Go Back Go Back
Go Back Go Back

Hiç haçan irizmeýän dogry iýmitlenmek

Hiç haçan irizmeýän dogry iýmitlenmek

News

Hiç haçan irizmeýän dogry iýmitlenmek

calendar_today 20 October 2021

Haçanda adamlar dogry iýmitlenmek hakynda gürrüň edip başlanlarynda, aňymyzda şepbeşik süle ýarmasynyň we buglanan käşir kotletleriniň gözgyny keşbi janlanýar. Ýaramaz burgerdir gazly suw bolsa, size nusgawy nahar bolup görner. Biz dogry iýmitlenmek hakynda siziň garaýşyňyzy üýtgetmäge synanyşarys. Dogry hem peýdaly iýmitlenmek üçin datly tagamlardan ýüz döndermek hökman däl. Iň esasy, söýgüli tagamlaryňyzyň gapdal bykynlaryňyzda gat-gat çykyp, hroniki gastritiň (aşgazanyň nemli bardasynyň çişmesi) ýüze çykmagynyň sebäbi bolmazlygy üçin käbir kadalary berjaý etmeli. Ýogsam, şepbeşik süle ýarmasy diýseň-diýmeseň siziň hemişelik hemraňyza öwrüler.

 

Iýýän iýmitiňiz dürli-dürli bolmaly

Näçe peýdaly hem bolsa, şol bir tagamlardan yzygiderli iýmitlenmegiň hem özboluşly zyýany bardyr. Bu diňe bir islendik adamyny hem şol bir tagamyň irizip biljekdigi üçin şeýle däl. Çünki aşgazan hem endik edip bilýär. Eger-de ony täze tagamlar bilen geň galdyryp durmasaň, ol diňe siziň elmydama iýmitlenýän şol bir tagamlaryňyzy gaýtadan işlemek üçin niýetlenen kesgitli fermentleri bölüp çykarar. Bu diýildigi, islendik täze tagamyň aşgazanyňyz tarapyndan, iň bolman-da, özleşmän bilmezlik howpy bar.

 

Islendik zatda deňagramlylyk bolmaly

Iýmit size lezzet, şatlyk hem güýç-gaýrat bermeli. Ýöne bu güýç-gaýrat siziň sarp edip biljek möçberiňizde bolmaly (!). Eger günüň ikinji ýarymynda hiç hili fiziki güýç sarp etmeli işiňiz bolmasa, onda günortanlyk naharynda aşa düşýänçäň iýmegiň manysy ýok. Bu ýagdaýda siz iýen kaloriýalaryňyzyň ählisini sarp edip bilmersiňiz, olar siziň bedeniňizde artykmaç kilogramlar bolup saklanyp galar. Galyberse-de, iň soňky derejede işlemäge mejbur bolan aşgazan hem size «sagbol» aýtmaz. Nahar iýmeklige maýa goýumlar hökmünde garaň. Gowrulan ýeralmany uklap barýan organizme «goýum» etmegiň manysy ýok. Mekdepden soňra, öňüňde uzak gün işjeňlik, sapaklardyr dostlar bilen duşuşyklar barka welin, baş üstüne.

 

Naharlanmagyň yzygiderliligi

12-den 17 ýaşa çenli organizm işjeň ýagdaýda ösýär. Şonuň üçin hem oňa hemişe energiýa zerurdyr. Göwnüňize, hiç zat bilen meşgullanmaýan ýaly bolsaňyz hem, içiňizde giden bir prosesler bolup geçýär — boý, ähli agzalar we ulgamlar ösýär. Munuň üçin hemişe iýmit arkaly kabul edip bolýan gurluşyk materiallary — witaminler, mineral duzlar, mikro elementler, kletçatkalar zerurdyr. Şonuň üçin hem yzygiderli naharlanmaly. Iň gowusy — 3 gezek mazaly naharlanmak — ertirlik, günortanlyk we agşamlyk. Şeýle hem aralyklarda ýeňiljek garbanmaly. Iýmitlenmegiň arasy 3-3,5 sagada barabar bolmaly. Ertirlik, günortanlyk we agşamlyk tagamlaryna süýt, kefir, dorag, goýaldylan gatyk, ýogurt, süle ýarmasy, tüwi, graçiha ýarmasy, ösümlik ýagy, syr, çörek, balyk, et, ýumurtga, alma, limon, käşir, kelem, ýeralmasy, hyýar, miwe şiresi, kabaçok ýaly önümler girmeli. Menýuňyzyň üstünde oýlanyň. «Kefir, dorag we süle ýarmasy» içgysgynç eşidilip biler, ýöne olardan taýýarlanylýan kökejikler welin, diýseň tagamly bolýar. Limon bilen bişirilen balyk, kabaçoklardan taýýarlanan çipsiler, alma bilen käşirden ter sykylan miwe şiresi — önümleri utgaşdyrmak arkaly diňe bir dogry hem tagamly iýmitlenmek bilen çäklenmän, eýsem, ökde aşpez hökmünde hem at alyp bolar.

