You are here

Intim arassaçylygy — ýaş hem işjeň gyzlarda bolşy ýaly, uly ýaşly zenanlarda hem gündelik berjaý etmeli zerurlyk bolup durýar. Zenan sagdynlygy arassaçylyk işleriniň geçiriliş hiline baglydyr.

Daşky jyns organlarynyň arassalygyny berjaý etmek waginal gurşawyň kadaly düzümde bolmagyna ýardam edýär we mikrofloranyň bozulmak, kandidozyň, waginozyň we beýleki keselleriň ösmek howpuny peseldýär.

Zenanlar üçin intim zolagynyň arassaçylygyny berjaý etmegiň düzgünleri ýönekeýdir. Bu düzgünlere ýörite serişdelerden peýdalanyp, yzygiderli ýuwup durmak, ýörite gündelik prokladkalardan we nemli süpürgiçlerden peýdalanmak ýeterlikdir. Bu serişdeler diňe bir öýde däl, eýsem mekdepde, dynç alyşda we syýahatda hem serginligi we arassaçylygy saklamaga mümkinçilik berýär.

 

Intim zolagy arassa saklamagyň düzgünleri

1. Gündelik ýuwnup durmaklyk

Ýyly suw ýuwunmaly (39 °С-dan geçmeli däl), elleriň arassa bolmaly. Bakteriýalaryň zenan jyns organyna düşmegini öňüni almak üçin elleriň bilen öňden-yzlygyna hereket etmeli — daşky jyns organlaryndan yzky bölege çenli.

Zenan intim arassaçylygy üçin niýetlenilen ýörite serişdeler bilen hem ýuwunmak bolar. Munda emaý bilen hem kadaly hereket etmeli. Ýuwup bolanyňyzdan soňra, arassa ýumşak süpürgiç bilen jyns organyňyzyň töweregini süpürmeli. Aýbaşy döwründe günde 2-3 gezek ýuwup durmak maslahat berilýär.

2. Intim arassaçylygy üçin serişdelerden peýdalanmak

Intim arassaçylygy üçin niýetlenilen ýörite serişdelere ähmiýet bermezlik bolmaz. Ginekolog bilen maslahatlaşyp, hut size laýyk gelýän arassalaýjy gel ýa-da süýt saýlap bilersiňiz. Optimal düzüm mikroflorany goraýar we pH-nyň tebigy deňagramlylygyny saklaýar (gowşak turşulykly gurşaw).

3. Ýola çykanyňyzda ýanyňyza çygly süpürgiçleri alyň

Intim arassaçylygy üçin ýörite çygly süpürgiçler — ýola çykanyňyzda intim zolagyňyzyň arassaçylygyny saklamak üçin ajaýyp ýardamçydyr. Bu süpürgiçlere arassalaýjy serişdeler siňdirilendir we olar zerurlyk ýüze çykanda ulanmak üçin örän amatlydyr.

4. Gündelik prokladkalardan peýdalanyň

Gündelik ulanmak üçin niýetlenilen prokladkalar — diňe bir intim arassaçylygy berjaý etmek üçin däl, eýsem, içki geýimleriň arassaçylygyny saklamak üçin hem ajaýyp serişdedir. Prokladkalary günde 4-5 gezek çalşyp durmaly. Öň barlagdan geçiren prokladkaňyzy ulanyň. Özüňiz üçin amatlysyny saýlaň we uzakly gün özüňizi rahat duýuň.

5. Oňaýly içki geýim geýiň.

Sintetiki matalardan edilen dar içki geýimler kiçi taz organlarda durgunlyk ýagdaýyna getirip, gan aýlanyşygyna bozup hem-de keselleriň döremegine we sowuklama hadysalaryna getirip biler. Tebigy materiallarda edilen, howa geçirýän we biliňi gysmaýan oňaýly geýimleri saýlaň. 

Galyberse-de, «oňaýly» diýildigi — «owadan däl» diýmegi aňlatmaýar. Bu günki gün içki geýimleri öndürijiler pagtadan, zygyrdan we beýleki materiallardan edilen köp sanly täsin we göze gelüwli nusgalary hödürleýärler.

6. Aýbaşy günlerinde arassaçylyk babatda unutmaň

Köpsanly adamlar aýbaşy döwründe hammama ýa-da duşa känbir girmeli däl diýip ynanýarlar. Emma hakykat ýüzünde bu düýbünden tersinedir: şular ýaly günlerde arassaçylyga aýratyn üns bermeli.

Aýbaşy döwründe zenan jyns organynyň mikroflorasynyň bozulmak we kesel döremek howpy ýokary bolýar. Şu günlerde zenan intim arassaçylygy mümkin boldugyndan ýokary derejede bolmaly.

Diňe optimal pH düzümi we tebigy düzümi bolan serişdeleri peýdalanyň. Tamponlary we prokladkalary yzygiderli çalşyp durmagy unutmaň.

 

GEÇIŞ

Intim arassaçylygyny berjaý etmegiň düzgünleri ýönekeýdir. Emma olaryň berjaý edilmezligi köp sanly ýaramaz netijeleri ýüze çykaryp biler.

Goý, bu düzgünler siziň endigiňize öwrülsin. Şonda siz durmuşyňyzyň islendik pursatynda özüňizi rahat we ynamly duýarsyňyz.