB Her aýda (özbaşdak): Her aýbaşydan soňra süýt mäzlerini barlamaly - lukmanyňyzdan nähili barlamalydygny soraň. Şular ýüze çykarylanda: agyrylar, gatama, gyzarmalar, maşgala lukmanyňyza ýüz tutmaly. Barlaglaryň birnäçeleriniň gowy hilli geçirilmegi üçin aýratyn taýýarlygy talap edýärler (mysal üçin aýbaşy fazasyny göz öňüne tutmagy, sowuklamanyň ýa-da ýoňlamanyň ýoklugy, barlaglary tabşyrmagyň öňünden ýagly iýmitden we spirtli içgilerden saklanmagy we ş.m.). Şol sebäpden özüňiziň bejeriş lukmanyňyzyň maslahatlaryny berk berjaý etmelidir.

 

20-29 ýaş aralygy: Näme üçin barlagdan geçmeli? Bu ýaşda saglyk üçin bolup biljek howplar.

Lukmanyň ýanyna gitmeli wagtyňyzy goýbermäň. Eger sizde hatda agyr keseller ýok bolsa hem, keseliň öňüni almak üçin öňüni alyş barlaglaryndan wagtynda geçmegiňiz wajypdyr. Bu ýaşda saglyk üçin bolup biljek howplar: - Gan azlyk - Jynsy ýollary bilen geçýän ýokançlar - Adamyň papilloma keseliniň wirusy

 

20-29 ýaş aralygy: Saglyk üçin maslahatlar, ýagny Reproduktiw saglyk otaglaryna haýsy meseleler bilen ýuzlenmeli?

Aýbaşy sikliniň bozulmasy Jyns ýollary bilen geçýän ýokançlaryň öňüni almak we bejermek Siz üçin gabat gelýän kontrasepsiýa usulyýetini saýlamak Maşgalany meýilleşdirmek Eger siz göwreli bolmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, göwrelilige taýýarlanmak üçin lukman bilen gürleşiň. Göwreliligi meýilleşdirmekden öň ýokarda sanalyp geçilen barlaglardan geçmek wajypdyr, çünki şeýle etseňiz, göwrelilik döwründe gaýry üzülmeleriň ýüze çykmak howpuny ähmiýetli azaldar.

 

30 ÝAŞDAN SOŇ SAGLYK KARTASY (30-39 ýaş aralygy)

Işiň, maşgalanyň we beýleki borçlaryň arasynda sazlaşyk tapmak kyn bolýar. Siziň gün tertibiňiz nähili hem bolsa-da – öňüni alyş saglyk barlaglaryndan geçmek zerur we olary sypdyrmaň! Sagdyn zenan – sagdyn maşgaladyr!

 

30-39 ýaş aralygy: Geçmek maslahat berilýän saglyk barlaglary

  • Süýt mäzleriniň kliniki barlagy we/ýa-da USB)
  • JÝGÝ (jynsy ýollary bilen geçýän ýokançlar) saglyk barlagy we ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döreme keseline PAP-barlagy
  • Kolposkopiýa (zerur ýagdaýlarda)
  • Ganyň we peşewiň umumy barlagy
  • Oftalmologiki (göz lukmanyň) barlagy Ganda glýukozanyň barlagy
  • Ganda umumy holesterini kesgitlemek
  • Ganyň lipid profilini barlamak;
  • Flýuorografiýa
  • EKG
  • Kiçi çanaklygyň we garyn boşlugynyň agzalarynyň USB (reproduktiw agzalar, bagyr, öt halta, aşgazan asty mäzi we böwrekler)
  • Galkan şekilli mäziniň funksiýalarynyň barlaglary Her aýda (özbaşdak): Her aýbaşydan soňra süýt mäzlerini barlamaly - lukmanyňyzdan nähili barlamalydygny soraň. Şular ýüze çykarylanda: agyrylar, gatama, gyzarmalar, maşgala lukmanyňyza ýüz tutmaly. Barlaglaryň birnäçeleriniň gowy hilli geçirilmegi üçin aýratyn taýýarlygy talap edýärler (mysal üçin aýbaşy fazasyny göz öňüne tutmagy, sowuklamanyň ýa-da ýoňlamanyň ýoklugy, barlaglary tabşyrmagyň öňünden ýagly iýmitden we spirtli içgilerden saklanmagy we ş.m.). Şol sebäpden özüňiziň bejeriş lukmanyňyzyň maslahatlaryny berk berjaý etmelidir.

