Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Dikel – sagdyn bolarsyň!

Dikel – sagdyn bolarsyň!

News

Dikel – sagdyn bolarsyň!

calendar_today 28 October 2021

Arkaňy göni saklamak we göwräňi dik tutmak barada bize kiçilikden aýdýarlar. Haçanda  göwräň dik saklananda, adamyň syraty owadan, ýöreýşi bolsa ýeňil we görnükli görünýär.

Ýöne gelşikli adamyň arkasyny küýkerdip,  ýörände kellesini aşak edip ýa-da  eginlerini gyşardýan — birini beýlekisinden ýokary galdyrýan wagtlary seýrek bolmaýar. Ine, ähli sypaty zaýalaýan göwräniň nädogry saklanyşy hut şeýle.

 

Göwräniň durşy näme we ol nämä bagly?

Göwräniň durşy adam üçin rahat ýagdaýynda hem-de hereketde wagty göwresiniň adaty durşudyr. Ýagny, bize rahat ýagdaý ýaly duýulýan ýagdaý — biziň göwrämiziň durşudyr.

Göwräniň durşunyň esasy, onuň düýp özeni oňurgadyr. Bedeniň gurluşy hem onuň egrimlerine we onuň bilen bagly bolan döş kapasasyna, kellä, çigin guşagyna, ele, göwrä, çanaklyga we aýaklara bagly bolýar.

Göwräniň DOGRY durky – bu haçanda kelläň göni, eginleriň açyk, garnyň çekilen ýagdaýydyr. Bedeniň sag we çep tarapy deň ýerleşen: eginler we pileleriň burçlary bir derejede ýerleşen.

Göwräniň ÝALŇYŞ durky – bu şol ülňüden gyşarmadyr. Mysal üçin, kelle arkan gaýşan ýa-da öňe eglen, eginler öňe çykyp duran ýa-da aşa yza bükülen, eginler gyşaran, döş kapasasy içine giden, garyn pökgerip duran. Bedeniň sag we çep tarapy deň däl: eginler, pilçeleriň aşak burçlary deň däl. 

 

Göwräniň ýalňyş durşunyň nämesi howply?

Arkaňy dik tutmagy hem-de aýagyňy aýagyň üstüne atmazlygy çagalygymyzdan aýdylandygyna garamazdan, bu çäklendirmeleriň nämä gerekdigi hakynda  biz seýrek oýlanýarys. Emma göwräňi dogry saklamak welin tutuş bedeniň kadaly hereket etmegi üçin wajypdyr.

Göwräňi saklamakda ýalňyşlyklara ýol berlende adamyň hereketi tagaşyksyz bolýar, içki beden agzalary süýşýär, bogunlarda, myşsalarda,  ýüze çykýar, dabanda, bilde agyrylar peýda bolýar. Göwräň durşunyň bozulmagy agyr kesellere we işe ukyplylygyň peselmegine getirip biler.

 

Göwräň durşunyň bozulmagynyň üç derejesi tapawutlandyrylýar.

  1. Birinji dereje myşsalaryň tonusynyň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär. Adam dikelen badyna göwräň gurşy bilen bagly ähli ýetmezçilikler ýitirim bolýar. Bozulmalar kadalaşdyryjy gimnastika maşklary yzygiderli ýerine ýetiren ýagdaýyňda aňsatlyk bilen düzedilýär.
  2. Ikinji dereje — bu oňurganyň baglaýjy apparatynda bolup geçýän üýtgeşmeler. Bu üýtgeşmeleri lukmançylyk ugurly hünärmenleriň ýolbaşçylygynda kadalaşdyryjy gimnastika maşklaryny uzak wagtlap ýerine ýetirmek arkaly düzedip bolýar.
  3. Üçünji dereje — oňurganyň oňurgara kekirdewüklerinde we süňklerinde durnukly üýtgeşmeler. Bu üýtgeşmeler ýörite ortopediki bejergini talap edýär.

 

Oňurganyň durnuky üýtgetmeginiň hem 3 görnüşi bar:

  • lordoz (öňe çişmek arkaly gyşarmak),
  • kifoz (içine gitmek arkaly gyşarmak),
  • skolioz (gapdala çykmak arkaly gyşarmak).

Göwräniň durşunyň bozulmagy öz-özünden kesel bolup durmaýar. Bu bozulma keselden öňki ýagdaý diýlip atlandyrylýar, çünki ol ähli beden agzalarynyň hem-de ulgamlarynyň işiniň bozulmagyna getirýär we agyr keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär.

Göwräniň durşunyň bozulmagy ýüregiň işiniň çylşyrymlaşmagyna, öýkenleriň ýaşaýyş ukyplylygynyň azalmagyna, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, peşew çykaryş  agzalarynyň işiniň ýaramazlaşmagyna getirip bilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, tiz ýadamaklyga, başyň aýlanmagy we ýygy-ýygydan kelläň agyrmagyna getirýär, işe ukyplylyk peselýär, okamak we işlemek kynlaşýar.

 

Göwräniň durşy näme üçin bozulýar?

Göwräniň durşunyň nädogry bolmagynyň esasy sebäpleriniň biri sapak wagtynda we uklan wagtyňda bedeniň nädogry ýagdaýda bolmagydyr. Hakykatdan hem, bu ýönekeý zat — bir hepdeläp stoluň başynda küýkerip oturmak ýa-da kelläňi aşak egip telefona dümtünip gezmek ýeterlik — göwräň durşy, gürrüňsiz, bozulyp başlar. Bu babatda özümizden başga günäkär adam bolmaz.

Emma gynansak-da, göwrämiziň durşyna daşky faktorlar hem täsir edýär: stoluň, stulyň, partanyň boýumyza görä bolmazlygy, okuw torbasynyň nädogry göterilmegi, birahat aýakgap, nädogry ýagdaýda oturmaga mejbur edýän ýeterlik bolmadyk ýagtylyk, deňagramly bolmadyk kuwwatlykda kompýuteriň başynda uzak wagtlap oturmaklyk (syçanjygy ýa-da klawiaturany basyp durmak).

Elbetde, göwräniň durşuna öňden bar bolan keseller hem täsir edip bilýär: içki beden agzalarynyň keselleri, görşüň, eşidişiň peselmegi we beýlekiler.

Netijede, göwräniň nädogry durky bu ýagdaýa uýgunlaşýar we ony kadaly ýagdaý hasaplaýar.

 

GEÇIŞ

Oňurgaňy gorap saklamaga we göwräňi kadaly tutmaga uýgunlaşdyrmaga çagalykdan başlamaly. Emma uly ýaşlarda hem arkaňy göni tutmagyň, eginleriňi açmagyň we öňe aýdyň garamagyň owadan görünýändigini unutmaly däl. Bu kyn hem däl.

Iň esasysy hem, bu sagdynlykdyr.