You are here

Durmuş hekaýasyny her ynsanyň özi ýazýar. Bir hekaýada baş gahryman ene-ata bolsa, beýlekide awtoryň iň ýakyn dosty baş keşpde sahna çykýar.

Emma bu hekaýalaryň ählisiniň başlangyjynda üýtgemeýän ýekeje esasy gahryman bar – göbek ene. Şu gün, ýagny, 5-nji maýda tutuş dünýäde göbek eneleriň güni bellenilýär.

Halkara göbek eneler güni diňe bir saglyk işgärleriniň baýramçylygy bolman, eýsem sagdyn eneligiň we sagdyn çagalygyň hem baýramydyr. Mylakatlylyk, mähirlilik we ünslilik bu baýramçylygyň esasy sypatlary bolup durýar. Edil göbek enelerde bolşy ýaly.

Türkmenistanda şeýle göbek eneleriň biri hem Hatyja Ýuwşanowa bolup durýar. Öz kärinde birnäçe onýyllygy arka atan bu zenan Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy daýhan birleşigindäki saglyk öýinde zähmet çekýär. Sekiz çaganyň enesi bolmak bilen, ol öz hassalaryna hem şol bir mylakatlylyk we üns bilen çemeleşýär. Onuň ugur alýan şygary bolsa “mylaýymlyk we sypaýyçylyk” bolup durýar.

Hatyja Ýuwşanowa çaga dogrulýan bölüme ilkinji gezek gelýänlere, şeýle hem yzygiderli zyýaratçylaryna mähir bilen ýaranlyk edýär.

Zenanlar çaga dogrulýan bölüme gelenlerinde howsala düşýärler. Men olary güler ýüz we mylaýymlyk bilen garşy alýaryn. Bu olara gorkyny ýeňip geçmäge we mertlik gazanmaga güýç berýär – diýip, göbek ene belleýär.

Ol şeýle etmegi öz ýaş kärdeşlerine hem öwredýär. Çaga dogurmaklyk şeýle aýratyn bir ulgam bolanlygy üçin dogurýan enäniň esasy talaby prosesiň üstünlikli tamamlanmagynda jemlenýär. Garaşylmadyk ýagdaýlarda hem lukmanlaryň oňa kömek etjekdigine ynanýar. Şol sebäpden hem göwrelilik döwründe zenanlara ýokary hilli saglyk hyzmatlaryny bermek, doguryş wagtynda gerekli kömekleri ýetirmek we adatdan daşary ýagdaýlarda ýardamy wagtynda bermek göbek enelik ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Bu agzalanlar Hatyja Ýowşanowanyň 1976-njy ýyldan bäri söýgüli işi-pişesine öwrüldi. Dogduk daýhan birleşiginde ol ähli bäbeklere diýen ýaly göbek enelik etdi. Bu gün olaryň birnäçesi ulaldy we öz durmuş hekaýalarynyň ortasynda gezip ýörler.

Olara daşyndan guwanýan Hatyja Ýuwşanowa bu barada şeýle diýýär: Bäbejigiň ýagty jahana sag-aman gelmegine kömek etmek meň üçin iň uly serpaýdyr!

Hatyja Ýuwşanowanyň dünýä gelmegine kömek eden çagalary, onuň ýoldaşy, obanyň 18-nji orta mekdebiniň direktory Gurban Ýuwşanowyň ýolbaşçylygynda kämilleşýärler. Oba halky olara bilen dürli syrlaryny we maşgala ýagdaýlary bilen bagly maglumatlary ynanýarlar.

Göbek enäniň aýtmagyna görä, olar özlerini ikinji ene-ata hasaplaýarlar. Perişdejikleriň dünýä gelmegine men sebäp bolsam, olaryň dünýä düşünmeklerine ýoldaşym sebäp bolýar. Soňra olar ulalýarlar we maşgala gurýarlar. Şeýlelikde biz ata we ene bolýarys. Munuň begenji bolsa, çäksizdir. Göbek enelige ýönekeç wezipe hökmünde seretmek mümkin däl. Çaga doguryş proses aňsat geçmeýär. Haçan-da olaryň sany iki, üç bolanda ýa-da kynçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda... Hassalarym bilen her duşuşygym ýadymda berk saklanýar. Olaryň çagalary bilen bagtly ýaşaýandygyny görenimde bolsa, gözüme begenç göz ýaşlary aýlanýar. Meniň esasy wezipäm olaryň sagdynlygyny üpjün etmek bolýar.

Bu käriň hünärmenleriniň başga-da birnäçe jogapkärçilikleri bolýar – geljekki kakalar bilen gürrüňdeşlik geçirmek, okuwçylara sapak bermek, göwreli zenanlaryň çylşyrymly soraglaryna jogap bermek. Çaganyň dogry iýmitlenmegi arlygyň dogry dolanmagy, ilkinji lukmançylyk kömegini ýetirmek, çaga we enäniň özüne dogry seretmegi, kontrasepsiýa we çagalaryň arasynda wagt salmak bilen bagly müňlerçe soraglary jogaplaýarlar.

Göbek eneler hem hirurg, hem terapewt, hem-de psiholog wezipesini ýerine ýetirýär. Hatyja Ýowşanowanyň we onuň dünýä ýüzündäki müňlerçe kärdeşiniň saýasynda 1990-njy ýyldan bäri dünýäde ene we bäbek ölümleri yzygiderli azalýar. Türkmenistan hökümetiniň reproduktiw saglyk ulgamyny kämilleşdirmekde alyp barýan tagallalary enäniň we çaganyň saglygyny goramak ulgamynda durnuklylygyň ýokarlanmagynda möhüm orun eýeleýär.

Soňky onýyllykda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Halkara göbek eneler konfederasiýasynyň maslahatlarynyň çygrynda göbek enelerine berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okuw meýilnamasyny kämilleşdirmekde ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar. Enäniň, bäbegiň, çaganyň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça 2015-2019-njy ýyllaryň Milli strategiýasynyň çäklerinde UNFPA-niň kömegi bilen göbek eneleriň iş ulgamy bilen bagly ýurtdaky lukmançylyk tejribelerine täzelikler girizildi. Munuň netijesinde enäniň ölümçilik görkezijisi görnetin peseldi.

2021-2025-nji ýyllar aralygyndaky bäşinji maksatnamanyň çäklerinde UNFPA milli hyzmatdaşlary bilen bilelikde strategiki ugurlarda täze gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär. Şeýle hem reproduktiw saglygy, enäniň, bäbegiň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramakda 2021-2030-njy ýyllaryň milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini goldamak arkaly Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

UNFPA Türkmenistanyň Hökümeti, hyzmatdaşlary, saglyk hünärmenleri we göbek eneleri bilen bilelikde ýurdumyzda we dünýäde her bir göwreliligiň islegli bolmagy, her bir çaga dogluşyň sagdyn bolmagy, hem-de ähli ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini doly derejede amala aşyrmagy ugrunda zähmet çekýär.