 

30-39 ýaş aralygy: Näme üçin barlagdan geçmeli? Bu ýaşda saglyk üçin bolup biljek howplar.

Lukmanyň ýanyna gitmeli wagtyňyzy goýbermäň. Eger sizde hatda agyr keseller ýok bolsa hem, keseliň öňüni almak üçin öňüni alyş barlaglaryndan wagtynda geçmegiňiz wajypdyr. Bu ýaşda saglyk üçin bolup biljek howplar: - Süýt mäzleriniň howply täze döremesi: Eger siziň maşgalaňyzda kimdir bir süýt mäziniň howply täze döreme keseli bilen kesellän bolsa, lukman bilen gürleşiň we size mammografiýa barlagyndan geçmegi maslahat bererler. - Ýüregiň işemiýa keseliniň başlamagy - Dowamly pankreatit, baş keseli ýa-da öt-daş keseli - 2-nji görnüşli diabet keseli

 

30-39 ýaş aralygy: Saglyk üçin maslahatlar, ýagny Reproduktiw saglyk otaglaryna haýsy meseleler bilen ýuzlenmeli?

Aýbaşy sikliniň bozulmasy Jyns ýollary bilen geçýän ýokançlaryň öňüni almak we bejermek Siz üçin gabat gelýän kontrasepsiýa usulýetini saýlamak Maşgalany meýilleşdirmek Eger siz göwreli bolmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, göwrelilige taýýarlanmak üçin lukman bilen gürleşiň. Göwreliligi meýilleşdirmekden öň ýokarda sanalyp geçilen barlaglardan geçmek wajypdyr, çünki, şeýle etseňiz, göwrelilik döwründe gaýry üzülmeleriň ýüze çykmak howpuny ähmiýetli azaldar. Önelgesizlik Eger siz bir ýylyň dowamynda göwreli bolup bilmeseňiz, lukmana ýüz tutmak wajypdyr.

 

40 ÝAŞDAN SOŇ SAGLYK KARTASY (40-49 ýaş aralygy)

40 ýaş – bu aýalyň ömrüniň wajyp geçiş döwrüdir. Bu ýaşda gutulgysyz üýtgeşmeleriň biri bu menopauzanyň başlamagydyr.

 

40-49 ýaş aralygy: Geçmek maslahat berilýän saglyk barlaglary

Süýt mäzleriniň kliniki barlagy Mammografiýa JÝGÝ (jynsy ýollary bilen geçýän ýokançlar) saglyk barlagy PAP-barlagy Kolposkopiýa (zerur ýagdaýlarda) Ganyň we peşewiň umumy barlagy Gözüň içindäki basyşy ölçemek Ganda glýukozanyň barlagy Ganda umumy holesterini kesgitlemek Ganyň lipid profilini barlamak Flýuorografiýa EKG Kiçi çanaklygyň we garyn boşlugynyň agzalarynyň USB (reproduktiw agzalar, bagyr, öt halta, aşgazan asty mäzi we böwrekler) Galkan şekilli mäziniň funksiýalarynyň barlaglary Kolonoskopiýa Her aýda (özbaşdak): Her aýbaşydan soňra süýt mäzlerini barlamaly - lukmanyňyzdan nähili barlamalydygny soraň. Şular ýüze çykarylanda: agyrylar, gatama, gyzarmalar, maşgala lukmanyňyza ýüz tutmaly. Barlaglaryň birnäçeleriniň gowy hilli geçirilmegi üçin aýratyn taýýarlygy talap edýärler (mysal üçin aýbaşy fazasyny göz öňüne tutmagy, sowuklamanyň ýa-da ýoňlamanyň ýoklugy, barlaglary tabşyrmagyň öňünden ýagly iýmitden we spirtli içgilerden saklanmagy we ş.m.). Şol sebäpden özüňiziň bejeriş lukmanyňyzyň maslahatlaryny berk berjaý etmelidir.

 

40-49 ýaş aralygy: Näme üçin barlagdan geçmeli? Bu ýaşda saglyk üçin bolup biljek howplar.

