1 Kämillik ýaşyna ýetip başlanlygymy nädip bilmeli?
Köplenç kämillik ýaşyna ýetmek döwri 9 we 13 ýaşlaryň aralygynda başlanýar. Ýöne ol irräk ýa gijräk hem başlanyp biler. Estrogen ýaly gormonlar sebäpli sen öz bedeniňde bolup geçýän özgerişleri, mysal üçin, göwsüň barha ulalýandygyny we bedeniň käbir ýerleriniň mese-mälim bildirip durýandygyna şaýat bolarsyň. Şeýle hem boýuň artyp barýandygyny, görüm görme döwrüniň başlanandygyny görersiň.
2 Özgeren bedenimde döreýän tüýler näme?
Bedeniňde öň hiç wagt bolmadyk ýerlerinde, mysal üçin, goltukasty oýtumlaryňda, aýaklaryňda we çatyň töwereklerinde birden tüýleriň ösüp başlandygyny hem görensiň. Ilki ösüp başlanda bu tüýler göze bildirmeýär we ýumşak bolýar, wagtyň geçmegi bilen bolsa olar has ýognaýar we goýy reňkde bolýar. Bedende tüýleriň peýda bolmagy adaty bir ýagdaý, emma käbir gyzlar olaryň görnüşini halamaýarlar. Eger-de sen ony aýyrjak bolsaň, howpsuz usullaryny bilmek üçin ejeňe ýa-da aýal doganyňyza ýüz tut.
3 Men näçeräk öserkäm?
Kämillik ýaşyna ýetip barýan döwrüňizde siziň bedeniňiz özgerer we ösmegini dowam etdirer, kä halatlarda gaty çalt öser. Muňa "birden ösmek" diýilýär. Şu döwürde siziň bir ýylyň dowamynda takmynan 10 santimetr çemesi ösmegiňiz mümkin. Bular baly “birden ösmeklik” adatça 9-10 ýaşlar aralygynda bolup geçýär. Gyzlaryň aglaba köpüsi 18 ýaşa golaýlanlarynda eýýäm kämillik ýaşyna mahsus doly boýy alýarlar. Emma kämillik ýaşyna ýetilýän döwrüň dowamynda bolup geçýän özgerişleriň beýlekilerinde bolşy ýaly, siziň mundan çaltrak ýa-da haýalrak ösmegiňiz hem mümkin.
4 Haçan men halyky göwüslik (býustgalter) geýmeli bolarkam?
Göwüsler: Olaryň peýda bolmagy sizi ýa begendirer ýa-da dolulygyna diýen ýaly ynjalykdan gaçyrar. Bularyň haýsy biri bolsa-da - tapawudy ýok, diňe göwüslik (býustgalter) ýa-da topik geýmek bilen siz özüňizi oňyn, rahat duýýarsyňyz. Olaryň birini saýlap almakda ejeňiziň ýa-da joraňyzyň kömek bermegini haýyş ediň. Bardy-geldi göwüsleriňiziň biri beýlekisinden ulurak ýa-da kiçiräk görünse, asla alada galmaň. Bu adaty bir ýagdaýdyr. Wagtyň geçmegi bilen olaryň göwrümleri deňleşer. Şeýle hem siz göwüsleriňiziň barha ulalmagy bilen emjek uçlaryňyzyň hem ululyk, hem reňk taýdan özgerýändigini görersiňiz. Bu hem adaty bir ýagdaýdyr.
5 Derime näme bolup geçýärkä?
Düwürtikleriň döremegi adaty ýagdaýdyr – ähli ýetginjekleriň ýüzden 50%-de düwürtik bolýandyr. Ýönekeýje düwürtikler siziň kämillik ýaşyna ýetip başlandygyňyz barada göze görnüp duran ilkinji alamatdyr. Düwürtikler ýüzüňizde, döşüňizde, ýa-da ýagyrnyňyzda bolup biler. Kämillik ýaşyna ýetýän döwrüňizde siziň ýag çykarýan mäzleriňiz aşa işjeň bolýar we düwürtikleriň döremegine hem şol ýag sebäp bolýar. Stres, biliň gelmegi, gazly içgiler, şeýle hem düzüminde ýag bolan makiýažyň düwürtikleriň has beterleşmegine alyp barmagy ahmal. Düwürtikleri sykyp çykarmaň. Muňa derek deriňizi arassa saklaň we dermatology lukmanyňyzdan olary bejermek barada maslahat alyň. Gowy habar eşitmek isleýärmisiňiz? Jahyllyk ýaşyna ýetmek döwri tamamlananda köplenç düwürtikli mesele aradan aýrylýar.
