Go Back Go Back
Go Back Go Back

Etika sosial mediýada-da möhüm

Etika sosial mediýada-da möhüm

News

Etika sosial mediýada-da möhüm

calendar_today 22 February 2022

Sosial mediýa adamlar üçin maglumat, ses we wideo arkaly mazmun paýlaşyp, wirtual jemgyýetde dürli pikirleri alyşmak üçin gurallaryň toplumydyr. Beýleki tarapdan, etika termini “nämäniň dogry, nämäniň ýalňyşdygyny kesgitlemek we tapawutlandyrmak ukyby” hökmünde kesgitlenilýär. Sosial mediýanyň şu günler ulanylyşy, onuň bilen köp zyýanly täsirleri öz ýany bilen getirýär, iň möhümi bolsa adam etikasyna degişlidir.

 

Sosial mediýany ulanmakda meseleleri azaltmak üçin bir-biregi kemsitmezlik ýa-da sebäpsiz ýere günäkärlemegiň öňüni almak üçin ahlakly hereket gerek. Aslynda, bu meseleler ulanyjylary internetde biperwaý garaýyşly maglumat ýaýratmagy kanuny jogapkärçilige çekilmäge getirer.

 

Şonuň üçin UNFPA Türkmenistan “Biz dürli. Biz deň.” atly adam hukuklaryn, durmuşda we sanly ulgamda etiki we sylaşykly gatnaşygy öňe sürýän sanly kampaniýa başlady.

 

Sosial mediýanyň iň aç-açan meselelerini göz öňünde tutup, LinkedIn, WhatsApp we Pinterest ýaly platformalar etika kadalaryny yzarlaýan bolsalar, beýleki tarapdan Twitter, Facebook, Instagram, Tik-Tok we Imo ýaly az etikaly sosial mediýalar hasaplanylýar.

 

“Gündelik işlerimiz sosial mediýa bilen şeýle baglanyşykly welin, biz onsuz ýaşaýyşy göz öňüne-de getirip bilmeýäris. Etika durmuşymyzyň her bir ugrunda möhümdir, sebäbi özümizi gymmatly we howpsuz duýmak üçin sylanýanlygymyzy bilmek isleýäris. Sosial mediýada-da hem şeýle. Ilkibaşda internetde anonim ýalydy. Ýöne häzirki wagtda beýle däl. Adyňyzy, salgyňyzy, telefon belgiňizi, şahsy elektron poçtaňyzy, täjirçilik hasaplaryňyzy ýazyp tassyklaýarsyňyz. Şeýlelikde, her kim siziň şahsyýetiňizi bilip bilýär". diýip žurnalist, sosial mediýa menejeri we 10-njy dekabrda Hukuklar, Deňlik we Inklýuiýa boýunça Ýaşlar Gepleşigi göni ýaýlymynyň çykyş edijisi  Maýa Amanmyradowa gürrüň berdi.

 

Şeýlede: “Ilki bilen sanly dünýä üçin öz düzgünlerimi goýdum, birinjisi: internetde adamlara hakyky durmuşda asla aýtmajak zatlarymy aýtmazlyk. Ikinjiden: köpçüligiň arasynda däl-de, gönümel çat-habara girip jedelleşmek has ýerlikli" diýip, Maýa belledi.

 

Sosial mediýada galp hasaplary ulanmak hem uly netijelere getirip biler. Kerim hakyky durmuşda utanjaň we içine atagan ýigitdi. Bir gün dosty ony gyz gözlemek üçin Instagramdan peýdalanmaga itergi berdi. Ozal beýle tejribäni başdan geçirmänligi sebäpli, öz suratynyň deregine owadan modeliňkini goýmagy we özi hakda galp maglumatlary ulanmagy haýyş etdi. Instagramy ulanyp başlady we bir gün owadan gyzdan dostluk teklibini aldy. Profiline göz aýlanda, seredende, onuňam goňşy ýerdendigini aňdy. Tolgunjyna derrew ony dost hökmünde kabul etdi. Kerim söhbetdeşligiň dowamynda hakyky şahsyýetiniň diňe 30% -ini paýlaşdy we ýerine galp maglumatlary ulanmaga dowam etdi.

 

Bir gün ikisi-de dostlarynyň oturylyşygynda duşuşmagy meýilleşdirdiler. Ol şol gyza duşanyndan soň hakyky şahsyýetini aýtmagy meýilleşdirýärdi, şonuň üçin taýynlanyp, oturylyşyga gitdi. Ol ýerde dostlarynyň hemmesi hezil edýärdi, ýöne ol arzuw eden şol ak köýnekli gyzyny gözleýärdi. Ýanyna baranynda, düýşünde arzuw edip ýören gyzynyň hakykatda öz gyz jigisidigini görüp, äm-säm boldy. Haçan-da ondan näme üçin beýle hereket edendigini gazap bilen soranda, jigisi şahsyýetini üýtgetmegiň jorasynyň pikiridigini boýun aldy. Şol günden soň ol jigisi bilen gürleşmegini bes edip, başga şähere göçdi.

 

Şeýle wakalaryň pidalary hiç kime ynanmazlyga we gatnaşyklara hemişe şübheli garamaga mejbur bolýarlar. Iş we jemgyýetçilik durmuşyny zaýalap, öz-özüne bolan hormatyny ýitirmegine sebäp bolýar.

 

“Sosial media pudagy ösýär. We öser. Has köp ulanyjy çekmek we ulanyjylary has rahat we gatnaşykly etmek üçin platformalar düzgünleri kämilleşdirmäge dowam ederler. Instagramda we Telegramda köp sanly hasaplary bloklamak onlaýn mediýanyň geljegini görkezýär. Şonuň üçin ulanyjylar durmuşy bilen bir hatarda ulanýan sosial mediýasynda hem mylakatly we hoşniýetli bolmalydyrlar. Ýada başga platforma gözlemäge mejbur bolarlar" diýip, Maýa sözüni jemledi.