Bu ýaşda ýüregiň işemiýa keseliniň, ýatgydaky onkologiýa hadysalaryny, süýt mäzleriniň we ýumurtgalyklaryň howply täze döremesiniň, şeýle hem endokrin we süňk ulgamlarynyň keselleriniň öňüni alyp bolýar. Bu ýaşda saglyk üçin bolup biljek howplar: - Ýürek-damar ulgamynyň keselleri Ýürek-damar keselleri (ÝDK) bütin dünýäde aýallaryň ölüminiň esasy sebäbi bolup durýar - Süýt mäzleriniň howply täze döremesi Süýt mäzleriniň howply täze döremesi – dünýäde aýallarda ýüze çykýan howply täze döremeleriň iň giňden ýaýran görnüşidir. - Ýumurtgalyklaryň howply täze döremesi

 

40-49 ýaş aralygy: Saglyk üçin maslahatlar, ýagny Reproduktiw saglyk otaglaryna haýsy meseleler bilen ýuzlenmeli?

Perimenopauza diýmek näme? Perimenopauza ýa-da menopauza geçişi, aýalyň aýbaşy siklindäki üýtgeşmelerden we menopauzanyň başga alamatlaryndan başlanýar. Menopauzanyň geçiş döwri 6 ýyla çenli dowam edip biler we käbir aýallarda ondan hem köp dowam edip biler. Alamatlary: - Essiň aýylmagy - Döşünde agyryly duýgular - Jyns gatnaşygyna höwesiň peselmegi - Ýadawlyk - Aýbaşylary yzygiderli däl - Jynshanasynyň guraklygy - Peşewini saklap bilmezlik - Keýpiniň üýtgemegi - Ukusynyň bozulmasy Lukman bilen gürleşiň, eger... Sizde menopauzanyň alamatlary başlanan bolsa. Bu döwüriň geçişini ýeňilleşdirmek üçin ginekolog bilen gürleşiň.

 

50 ÝAŞDAN SOŇ SAGLYK KARTASY

50 ýaşdan soňky ömür – bu täze mümkinçilikleriň döwri. Emma bu wagt hem siz özüňize we öz saglygyňyza köp üns bermeli. Mümkin siz edil öňkiňiz ýaly gujurly dälsiňiz, emma özüňiz üçin gabat gelýän sapaklary we sportuň görnüşlerini agtarmagy dowam ediň.

50 + : Geçmek maslahat berilýän saglyk barlaglary

  • Süýt mäzleriniň kliniki barlagy
  • Mammografiýa
  • JÝGÝ (jynsy ýollary bilen geçýän ýokançlar) saglyk barlagy PAP-barlagy
  • Kolposkopiýa (zerur ýagdaýlarda)
  • Ganyň we peşewiň umumy barlagy
  • Gözüň içindäki basyşy ölçemek
  • Ganda glýukozanyň barlagy
  • Ganyň lipid profilini barlamak;
  • Öýkenleriň rentgeni
  • Ýürek ritminiň bozulmalaryny ýüze çykarmak üçin EKG
  • Kiçi çanaklygyň we garyn boşlugynyň agzalarynyň USB (reproduktiw agzalar, bagyr, öt halta, aşgazan asty mäzi we böwrekler)
  • Galkan şekilli mäziniň funksiýalarynyň barlaglary
  • Kolonoskopiýa
  • Densitometriýa (osteoporozyň öňüni almak üçin süňkleriň dykyzlygyny barlamak)
  • Dermatologiki serediş Her aýda (özbaşdak): Her aýbaşydan soňra süýt mäzlerini barlamaly - lukmanyňyzdan nähili barlamalydygny soraň. Şular ýüze çykarylanda: agyrylar, gatama, gyzarmalar, maşgala lukmanyňyza ýüz tutmaly. Barlaglaryň birnäçeleriniň gowy hilli geçirilmegi üçin aýratyn taýýarlygy talap edýärler (mysal üçin aýbaşy fazasyny göz öňüne tutmagy, sowuklamanyň ýa-da ýoňlamanyň ýoklugy, barlaglary tabşyrmagyň öňünden ýagly iýmitden we spirtli içgilerden saklanmagy we ş.m.). Şol sebäpden özüňiziň bejeriş lukmanyňyzyň maslahatlaryny berk berjaý etmelidir.

 

50+: Näme üçin barlagdan geçmeli? Bu ýaşda saglyk üçin bolup biljek howplar.

  • Ýürek-damar ulgamynyň keseli
  • Insult
  • Ýumurtgalyklaryň howply täze döremesi
  • Osteoporoz
  • Ýogyn içegäniň howply täze döremesi Içegäniň endoskopiýa barlaglary howply täze döremäni irki döwürlerde ýüze çykarar.

 

50+: Saglyk üçin maslahatlar, ýagny Reproduktiw saglyk otaglaryna haýsy meseleler bilen ýuzlenmeli?

