Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

JÝAGI nämekä?

JÝAGI nämekä?

News

JÝAGI nämekä?

calendar_today 15 February 2022

Bu - Jyns Ýollary Arkaly Geçýän Infeksiýalar. Olaryň käbirleri başga ýollar, mysal üçin, ganyň üsti bilen, keselli eneden çaga, beden gatnaşygy, umumy ulanylýan elsüpürgiç we daşlyk arkaly hem geçir bilýärler. Has giňden ýaýran JÝAGI-lar - gonoreýa, hlamidioz, merezýel, trihomonoz, daşky jyns organlarynda gerpes, daşky jyns organlarynda düwürtikler, gepatit B we С, adamyň immun-defisit wirusy, adamyň papilloma wirusy.

JÝAGI-ň alamatlary nähili bolýarka?

Köp JÝAGI-ň alamatlary meňzeş bolýar. JÝAGI-ň umumy alamatlary: örgünler, ýaralar, jyns agzalarynyň agzynyň töwereginde düwürtijekler ýa-da düwürtikler; jyns agzalarynyň agzynyň töwereginde gijilewük we awuşatma; agyry we awuşatma bilen geçýän ýygy-ýygydan buşukma; jyns agzasynyň agzyndan çykýan üýtgeşik suwuklyklar; ýakymsyz ys. Geçirilen barlaglardan görnüşi ýaly, infeksiýa bilen kesellän aýallaryň 70%-de we infeksiýa bilen kesellän erkekleriň 30%-de käbir keseller hiç hili alamatsyz geçýär, şol sebäpli olar bejergi almaýarlar we bilmän başga adamlara hem zeper ýetirip bilerler.

JÝAGI-ň netijeleri we täsiri näme?

JÝAGI-lar adamyň nesil saglygyna täsir edýärler, ýagny, jyns agzalaryna zeper ýetirýärler şeýle hem aýalyň we erkegiň önelgesizligine, töklük ýagdaýyna, ýatgydan daşky göwrelilige ýa-da ony wagty dolýança göterip bilmezlige sebäp bolýarlar. JÝAGI-y özbaşdak bejerip bolmaýar we öz-özünden bejergisiz geçmeýär. Bu kesel aňsatlyk bilen ötüşen derejä geçip biler we beýle ýagdaýda ony bejermek has hem kyn bolýar.

Eger-de sende JÝAGI-ň alamatlary peýda bolan bolsa, näme etmeli?

JÝAGI-y bejermek üçin lukmana ýüz tutmaly! Nädogry, özbaşdak bejergi keseliň çynlakaý gaýra üzülmekligine we bejergisi kyn geçýän keseliň ötüşen derejesiniň güýjemegine getirip biler. Hat-da sen özüňi has gowrak duýýan we keselden doly saplanan hasap edýän hem bolsaň, hökman ikinji, üçünji gezekler hem lukmana görün! Öz jyns gatnaşygyny saklaýan ýoldaşyňa: ol özüni barlatmalydygy we gerek bolsa bejergi almalydygy barada aýt! Lukmanyň hemme maslahatlaryny dogry berjaý etmek bilen, bejerginiň doly kursuny geçmeli. Tä bejergi tamamlanýança we tä lukman jyns gatnaşygyny dowam etmek üçin rugsat berýänçä jyns gatnaşygyndan saklanmaly. Öz-özüňi bejermek bilen meşgullanmaly däl we tanyşlaryň hödürleýän derman serişdelerini ulanmaly däl. Öz ulanýan derman serişdeleriňi başgalara hödürlemeli däl.

JÝAGI-ň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek üçin kime ýüz tutmaly?

Eger JÝAGI-ň alamatlary peýda bolan bolsa, deri-wenerologik dispanserlerine ýa-da merkezlerine, ginekolog ýa-da urolog lukmanlaryna ýüz tutmaly!

Sen dogry hereket edersiň, eger...

Alkogol içgilerini içmeýän we neşe serişdelerini ulanmaýan bolsaň; Lukmançylyk proseduralary, gulak deşmek, tatuirowka etmek we ş.m. işler üçin zyýansyzlandyrylan we/ýa-da bir gezeklik gurallardan peýdalansaň; Jyns agzalaryny arassa saklamak kadalaryny berjaý edýän bolsaň (gyzlar üçin; oglanlar üçin); Jyns gatnaşyklaryndan, esasan hem tötänleýin jyns gatnaşyklaryndan saklanmak barada karar kabul etseň; Jyns gatnaşygyny saklamak üçin diňe bir keselsiz ýoldaşly bolmak we oňa wepaly bolmak barada karara gelseň; Elmydama hili gowy prezerwatiw ulanýan bolsaň.

Ýatda sakla!

Jyns gatnaşyklaryndan saklanmak - bu kinaýaly gülküler üçin sebäp we patologiýa däl, bu diňe bir pikirlenmek we belli bir karary kabul etmek üçin wagt. Diňe öz gelen kararyňa doly ynamyň bar bolan ýagdaýynda, haýsydyr bir hereketleri etmäge girişip bilersiň.