Giriş
“Erkekler aglamaýar” diýen pikir asyrlaryň dowamynda nesilden nesle geçip gelen jemgyýetçilik stereotipleriniň biridir. Bu pikiriň özeninde bolsa, erkekleriň güýçli, berk, duýgusyz we agalygy saklaýan şahs hökmünde, ýagny “mert” kabul edilmegi bolup durýar. Emma häzirki zaman jemgyýetinde bu garaýyşlar sorag astyna alynýar. Ylmy gözlegler hem bu stereotipiň diňe bir erkekleriň emosional abadançylygyna däl, eýsem jemgyýetiň özüne hem zyýan ýetirip biljekdigini görkezýär.
Taryhy we medeni kökler
Taryh boýunça erkeklik köplenç harbylyk bilen baglanyşykly bolupdyr. Güýç, mertlik, sowukganlylyk ýaly häsiýetler esgeriň nusgalyk keşbi hökmünde öňe sürlüpdir. Muňa laýyklykda erkek adamlaryň aglamagy gowşaklygyň alamaty hökmünde görülipdir. “Erkeklik” diýlende diňe zorluga garşy göreşmäge ukyply, berk we öz duýgularyny basyp saklap bilýän adam göz öňünde tutulypdyr.
Eýsem mertlik näme?
Köp adam mertlik diýen düşünjä diňe güýç-kuwwatyň, güýçli bedeniň ýa-da gaýduwsyzlygyň alamaty hökmünde garaýar. Aslynda bolsa, hakyky mertlik diňe güýje daýanmaýar. Mertlik — bu kynçylykly pursatlarda sözüňde durmak, dogruçyl bolmak, adalatdan, hakykatdan ýüz öwürmezlikdir. Mert adam diňe güýji bilen däl-de, ýüreginiň arassalygy, akylly çemeleşmesi, sabyrlylygy we pikir durnuklylygy bilen hem beýgelýär.
Sözlük taýdan “mertlik” (erkeklik) sözi “mert” (erkek) sözi bilen baglanyşykly bolup, pars dilinde “erkek” manysyny berýär.. Şonuň üçin öňler “erkeklik” sözi adama mahsus hasaplanýan güýç, batyrlyk, durnuklylyk ýaly häsiýetleri aňladýardy. Ýöne wagtyň geçmegi we jemgyýetiň ösmegi bilen bu düşünje giňelip, häzirki wagtda ol diňe bir fiziki aýratynlyk däl-de, has giň, durmuş we ruhy taýdan düşünilýän manylarda ulanylýar.
Mertlik diňe erkeklere mahsus häsiýetem däl. Aýal adam hem kyn wagtda hakykaty aýtmak, başga biriniň hukuklaryny goramak, özüniň garaýyşlaryny açyk beýan etmek, her şertde päkýürekliligini saklamak arkaly mertlik görkezýär. Şeýlelikde, mertlik jynsa, ýaşa ýa-da bedeniň ululygyna däl-de, adamyň içki gymmatlyklaryna we ýörelgelerine bagly häsiýetdir. Şeýle mertlik jemgyýetde ynamy, dostlugy, adalatlylygy ösdürýär.
Toksiki erkeklik we duýgy basyşlary
“Promundo-US” dünýä guramasynyň ylmy-gözegçileri “Man Box” konsepsiýasy toksiki erkekligiň jemgyýetde nähili kemala gelýändigini düşündirýär. Bu garaýyşlara görä:
• Erkek adam aglamaly däl,
• Duýgularyny açyp görkezmeli däl,
• Hemişe güýçli we özbaşdak bolmaly.
Bu görnüşdäki çäklendiriji garaýyşlar erkekleri öz duýgularyny basyp ýatyrmaga mejbur edýär. Bu ýagdaý bolsa psihologiki taýdan:
• Içki stresiň ýokarlanmagyna,
• Ýekelik, ýalňyzlyk duýgularynyň artmagyna,
• Psihologiki kömege ýüz tutmagyň azalmagyna,
• Agressiwligiň we zorlugyň köpelmegine sebäp bolýar.
BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (WHO) gözlegleri erkekleriň psihologiki saglygyna gönükdirilen goldaw we açyk emosiýa beýanynyň ýetmezçiliginiň olaryň saglygyna howp döredýändigini görkezýär.
Aglamak we duýgular: näme üçin wajyp?
Aglamak – diňe bir gowşaklygyň alamaty däl. Ol stressi peseldýän, beýnide endorfin we oksitosin ýaly rahatlandyryjy maddalaryň bölünip çykmagyna sebäp bolýan tebigy fiziologiki jogapdyr. Erkekleriň bu tebigy prosesi basyp ýatyrmagy:
• Ruhy durnuklylygyň bozulmagyna,
• Öz-özüne ynamyň peselmegine,
• Ýakyn gatnaşyklaryň üýtgemegine sebäp bolup biler.
Oňyn erkeklik: täze ýol
Gender deňligi ugrunda işleýän halkara guramalar (UNFPA, UN Women, Promundo) erkekligiň diňe güýç bilen däl, eýsem:
• Empatiýa,
• Parahatçylykly gatnaşyk,
• Duýgy taýdan açyklyk bilen hem ölçenmelidigini öňe sürýärler.
Oňyn erkekligi öňe sürmek üçin aşakdaky çäreleri maslahat berilýär:
1. Ene-atalaryň çagalykdan başlap erkekleriň duýgylaryny açyk beýan etmegine rugsat bermekleri.
2. Okuw jaýlarynda duýgy taýdan ösüşi goldaýan temalara orun bermek.
3. Köpçülikleýin habar serişdelerinde dürli erkek keşplerini görkezmek.
Netije
“Erkekler aglamaýar” diýen garaýyş häzirki zaman jemgyýetinde ýuwaş-ýuwaşdan sorag astyna alynýar. Erkekleriň aglamaga, duýgular beýan etmäge hukugy bardyr we bu olaryň gowşakdygyny däl, eýsem adamyň duýgy taýdan dolulygyny görkezýär. Erkekligiň täzeçe, oňyn düşünjesi jemgyýetde deňlik, parahatçylyk we sagdyn gatnaşyklary gurmakda möhüm ädimdir.
Duýgy beýanyny kabul etmek, erkekligiň güýjüni azaldanok – tersine, onuň hakyky güýjüni görkezýär.
https://www.equimundo.org/resources/men-and-gender-equality-a-global-status-report-in-15-headlines/
https://www.equimundo.org/wp-content/uploads/2019/04/Cost-of-the-Man-Box-US-Web.pdf
Ýaş erkeklerde oňyn erkeklik häsiýetlerini kemala getirmek we gender deňligini öňe sürmek boýunça PSIHOLOGLAR WE TERBIÝEÇILER ÜÇIN GOLLANMA, Sagdyn erkeklik, 8 -nji sah, Toparlaýyn ýumuş 3, 59-njy sah.