Menopauzanyň alamatlary: Beýle geçiş döwrüniň geçmegini ýeňilleşdirmek üçin ginekologyňyz bilen gürleşiň, maslahatlary we gerekli bejergini almaly. Klimaksyň alamatlarynyň agyrlygy boýunça dürli derejeleri 50 ýaşdan uly aýallaryň 40-60% duş gelýär. Osteoporoz Aýallar erkekler bilen deňeşdirilende osteoporoza üç esse ýygylykda meýilli bolýarlar. Aýallaryň süňkleriniň agramynyň pes derejesi, şeýle hem menopauza wagtynda gormonlardaky üýtgeşmeler onuň esasy sebäbi bolup gulluk edýär. Süňkleriň dykyzlygynyň we berkliginiň azalmagy, hatda kiçijik şikeslerde hem döwükleriň ýokary töwekgelligine getirýär. Özüňizi söýüň! Menopauza wagtynda siziň daş sypatyňyz üýtgäp biler. Emma edil şu ýaşda aýal gülleýär, we durmuşda toplanylan tejribesine laýyklykda, onda özüne bolan ynam peýda bolýar. Şol sebäpli aýalda oňa öz ýaşyndan ýaş görünmegine kömek berýän mähirlilk, mylaýymlyk peýda bolýar.

 

ÖŇÜNI ALYŞ SAGLYK BARLAGLARYNY NIREDE GEÇIP BOLÝAR?

Şu bukletde dürli ýaşly aýallar üçin maslahat berilýän öňüni alyş saglyk barlaglaryny, öz maşgala lukmanyňyza ýüz tutup, özüňize golaýdaky saglyk öýünde geçip bolýar. Zerur ýagdaýda lukman size has giňişleýin barlaglardan geçmegiňiz üçin ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralaryna iberip biler. Ýadyňyzda saklaň - Maslahat berilýän barlaglar umumy bolup durýar we siziň kesel taryhyňyzy we siziň maşgalaňyzda bar bolan kesel taryhlaryny nazara almak bilen, edil siziň özüňize gabat gelýän barlaglaryň takyk sanawyny taýýarlamakdan öň, maşgala lukmanyňyz ýa-da ginekolog lukman bilen maslahatlaşyň.

 

REPRODUKTIW SAGLYGYNA HUKUKLAR, bu adamyň aýrylmaz hukugydyr

REPRODUKTIW SAGLYGYNA HUKUKLAR, bu adamyň aýrylmaz hukugydyr

– näçe çaga etmegi, nähili ýygylykda we haçan etmegi özüniň meýletin çözmegi üçin hukugydyr. Şeýle hem bu hukuga eýelik etmek üçin saglygy goraýyşyň gowy hilli maglumatlary we berilýän hyzmatlary bilmeli

– özüniň maşgalasyny meýilleşdirmek üçin we öz saglygy babatda sowatly çözgütleri kabul etmek üçin bilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň kesgitlemesine laýyklykda “maşgalany meýilleşdirmek” öz içine, birnäçe wezipeleriň çözülmegine gönükdirilýän çäreleriň toplumyny alýar:

  • islenilmeýän göwrelilikden saklanmak;
  • diňe islenilýän çagaly bolmak;
  • göwrelilikleriň arasyndaky aralyklary sazlamak;
  • çaganyň dogulmaly wagtyny ene-atasynyň ýaşyna baglylykda saýlamak;
  • maşgaladaky boljak çagalaryň sanyny anyklamak. Jübütler islenilmeýän göwrelilikden goranmagyň temasyny açaçanlykda ara alyp maslahatlaşmalydyrlar we özüňiz üçin çaga galmagyndan goranmak üçin gabat gelýän usuly dogry saýlamak üçin reproduktiw saglyk merkezinde we otagynda işleýän lukmana ýüz tutmalydyrlar.

 

Her bir zenanyň we jübütiň şu aşakdakylar barada bilmäge hukugy bardyr:

• Dogrumlaryň arasyndaky aralyk azyndan 2-1,5 ýyl bolmaly; bu zenana, gelejekki dogrumlar üçin özüniň güýjüni dikeltmäge, özüniň saglygyny we gelejekkei çagalarynyň saglygyny saklamaga mümkinçilik berer.

• Çaga aýyrtmak maşgalany meýilleşdirmegiň usulýeti däldir, we kontrasepsiýanyň häzirki zaman usulýetlerini ulanyp, çaga aýyrtmakdan saklanyp bolýar. Şeýle hem çaga aýyrtmagyň we ikilenji önelgesizligiň arasynda özara baglanyşyk bolýar.

