Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Has berk matany dokap: Hemmeler üçin deň dünýäni gurmak üçin çözgütler

Has berk matany dokap: Hemmeler üçin deň dünýäni gurmak üçin çözgütler

News

Has berk matany dokap: Hemmeler üçin deň dünýäni gurmak üçin çözgütler

calendar_today 10 July 2024

group of people holding fabrics and looking at the camera
© UNFPA Turkmenistan | 2024

1994-nji ýylda dünýä jemgyýeti Ilat we ösüş boýunça halkara konferensiýasynda (ICPD) jemlendi we her kimiň reproduktiw saglygy babatda hukuklaryny durmuşa geçirip bilmegini üpjün etmek, aýal-gyzlar üçin giň mümkinçilikleri döretmek hem-de durnukly ösüşiň gülläp ösýän geljegini gurmak üçin möhüm ädim ätdiler.

30 ýylyň dowamynda möhüm ösüşler gazanyldy. Enäniň saglygyna üns has-da artdyryldy, kontrasepsiýa serişdelerine elýeterlilik ýokarlandy we gender deňligini üpjün etmekde möhüm ädimler ädildi. UNFPA-nyň “Dünýäniň ilaty” hasabatynyň 2024-nji ýylda çykarylan sany (SWOP2024) “Birek-birege bagly ykballar, umyt sapaklary: reproduktiw saglygy we hukuklarynda deňsizlikleriň öňüni almak” diýip atlandyrylýar. Onda ösüş hemmeler üçin deň derejede üpjün edilmän, köp adamyň henizem kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar. 

Millionlarça adam üçin esasy saglyk hyzmatlary, esasanam reproduktiw saglygy hyzmatlary, garyplyk, geografiki şertler we ýazgarma ýaly sosial kadalar sebäpli elýeter däl. Bu ýagdaý aýal-gyzlaryň saglygyna, abadançylygyna we durmuşy bilen baglanyşykly karar bermek ukybyna zyýan ýetirýär. ICPD-de kabul edilen borçnamalara garamazdan, ýazgarmak we ýeterlik bolmaýan serişdeler ýaly päsgelçilikler ýokary hilli hyzmatlara ählumumy elýeterliligi üpjün etmek işleriniň öňüni alýar we ösüşi haýallaşdyrýar.

UNFPA-nyň ýerine ýetiriji direktory doktor Natalýa Kanem, “Dünýäniň ilaty” hasabatynyň 2024-nji  ýylda çykarylan sanynyň tanyşdyrylyş dabarasynda belleýşine görä: "Dört aýaldan biri öz saglygy barada karar berip bilenok. Dört aýaldan biriniň jynsy gatnaşyklaryna "ýok" diýmäge erki ýok. On aýaldan biri diýen ýaly kontrasepsiýa ulanmak ýa-da ulanmazlyk barada özleri karar berip bilmeýär. Biz ilkinji gezek aýallaryň bedenleri bilen baglanyşykly özleriniň karar berip bilmek erkiniň ýagdaýy barada görkezijileri jemledik. Bu görkezijiler boýunça maglumat toplanan ýurtlaryň 40% -de zenanlaryň erkiniň azalýandygy görkezilýär ". 

Deň hukukly geljek üçin SWOP2024-de görkezilen çözgütler

“Dünýäniň ilaty” hasabatynyň 2024-nji ýylda çykarylan sanynda deňsizlikleriň düýpli sebäpleriniň bardygy we olara gyssagly çäre görülmelidigi barada aýdylýar. Her kimiň gülläp ösüp biljek dünýäsini döretmek üçin bu deňsizlikleriň öňüni alýan ulgamlary kämilleşdirmeli. Munuň üçin bolsa köptaraplaýyn çemeleşme zerur:

8 milliard adamyň deň hukukly we abadan geljege goşant goşup bilmeklerini üpjün edýän ulgamlary täzeden işläp düzmeli, döwletler we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmeli.

Saglygy goraýyşda deňsizligi aradan aýyrmaly, hemmeler üçin saglygy goraýyş hyzmatlaryny deň derejede üpjün etmeli. 

Kömege mätäç adamlaryň tejribelerini görkezýän maglumatlary ýygnamaly we derňemeli, şeýle-de olaryň zerurlyklary göz öňünde tutýan maksatnamalar kabul edilmeli.

Deňsizligiň düýp sebäplerini kesgitlemeli we olary aradan aýyrmaly. 

Howanyň üýtgemeginiň, dawa-jenjeliň we demografiki üýtgeşmeleriň adamlara ýetirýän täsiriniň öňüni almaly, hiç kimiň ünsden düşürilmezligini üpjün etmeli. 

Doktor Natalýa Kanem köpçülikleýin hereket etmegiň zerurdygyny belläp, "Güýjümiz we çydamlylygymyz aýry-aýry baglara däl-de, eýsem köpçülikleýin we birek-birege bagly hereket etmegimize daýanýar. Ösüşe diňe bilelikde hereket etmek we üstünlik gazanmak arkaly ýetip bileris" diýip aýdýar.

Bu möhüm ädimleri ätmek bilen, dünýä jemgyýeti üçin has güýçli we berk matany dokap bileris. Her bir adamyň öz mümkinçiliklerini dolulygyna amala aşyryp bilmegi üçin bilelikde hereket edeliň!

SWOP2024 hasabatynda beýan edilen kynçylyklar we mümkinçilikler barada giňişleýin öwrenmek üçin: 

“Dünýäniň ilaty” hasabaty (SWOP) Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) tarapyndan her ýyl taýýarlanylýar. Hasabatyň 1978-nji ýylda ilkinji gezek neşir edilen sanynda dünýä boýunça çaga dogurmak derejesi, ölüm derejesi, migrasiýanyň görnüşleri we demografiki üýtgeşmeler ýaly global demografiki tendensiýalar barada giňişleýin seljerme berilýär. 40 ýyldan gowrak wagt bäri dünýä ilaty barada maglumatlary toplaýan we seljerýän SWOP hasabaty, ilatdaky üýtgeşmeler we durnkly ösüşiň arasyndaky çylşyrymly arabaglanyşyk barada düşünje berýär hem-de syýasatçylar, ylym işgärleri we beýleki degişli adamlar üçin möhüm serişde hökmünde hyzmat edýär.