Go Back Go Back
Go Back Go Back

Iş berijiler işgärlerini kämil kaka bolmak üçin höweslendirip biljek 7 usuly

Iş berijiler işgärlerini kämil kaka bolmak üçin höweslendirip biljek 7 usuly

News

Iş berijiler işgärlerini kämil kaka bolmak üçin höweslendirip biljek 7 usuly

calendar_today 10 February 2022

Maşgalaly işgärler üçin oňaýly iş şertleri erkekler we zenanlar üçin has giň mümkinçilikleri açýar.

Iş we maşgalany deňagramly saklamak hiç kim üçin hem aňsat däl: karýerasyny unudyp, maşgalanyň gündelik öý ideglerine öz gerdenine atyp, jogapkärçiligini çekmek ýaly talap zenanyň paýyna düşýän hem bolsa, erkekler hem bu ugurda garşydaş basyşa sezewar bolýar.

Bütindünýa Promundo’s 2019 derňewine laýyklykda, kakalaryň köp bö;egi öz çagasynyň we maşgalasynyň durmuşyna has ýakyn bolmak we köp wagt sarp etmek isleýärler, emma bu ugurda olary goldaýan gender we jemgyýet kadalaryň, düzgünleriň we iş ýerde oňaýly şertleriň bolmanlygy sebäpli başarmaýandyklaryny belleýärler.

Maşgalaly işgärler üçin oňaýly iş şertleri erkekler we zenanlar üçin has giň mümkinçilikleri açyp berip, haçan we näçe çaga bolmalydygy baradaky kararyň berýän basyşyny aradan aýyryp, hemmeler üçin işde we öýde mümkinçilikleriniň doly derejede amala aşyrylmagy ýaly, ykdysadyýet we jemgyýet üçin oňaýly täsirini ýetirer.

Şeýle syýasatlara maýa goýmak iş berijiler üçin hem gowy netije getirýär: bu özlerini kompaniýa tarapyndan gymmatlydygyny bilýän bagtly işgär bolmaga, netijede işden ýadamak ýa-da işden galmak ýaly endikler azalyp, işgärler has ýokary öndürijilikli bolýar. Şeýle hem, iş berijileriň deň we inklýüziw iş şertlerini üpjün edip, ýokary mümkinçilikli erkekler we zenanlar üçin iş berijileri özüne çekiji edýär.

Aşakda sanalan, peýdaly ýedi usul arkaly iş berijiler erkekleri tölegsiz zähmede goşant goşmaga, çagasy we maşgalasy bilen has berk arabaglanşyk gurýan erkek işgärlerine goldaw berip biler.

  1. Erkekler bilen bir hatarda ähli işgärleriňize maýyşgak iş şertlerini dörediň

Maýyşgak iş şertleri erkeklere haçan we nirede iş jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmek saýlawy bilen üpjün edip, ideg ediji roluny goldap biler. Şeýle mümkinçilik erkeklere iş talaplaryny amala aşyrmak bilen bir hatarda maşgala zerurlyklaryny wagtynda ýerine ýetirmäge, tölegsiz öý işlerine goşant goşmaga ýardam berýär.

  1. Çaga seretmek boýunça berilýän goldawy kakalar üçin hem elýeterli ediň

Kakalar üçin maliýe ýa-da iş ýerlerinde çaga seretmek boýunça goldawy berilende erkekler çaga seretmek boýunça we maşgala jogapkärçiliklerini deň paýlaşmaga mümkinçiliklere eýe bolýarlar, hususanda çaga seretmäge aýyryp bolýan sagatlary iş sagady bilen deň gabat gelen ýagdaýynda. Çaga seretmek üçin şertler döredilen ýagdaýynda işgärleriň işden galmak ýa-da iş bilen bagly stress ýagdaýlaryny azaldýar.

  1. Kakalary çaga seretmek üçin berilýän rugsady almaga höweslendiriň

Çaga seretmek boýunça tölegli rugsady kakalaryň almagyna höweslendirmek öýdäki gender deňligine bolan goşant bolup, öz gezeginde ene-atalyk babatdaky päsgelçilikleri azaldýar. Kakalara öz çagalary bilen has ýakyn arabaglanşyk gurmaga, olaryň atalyk babatdaky özlerine bolan ynamy ýokarlandyrmaga ýardam berip, çagalarynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Tölegli rugsat şeýle hem iş berijiler üçin oňaýly täsir berýär, işgärleriň täzeleniş akymyny azaldýar, işden kanagatlanmagy hem-de öndürijiligi ýokarlandyrýar, işgärleriň işden ýygy rugsat almaklaryny azaldýar, täze geljek işgärlere iş öwretmek boýunça çykdaýjylary azaldýar.

  1. Erkekleri iş ýerdäki maşgalalar üçin niýetlenen mümkinçilikler we olardan peýdalanmagyň usullary bilen tanyşdyryň

Erkekleriň çaga seretmek wezipesini göz öňüne tutmaýan jemgyýet kadalary sebäpli iş ýerlerde bar bolan maşgala syýasatlaryny we maşgala üçin peýdalary barada soramaga çekinýärler. Erkek işgärleriň maşgala üçin niýetlenen mümkinçilikleri we olar barada bilmekleri, nähili ulanyp bilýändikleri barada habarly bolmaklary has köp erkek işgärleri bu ugurda höweslendirer, şeýlelikde tutuş maşgala şeýle syýasatlaryň bähbidinden peýdalanyp biler.

  1. Erkek işgärlere kaka hökmünde ähmiýet berýän iş ýeri medeniýetini kämilleşdiriň

Erkekleri “maşgala ekleýjisi” hökmünde görülýän jemgyýetdäki kadalar, orunlar we stereotipler olaryň maşgaladaky ideg ediji roluny gymmatsyzlandyryp, olaryň çagasy we maşgalasy bilen ýakyn arabaglanşygy gurmagy babatdaky ynamyny we mümkinçiliklerini azaldýar. Iş berijiler şu meselede işgärleriň arasyndaky diskriminasiýa ýol bermezlik, gaýta kaka hökmünde işgärleriň bir-birleri bilen tejribelerini paýlaşyp, goldaýan ulgam döretmek arkaly goşant goşup bilerler.

  1. Ýokary wezipeli işgärleri nusga bolmaklary üçin höweslendiriň

Erkekler köplenç öz karýerasyna ýetip biljek oňaýsyz täsiriň gorkusy sebäpli çaga seretmek boýunça rugsady almaýarlar. Erkek dolandyryjylar özleri nusga bolup bu meselä ýardam berip bilýärler: olaryň çaga seretmek boýunça rugsady almagy, maşgalalar üçin syýasatlardan peýdalanmagy bu herekediň beýleki işgärleriň arasynda adaty we kada hökmünde görülmegine itergi berer.

  1. Mümkinçilikleriň işgärler we edara üçin peýdalaryndan doly habarly boluň

Ene-atalyk arkaly adamda kämilleşýän häsiýetler – ýolbaşçylyk, üýtgeşmelere uýgunlaşmak, wagt dolandyryş – iş ýerlere geçirip bolýar. Bu başarnyklaryň gymmatlydygyna düşünmek, erkeklerde we zenanlarda, ene-atalarda bu häsiýetlerine işgär beriji hökmünde maýa goýmak edaralar üçin işgärleriň öndürijilki, ökde we uzak möhletli işlemekleri ýaly oňaýly netije berer.