• Kontrasepsiýanyň ol ýa-da başga usulýetini ulanmak barada çözgüdi, siz hemme kontraseptiw serişdeleri barada bileniňizden we hünärmen bilen maslahatlaşanyňyzdan soňra kabul etseňiz gowy bolar. • Jyns ýoly bilen geçýän ýokançlar, köplenç ýagdaýda erkeklerde we aýlallarda önelgesizlige sebäp bolýar. Prezerwatiw ulansaňyz, Size ýokançlaryň ýokuuşmagyndan goranmaga kömek berer we şol bir wagtyň özünde Sizi islenilmeýän göwrelilikden gorar.

 

Türkmenistanda reproduktiw saglygy ugrunda hödürlenilýän hyzmatlar

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda aýallaryň we erkekleriň reproduktiw saglygy merkezleriniň we otaglarynyň 94 sanysy hereket edýär. olara är-aýal jübütleri we şahsy adamlar şu aşakdaky hyzmatlar üçin ýüz tutup bilýärler:

  • Maşgalany meýilleşdirmek we özüňiz üçin gabat gelýän kontrasepsiýa usulýetini saýlamak
  • Ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döreme keselleriniň öňüni almak
  • Jyns ýollary bilen geçýän ýokançlaryň öňüni almak we bejermek
  • Ýetginjekleriň reproduktiw saglygy • Andrologiýa – erkekleriň reproduktiw saglygy
  • Aýbaşy sikliniň bozulmasy
  • Önelgesizlik Howply topara degişli aýallar şeýle hem sagdyn göwreliligi meýilleşdirmek üçin kontrasepsiýanyň maslahat berilýän usulýetlerini alyp bilerler.

 

Howply topara degişli aýallar

Howply topara degişli aýallar şeýle hem sagdyn göwreliligi meýilleşdirmek üçin kontrasepsiýanyň maslahat berilýän usulýetlerini alyp bilerler

  • Sizde bu ýagdaýlar bar bolsa, siz howply topara degişli:
  • Ýokanç keselleri
  • Howply täze döremeler
  • Ganazlyk 3-nji dereje
  • Endokrin ulgamynyň keselleri
  • Diabet
  • Ýürek-damar ulgamynyň keselleri
  • Aşaky dem alyş ýollarynyň hroniki keselleri
  • Başga keseller (maşgala hem-de reproduktolog lukman tarapyndan tassyklanan keseller we ýagdaýlar)

 

Reproduktiw saglyk merkezlerini we otaglaryny nireden tapmaly?

Аşgabat şäherde ýaşaýan gelin-gyzlar we maşgala jübütleri:

MILLI NESIL SAGLYGY MERKEZI Enäniň we çaganyň saglygy goraýyş merkezi – Görogly k., 80; telefon (+993 12) 36-95-22; 36-91-74; 36-82-31.

AŞGABAT ŞÄHER ÇAGALAR HASSAHANASY 1997 (Garaja Burynow) köç., 29-njy jaý, telefony (80012) 92-72-14

HALKARA SAGLYK MERKEZLERI MÜDIRIÝETI Ene mähri merkezi - Berzeňňi, Arçabil saýoly, telefony (80012) 48-93-03.

Siziň saglyk öýüňizde ýerleşýän REPRODUKTIW SAGLYK OTAGLARY

 

Welaýat merkezlerinde ýaşaýan gelin-gyzlar we maşgala jübütleri:

AHAL WELAÝATY Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi – Aşgabat ş., Abadan etraby, Arçman köç., 15a jaý, telefony (80012) 33-53-44 BALKAN WELAÝATY

BALKAN WELAÝATY Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi – Balkanabat ş., 189 kwartal

DAŞOGUZ WELAÝATY Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi – Daşoguz ş., Aşgabat köç., 2/3-nji jaý, telefony (800322) 2-22-34

LEBAP WELAÝATY Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi – Türkmenabat ş., Mollanepes köç., 44 jaý, telefony (800422) 9-21-14

MARY WELAÝATY Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi – Mary ş., Bitaraplyk köç, 32-nji jaý, telefony (800522) 5-25-66.

Etraplarda we obalarda ýaşaýan gelin-gyzlar we maşgala jübütleri: Saglyk öýlerinde ýa-da etrap hassahanasynda ýerleşýän REPRODUKTIW SAGLYK OTAGLARY