 

Naharlanmagyň tertibi

Nahar wagty günde çen bilen şol bir wagtda bolmalydyr. Nämedir bir zada gyzygan hem bolsaň, iýmitlenmegi unutmaly däl. Beýle edilse, aşgazan-içege agzalarynyň işi bozular, iýmitiň siňmegi hem-de özleşmegi erbetleşer. Eger-de siz günortanlyk naharyna gijä galyp, aşgazanyňyz bolsa, läheň ýaly arlap duran bolsa, işdäni şokolad, çipsi we gazly suw bilen kesip bolmaz. Iň gowusy talabalaýyk naharlanmakdyr. Şeýle hem agşamlyk naharyna gijä galmazlykdyr.

 

Iýýän naharyňyz size lezzet bermelidir

Haçanda biz göwnümize ýaraýan zady iýenimizde, bedenimizde endorfin gormonlary işlenip çykýar. Bu gormonlar göwnüçökgünlige garşy göreşmäge, agyryny azaltmaga, açlyk duýgusyny kadalaşdyrmaga ýardam edýär. Ýagny siziň şähtiňizi açýar. Ýöne gereginden artyk güýmenmeli däldir. Göwnüň göterilip, aşa köp iýmeli däl. Şeýle hem datly (we hökmany suratda peýdaly!), gapda owadanlanyp goýlan tagam bize estetik lezzet berýär, gözümizi dokundyrýar we özümizi oňat duýmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem bu hili terapiýadan ýüz döndermek asla bolmaz.

 

Iýmitden nämäni aýyrmaly

Peýdaly hem tagamly iýmitlenmek örän aňsatdyr. Ýöne organizm üçin nähili önümleriň hem-de tagamlaryň peýda getirmeýändigini anyklamak we olardan gaça durmak gerek. Ýüz dönderilmeli önümler: gamburgerler we çipsiler, tagamly goşundyly kakadylan çörejikler ýagda gowrulan un önümleri çeýnelýän we sorulýan süýjüler tebigy kofe gurplandyryjy we güýçli gazlandyrylan süýji tagamly içgiler tiz tagam

 

Nädip dogry iýmitlenmeli?

Ilki bilen, kiçi tarelkalardan başlamaly. Hawa, hatda dogry iýmiti hem çenini bilip iýmeli. Bir çanak zeýtun ýagyna garylan ýaz işdäaçary size peýda däl-de, zyýan ýetirer. Gabymyz näçe uly bolsa, biz oňa şonça-da köp zat goýasymyz geler. Soňam ony boşatjak bolup jan ederis. Iýmitden aşa düşmezlik üçin, nahary uly bolmadyk gaplarda äberiň. Köpräk çeýnäň. Mazaly çeýnelen iýmit ýeňil siňişýär. Galyberse-de, uly bolmadyk porsiýa tüýs ýerine düşer. Mysal üçin, mekdepde arakesmede islendik tagamlyja iýmitiň uly bolmadyk porsiýasyny mazaly çeýnäp iýip bolýar, soňam uzynly gün özüňi dok hem ýeňil duýup bolýar. Oňa derek gyssanmaç halda äpet bir porsiýada bir zat iýseň, uzynly gün aşgazanyň iýeniňi siňdirip bilmän gezersiň.

 

Iýmit...

Iýmit siziň ýaşaýşyňyzyň manysy ýa-da aňrybaş beden gurluşa ýetmek ugrundaky göreşde ilkinji garşydaşyňyz bolmaly däl. Dogry hem tagamly iýmitlenmek arkaly siz organizmiňize ählitaraplaýyn ösüş we boý alyş üçin zerur bolan maddalary üznüksiz ibermek bilen çäklenmän, eýsem, özüňizi ýakymly pursatlar bilen begendirersiňiz. Geljekde özüňize gerek boljak aşpezlik ukyplaryňyzy ösdürersiňiz.

 

Related Content