Go Back Go Back
Go Back Go Back

Janyňa kast etmek barada oýlanyp gördüňizmi?

Janyňa kast etmek barada oýlanyp gördüňizmi?

News

Janyňa kast etmek barada oýlanyp gördüňizmi?

calendar_today 19 August 2021

Janyňa kast etmek barada oýlanan bolsaňyz, siziň agyryňyz ýeňip bolmajak ýaly görünýändir. Göreşmek üçin güýjüňiz ýetmejek ýalydyr, we çykalga ähli kynçylyklary bilen bilelikde ýaşaýyşyňy öçürip goýbermek  iň aňsat ýoly ýaly görünýädir. 

Janyňa kast etmek baradaky pikirleri ýeňip geçmegiň usuly bar. We olar hakykatdan hem peýdaly.

 

Näme üçin janyňa kast etmek barada oýlanýaň?

Häzirki wagtda nähili ejir çekýäniňe garamazdan sen ýeke däl. Biziň hemmämiz durmuşymyzyň bir ýerinde jana kast etmek barada oýlanyp gördük. Sizde şeýle pikirler dörän hem bolsa, bu siziň däli, gowşak ýa-da kemlidigiňizi aňladanok. Ol häsiýetiňiziň kemi däl, erkiňiziň ýoklugyny ýa-da gysga wagtlyk üns çekmek isleýändigiňizi aňladanok.

Pikirleriňiz ejir çekýäniňizi aňladýar, we häzirlikçe ol ejir siziň çekip-çydap biljegiňizden ýokary gelýändiginiň alamaty.

 

Bu güýçli islegi ýeňmek üçin näme etmeli?

Dünýä belli, sylaglanýan we zehinli adamlaryň köpüsi siziň häzirki ýagdaýyňyzda bolup gördi. Biz hem düşüp gördük. Agyryny-ajyny birje göz açyp-yumasy salymda tiz we mydamalyk aýyrmak isledik. Söýgüniň, sylagyň, goldawyň, ynamyň we umydyň ýoklugyndan çekilýän ejire garşy iň netijeli çykalga janyňa kast etmek dogry görünýärdi.

Ýöne agyryny bejerip bolýar we täze umydy hem döredip bolýar.

Siziň ýagdaýyňyza garamazdan, siz kimdir birine hökman gerek. Käbir zatlary üýtgedip biljek ýerleriňiz bardyr. Ýaşamagyň dogrudygyny görkezýän ýatlamalaryňyz bardyr.

Uçudyň gyrasyndan ätlemek üçin hakyky mertlik gerek. Eger siz şu ýere gelen bolsaňyz, diýmek sizde şol mertlik bar. Siz ony durmuşyň ýüzüne göni bakmak, agyryňyza hötde gelmek we durmuşy dowam edip, öňe gitmek üçin ulanyň. 

 

Ýatda saklaň:

  • Siziň duýgularyňyz elmydama üýtgäp durýar, ol ýagdaý ADATY. Begenç, gussa, şadyýanlyk, gynanç, mähir, gahar, kanagatlanma, ganygyzgynlyk we başgada müňdürli duýgulary başdan geçirmek – ADATY. Siz adam, gurjak däl. Şu günki duýýan zadyňyz düýnki duýanyňyzdan ýa-da ertirki, bir hepde soňky duýjagyňyzdan tapawutly. Ähli zatlar haçanda bolsa bir gün hökman üýtgär. 
  • Siziň ýoklugyňyz ýakynlaryňyza we dost-ýarlaryňyza gynanç we ezýet getirer. Ýakyn adamlaryňyz häzir ýok diýip hasaplaýan hem bolsaňyz, ol beýle däl. 
  • Durmuşyňyzda ýerine ýetirip biljek gaty köp zadyňyz bar. Hiç hili göz öňüne getirmeýän zatlaryňyz hem bolup biler. Ýöne olar siziň durmuşyňyzda dörän wagty siz olara haýran galarsyňyz. 
  • Durmuşda size lezzet getirjek şekiller, sesler we başdan geçirmeler garaşýar. 
  • Siziň gynanç duýgularyny başdan geçirmek ukybyňyz begenç duýgusyny başdan geçirmek ukybyňyz bilen deň.

