Go Back Go Back
Go Back Go Back

Düwürtikleri bejermekde 10 ädim: haýsy lukmana ýüz tutmaly?

Düwürtikleri bejermekde 10 ädim: haýsy lukmana ýüz tutmaly?

News

Düwürtikleri bejermekde 10 ädim: haýsy lukmana ýüz tutmaly?

calendar_today 21 September 2021

Ýüzüne, arkasyna ýa-da döşüne akne (düwürtik) ýaýrawyny gören badyna ýetginjekleriň aglabasy dükandan ugurdaş ähli kosmetikany almaga topulýarlar. Ýöne kähalatlarda mesele has düýpde ýerleşýär. Deriniň bu keselinden saplanmak üçin biz haýsy lukmana ýüz tutmalydygyna we haýsy analizleri tabşyrmalydygyna seredip geçeris.

 

Akne (düwürtik) keseliniň formasy

Jahyllyk aknesi (düwürtigi) her ýetginjekde dürlüçe geçýär. Muňa garamazdan, onuň örňemeginiň islendik görnüşini hem (düwünli, iriňli) öz ugruna goýbermeli däldir.

Dermatolog lukmanlary akne (düwürtik) keseliniň agyrlygyny 3 derejede kesgitleýärler:

  • Ýeňil dereje. Munda ýüzüňde 10 düwürtikden köp bolmaýar, olar bir ýerde jemlenmeýär we agyrmaýar.
  • Orta dereje – 30 düwürtige çenli.
  • Agyr dereje – 30-dan köp düwürtik bolup, olardan soň yz, çapyk we tegmil galýar.

 

Haçan lukmana ýüz tutmaly?

Eger-de sizi bimaza edýän bolsa, akneniň (düwürtigiň) islendik görnüşinde hem lukmana ýüz tutup bolar. Emma orta we agyr derejede bu kesel hemişelik hünärmen gözegçiligini talap edýär.

 

Kime ýüz tutmaly?

Ilkinji nobatda etmeli zadyňyz — terapewte we dermatologa ýüz tutmaly. Lukmanlar anamnez toplap, size standart analizleri bellärler. Soňra, kliniki sudura we akneniň (düwürtigiň) geçişini agyrlyk derejesine baglylykda, goşmaça barlaglar belleniler we beýleki hünärmenlere — endokrinologa, ginekologa, newropotologa ugrukdyrma ýazyp berer.

Anamneziň, gözden geçirişiň we analiziň netijeleriniň esasynda zerur bolan bejergi saýlanyp alnar.

 

Bu nähili bolup geçýär?

Dermatolog lukman (ýa-da dermatowenerolog) hökmany suratda size sorag berip başlar. Mysal üçin, düwürtikler ilkinji gezek haçan ýüze çykdy, olar sizi näçeräk wagt bäri bimaza edip gelýär, «gowşamak» döwürleri barmy we siz muny näme bilen baglanyşdyrýarsyňyz, düwürtikleriň öň nädip bejerýärdiňiz we onuň netijesi nähili, akne bilen siziň ýakyn garyndaşlaryňyz hem keselläpdimi, sizde allergiýa, somatiki neslegeçiji keseller we deri keseli barmy, haýsy derman serişdelerini kabul edýärsiňiz, haýsy ideg we dekoratiw serişdelerinden peýdalanýarsyňyz, peroral kontroseptiwlerden (goragdan) peýdalanýarsyňyzmy. Mundan başga-da, gyzlarda ginekologiki anamnez — ýagny, aýbaşy aýlawynyň bozulmagy, göwrelilik, ginekologiki keseller we beýlekiler anyklanylýar. Maşgaladaky orny, iş ýeri, howanyň üýtgemegi hem möhüm bolup biler. mümkin boldugyndan her bir soraga anyk we hiç zat ýaşyrmazdan jogap bermäge çalşyň — bu keselden saplanmak siziň bähbidiňizedir. 

Geň bolup biler, ýöne dermatolog bedeniň ähli ýerini gözden geçirmeli. Lukman artykmaç agramyň barlygyna we tiz derlemeklige hem üns berip biler.

Ýaýrawyň özüni — çiş we çiş däl elementleri, lokalizasiýasyny (ýerleşýän ýerlerini), çişleriň mukdaryny, ýaýrawyny, postakneniň barlygyny (kesikleri, gipo- we giperpigmentasiýa) öwrenip — lukman akneniň derejesi barada we keseliň ýaýbaňlanyş agyrlygy barada netije çykarýar. 

Gözden geçirmekligiň we anamneziň esasynda beýleki hünärmenlere ugrukdyrma berilýär.

 

Goşmaça analizler

Gan analizinden başga-da, kä ýagdaýlarda goşmaça barlaglar hem zerur bolup biler. Bu barlaglar içerki organlaryň ýagdaýy we bedeniň umumy işjeňligi barada habar berer: kiçi taz organlarynyň, galkan şekilli mäziň, ultrases barlagy, immunogramma we ş.m.

Dermatolog şeýle hem demodekoza soskop, pustulyň düzüminiň mikroskopiki barlagyny, eger-de munuň üçin görkezijiler bolsa, onda antibiotiklere duýgurlygy kesgitlemek bilen gurşawy bellemekligi ýazyp biler.