6 Näme üçin men şeýle köp derleýärkäm?
Eger-de öňkiden köp derläp başlandygyňyzy duýsaňyz, bu ýagdaýa düşen adamyň bir özüňiziň däldigini bilip goýuň. Kämillik ýaşyna ýetmek döwründe der işläp çykarýan 2 milliondan 4 milliona çenli mäzleriňiz birdenkä öňkülere garanda has işjeň bolýarlar. Netijede, siz özüňizi biynjalyk we gaharly duýýansyňyz, şeýle hem gyzýan wagtyňyz köp derleýärsiňiz, aýratyn hem goltugasty oýtumlaryňyz köp derleýär. Mundan başga-da siz öň bolmadyk üýtgeşik bir ysyň hem bardygyny duýarsyňyz. Bularyň ählisi adaty bolmaly ýagdaýlardyr. Indi, ýygy-ýygydan suwa düşmeli we dezodoranty diňe arassa benediňize sepmelidir.
7 Içki eşigimde görünýän tegmilleri emele getirýän zatlar nämelerkä?
Kämillik ýaşyna ýetmek döwri başlananda gyzlaryň aglaba köpüsi jyns agzasynyň agzyndan bir zadyň çykýandygyny görerler. Içki eşigiňizde görýän ak ýa-da sary tegmiller adaty ýagdaýdyr. Çünki şol suwuklyk siziň jyns agzalaryňyzyň agzynyň arassa we nemli saklanmagyna ýardam berýär. Emma sizde gijilewük, tegmilleriň reňkiniň üýtgemegi, ýa-da ys peýda bolsa, ýa bolmasa jyns agzalaryňyzyň agzynyň töwereginde bir biynjalyklyk duýsaňyz, ejeňize aydyň. Çünki bu sanalyp geçilen zatlar jyns ýollarynda näsaglyklaryň alamaty bolup biler.
8 Näme üçin men özümi ýognap barýan ýaly duýýaryn?
Aslynda gyzlaryň bedeninde oglanlaryňka garanda köpräk ýag bolmaly. Kämillik ýaşyna ýetilýän döwürde bolsa bedeniňizdäki ýagyň öňküden hem has köp bolandygyny duýýarsyňyz. Bir bada tutuş garnyňyzy ýag tutan ýaly hem bolup görner. Emma kämillik ýaşyna ýetilýän döwürde tutuş bedeniňiz özgerip, hemme ýerleriňiz aýyl-saýyl görner. Biliňiz inçelip, bykynlaryňyz, butlaryňyz we otyrýeriňiz egrem-bugram görnüşe eýe bolar.
9 Aybaşymyň haçan boljakdygyny men nireden bilmeli?
Ýaş taýdan has takykrak aýtsak, siziň aýbaşyňyz öz ejeňizde ýa-da aýal doganyňyzda başlanan çurlary başlanar. Aslynda ol 9 ýaş bilen 16 ýaşyň aralygynda islendik wagtda bolup biler. Eger ösüş taýdan sizde hiç hili näsazlyklar ýok bolsa, onda bu meselede öz joralaryňyzdan yza galýandygyňyzy barada asla alada etmäň. Ýöne wagtyň golaýlandygy sebäpli garaşyp ýörkäňiz, eýýäm ýanyňyz bilen göterýän torbaňyzda şeýle ýagdaýda ulanylýan zatlaryň, ýagny gigiýenik podkladkadyr, şeýle hem çalşyrgyç geýim-gejim götermäge endik etseňiz gowy bolar. Ejeňizden ýa-da joraňyzdan olaryň neneňsi ulanylýandygy barada soraň. Özem siz olaryň dürli görnüşlerini we dürli ululykdakylaryny ulanyp görüň.