 

Näme üçin janyňa kast etmek ýeketäk çözgüt hökmünde görünýär?

Janyňa kast etmek netijesinden başga netije barada pikir edip bilmeýänligiňiz başga çykalganyň ýoklugyny aňladanok. Olar bar, ýöne edil häzirki ýagdaýda siz ýorgun, gaharly we tukat, şonuň üçin siz olary görüp bileňzok.

Siziň başdan geçirýän güýçli emosional agyry duýguňyz siziň pikir ýöredişiňizi ýoýulmagyna getirýär, şol sebäpli bolup biläýjek çykalgalary ýa-da size kömek edip biljeklerden kömek sorap bolýandygyny görmegi başardanok.

Psihoterapewtler, maslahatçylar, dostlar we ýakyn adamlar size aýdyň bolmadyk çözgütleri tapmaga ýardam berer. SIZE KÖMEK ETMÄGE OLARA MÜMKINÇILIK BERIŇ, HAÝYŞ EDÝÄRIS!

 

Janyňa kast etmek krizisi elmydama wagtlaýyn.

Siziň derdiňiz we betbagtçylyklaryňyz hiç haçan soňlanmajak ýaly görünýär. Emma krizisler adatça wagtlaýyn. Çözgütler tapylýar, duýgular üýtgeýär, garaşylmadyk wakalar bolup geçýär we olar köplenç haýran galdyryjy we şatlykly bolýar. 

Ýatda saklaň: janyňa kast etmek – wagtlaýyn meseläniň mydamalyk çözgüdi. Bir zatlaryň üýtgemegi üçin özüňize wagt beriň.

Hatda iň çykgynsyz görünýän meseleleriň hem çözgüdi bar. Dogry çözgüdi ýa-da birnäçe çözgütleriň utgaşygyny tapmak üçin köplenç dürli ýollar bilen çemeleşip görmeli bolýar. 

 

Janyňa kast etmek baradaky pikirleriňize nähili garamaly?

Häziriň özünde janyňa kast etmek barada oýlanýan bolsaňyz:

№1 ädim: Edil häzir hiç zat etmejegiňiz bärada söz beriň

№2 ädim: Narkotiki we alkogol serişdelerden daş duruň

№3 ädim: Öz öýüňizi howpsuzlandyryň

№4 ädim: Janyňa kast etmek baradaky pikirleriňizi kelläňizde saklamaň

№5 ädim: Adamlar şeýle ýagdaýlardan HAKYKATDAN hem geçýändigine ynanyň

 

Kömek soramak

Häzirki ýagdaýda şeýle däldigine garamazdan size kynçylygyňyzda kömek etjek, ýardam berjek adamlar köp. Kimdir birine ýüz tutuň. Häzir ýuzleniň. Özüňize №1 ädimde 24 sagat ýa 1 hepde söz beren bolsaňyz, bu wagty kyn ýagdaýyňyz barada birine gürrüň bermek üçin ulanyň.

Siziň ýagdaýyňyz barada garşylyk görkezmejek, duýgularyňyzy ýazgarmajak we “pikirleriňi taşlasana” diýmejek biri bilen gürleşiň. Sizi sadaja Ynanç telefonyna jaň edip bilersiňiz (22-93-89)

 

NETIJE

Emosional ajy duýgular janyňa kast etmek baradaky pikirlere getirip biler. Ol ezýetiň sebäbi her birimiz üçin aýra, ony ýeňip geçmegiň ýoly hem adamdan adama üýgteýär.

Janyňa kast etmek baradaky bir pikiriňizi ýeňip bilen bolsaňyz, siz bu ýagdaýdan baş alyp çykmagy başararsyňyz. Köp sagboluň!

 

Related Content