Aknesi bolan aýal ýa-da erkek adam hökmany suratda psihoterapewtden ýa-da newrologdan maslahat almaly, nerw ulgamdaky meseleleri we psihoemosional ýagdaýdaky (galagoplyk, göwnüçökgünlik, aknefobiýa, sosial uýgunlaşmazlyk, okuwda ýa-da işde aragatnaşyk etmekdäki kynçylyklar) meseleleri ýüze çykarmak üçin-hä, ikisine hem ýüz tutsaň gowy bolar. Bu ýagdaýlar hem akneniň döremegi üçin çeşme bolup biler.

 

A kosmetolog näme?

Kosmetolog — lukman däl, muňa garamazdan, akneni bejermekde örän möhüm hünärmen. Ol hut deriniň özüni bejerýär, öý şertleri üçin bejergini we zerur bolan proseduralary ýazyp berýär. Lukmana we kosmetologa ýüz tutmaklyk bejerginiň hilini düýpli ýokarlandyrýar.

 

Kesel anyklanylandan soň

Haçan-da barlaglaryň we analizleriň ählisi geçirilenden soň, lukmanlar keseli kesgitleýärler we degişli bejergini belleýärler. Düwürtikli adam birbada birnäçe hünärmende hem, bir hünärmenden hem bejergi alyp biler. Düwürtikleri bejermegiň dogry ýoluny saýlap almak üçin hünärmenleriň ählisiniň hem maslahatlary we teklipleri örän wajypdyr.

Bejergi örän köp wagty öz içine alýar we ýagdaýlar kadalaşandan soň hem ony bes etmeli däl.

 

Eger-de analizleriň ählisi kadaly bolup, düwürtikler şonda-da çykýan bolsa näme?

Analizler kadaly bolup, düwürtikler heniz hem çykyp duran ýagdaý analizleriň hemmesiniň tabşyrylmadyklygyna ýa-da hünärmenleriň ählisi boýunça barlaglaryň doly geçirilmänligine şaýatlyk edip biler.

Eger-de ähli zat aňrybaş derejede edilen bolsa we düwürtikleriň döremeginiň sebäbi anyklanylmadyk bolsa, onda akneniň ýüze çykmagynyň sebäbi neslegeçijilikde bolup biler.

Düwürtikleriň döremegi nerw we wegetodamar ulgama aşa agram düşmegi bilen hem bagly bolup biler, şonuň üçin hem beýleki analizleriň ählisi kadaly bolan ýagdaýynda newropotolog we psihoterapewt lukmanyndan maslahat almak örän wajypdyr. Analizleriň kadaly bolan ýagdaýynda düwürtikleriň bejergisi, esasan, deri ýagynyň işlenip çykmasyny azaltmaklyga, giperkeratoza garşy göreşmeklige we derä öý şertlerinde dogry idegi saýlamaklyga gönükdiriler.

 

Düwürtikler diňe aýbaşy döwründe peýda bolýar

Hawa, gyzlarda düwürtikleriň çykmagy aýbaşy aýlawy bilen hem bagly bolup biler. Gormonal bozulmalar ýag mäzleriniň reseptorlarynyň duýgurlygynyň bozulmagyna täsir edip biler we deri ýagynyň bölünmeginiň artmagyna getirip biler. Aýbaşy bilen bagly akneni bejermegiň düzgünleri gormonal fony kadalaşdyrýan oral kontroseptiwlerden (OK) peýdalanmaklygy öz içine alýar. Emma olaryň kabul edilmegi HÖKMANY SURATDA lukman tarapyndan gözegçilikde saklanylmalydyr!

 

Derä ideg etmegiň umumy kadalary

Ýatda saklaň, akne — bu kesel, we ony lukmanyň kömegi bilen bejermeli! Emma dogry öý bejergisinden hem ýüz öwürmeli däl. Bu hili bejergi hem deriniň ýagdaýyny düýpli gowulandyryp we düwürtik keseliniň toplumlaýyn bejergini ýeňilleşdirip biler.

Her gün irden we agşam arassalaýjy serişdelerden peýdalanyň, şeýle hem gündizki we gijeki kremleri ulanyň. Kosmetologyň gözegçiligi astynda maskalary we piling ediň.

Kadaly iýmitlenmek, ornuny tutup bolmaýan ýag turşulyklaryna baý bolan deňiz önümlerinden we ösümlik ýagyndan iýmitlenmeklik, fiziki işjeňlik, zyýanly endiklerden ýüz öwürmeklik akneniň ýüze çykmagynyň öňüni alyş çäresi bolup biler.

Şeýle hem «kamedogen däl» belligi bolan kosmetika üns bermeli. Bu hili kosmetika öýjükleriň dykylmagyna getirmeýär. Emma bu kosmetikany hem, edil beýlekiler ýaly, ýüzüňden ýörite serişde bilen ýuwup aýyrmaly.

Ýokary Gün işjeňlik döwründe Günden goraýan kremlerden peýdalanmagy, ýanyň bilen başgap ýa-da saýawan almagy unutmaly däl.

 

GEÇIŞ

Biziň ählimiz hem töwerekdäkilere, ilkinji nobatda bolsa, özümize gowy görnesimiz gelýär. Daşky görnüş bolsa, munda möhüm orna eýedir.

Dogry bejergide we ideg etmekde akne 18-22 ýaşa çenli doly aýrylýar. Emma uly ýaşlarda hem, 25-den ýokarda we hatda 30-dan soň hem (3-8%) akneden ejir çekýänler bar.

Şonuň üçin hem deriňize ideg etmek barada siz karar bermeli. Eger-de ideg etjek bolsaňyz, onda akne meselesinden tiz wagtda dynmak üçin hünärmen bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmaly.

Related Content