10 Agzymdan gelýän ys nämedenkä?
Kämillik ýaşyna ýetilýän döwürde işe girişýän goşmaça gormonlar agzyňyz bilen bagly alada döredip biler. Diş etleriňiz has duýgur bolup biler ýa-da olar çişen ýaly we ynjyk bolup görner. Şeýle bolanda, dişleriňizi, agyz boşlugyňyzy häli-şindi diş çotgasy we ýörite diş arassalamaga niýetlenen sapaklar (flos) bilen arassalap durmak we lukmanyňyz bilen kadaly esasda maslahatlaşyp durmak zerurdyr. Kadaly esasda edilýän alada agzyňyzdan erbet ysyň gelmeginiň, diş etleriniň näsazlyklarynyň, şeýle hem agyz boşlugy bilen bagly başga-da meseleleriň öňüni almakda ýardam berer.
11 Men haçan söýgi duşuşyklaryna gidip başlamaly?
Bu meselä gezek gelende, söýgi duşuşyklaryna gidip başlamak üçin ýekeje-de "dogry" ýaş ýokdur. Siziň haçan muňa taýýardygyňyz barada karar almaklyk size we siziň ene-ataňyza baglydyr. “Onsoňam joralarym-a eýýäm duşuşyp ýörler” diýip, siz hem söýgi duşuşyklaryna gidip başlamaly dälsiňiz. Hatda siziň göwnüňize biri ýaran hem bolsa, siz onuň bilen duşuşyga bir özüňiz gidip başlamazdan öň sizde ony has gowy tanamak ýaly islegiň döremegi mümkin. Şonuň üçin siz onuň bilen tanyşlygy telefon arkaly gepleşmekden ýa-da hat ýazyşmakdan başlap bilersiňiz. Ýa bolmasa siz onuň bilen dost-ýarlaryňyz bilen bilelikde kino görmäge ýa-da bazara aýlanmaga hem gidip bilersiňiz.
12 Näme üçin men şol modellere meňzemeýärin?
Elbetde, siziň aýaklaryňyzyň horlugyny ýa-da garnyňyzyň aşa semizdigini sebäp görkezmegiňiz mümkin. Ýok, bu zatlar diýseň adaty ýagdaý -- biziň köpimiz öz keşbimizi tankyt etmegi gowy görýäris, keşbimizde näme-de bolsa bir zat göwnümize jaý däl. Emma bedenler görnüş we ululyk taýdan dürli-dürli bolýar ahyryn. Şonuň üçin hem, eger siz moda žurnalyndaky modellere meňzemeýän bolsaňyz, hiç alada galmaň. Olarda bar bolan ähli kemçilikler hünärmen stilistler tarapyndan bozulyp, aýrylan we retuşlama usuly bilen owadanlaşdyrylandyr. Bu barada alada etmegiň ýerine fiziki maşklar bilen meşgullanyp, ýokumly sagdyn berhizi berjaý etmek arkaly sagdyn agramyňyzy saklamagy maksat ediniň.
13 Özüňizde bolup geçýän özgerişleriň adaty ýagdaýdygyna gözüňiz ýetýärmi?
Kämillik ýaşyna ýetmek döwri şatlandyryjy bolup biler we şol bir wagtyň özünde hem ol howatyrlandyryjy bolup biler. Bedeniňizde bolup geçýän dürli-dürli özgerişler sizde dürli duýgulary oýarýar. Şeýle hem sizde köp soraglar peýda bolýar. Ýöne bir zady ýadyňyzdan çykarmaň - bu bir adaty ýagdaý bolmak bilen, ol her kimiň başyndan geçýändir. Hut şu jähetden hem, bu soraglar barada öz ejeňiz, uly aýal doganyňyz ýa-da joralaryňyz bilen gürrüňdeş bolmakdan çekinmäň. Hatda olaryň hem bu mesele barada edil siziňki ýaly pikirlere eýerýändikleri we olarda hem edil sizde peýda bolan soraglaryň bardygy belki-de sizi haýran galdyrar. Seniň öz saglygyň barada soraglaryň bolsa, ýa-da hiç kime aýdyp bilmejek pynhan syrlaryň bolsa - onda özüňi tanatman ýurdumyzda işleýän YNANÇ telefonyna jan edip professional lukman psiholog we ginekolog bilen maslahatlaşyp bilersiň! Aşgabat şäherinde belgisi: (12) 22-93-89