Go Back Go Back
Go Back Go Back

Janyňa kast etmek baradaky pikirlerden nädip üstün çykmaly

Janyňa kast etmek baradaky pikirlerden nädip üstün çykmaly

News

Janyňa kast etmek baradaky pikirlerden nädip üstün çykmaly

calendar_today 17 August 2021

Biziň kellämizde elmydama köp pikirler bar. Käbiri hakykatda janlanman, tiz wagtda kellämizden ýitip gidýär, käbirleri bolsa kellämizde mydamalyk ornaşyp, bizi ömür boýy yzarlap gezýär. 

Bulary nädip ýeňmeli?

 

Gürleşiň

Janyňa kast etmek baradaky pikirler kelläňizde bar bolsa, bu barada biri bilen hökman gürleşiň. Sizi biynjalyk edýän zat barada gürrüň beriň. Bu pikirleriňiz barada gürleşmäge taýýar däl bolsaňyz, ýönekeýje zatlar barada ýüzbe ýüz pikir alyşyň. Hemme adamlardan daşlaşmak we gizlenmek pikiriňizde bar hem bolsa, ýakyn adamlaryňyzdan siz bilen wagt geçirmeklerini, ýanyňyzda bolmaklaryny haýyş ediň. 

Her gün hökman gürleşmeli.

Ýüzbe-ýüz gürleşmäge sizde hiç kim ýok bolsa, onda ynanç telefonyna (22-93-89) jaň ediň we öz duýgularyňyz barada gürrüň beriň. 

 

Howpsyzlyk meýilnamasyny düzüň

Janyňa kast etmeklik krizi döwründe yzarlap biljek bir meýilnamaňyzy düzüň. Meýilnamaňyza ähli etjek iň kiçi hereketleriňize çenli ýazyň:

  1. Oýanmak
  2. Dişiňi ýuwmak
  3. Ýüzüňi ýuwmak
  4. Pişigiňe/itiňe iým bermek
  5. Ertirlik edinmek we ş.m.

Hiç bir ýagdaýa we islemeýändigiňize garamazdan bu ädimleri yzarlaň. Siziň duýgularyňyz kontroldan çykan ýaly görünýän hem bolsa, kadaly tertip-düzgün pikirleriňiziň yzygiderligini saklamana we durmuşyňyzda ýene ädimleriň bardygyna ynamly bolmana ýardam berer.

Bu meýilnamada, siziň gözüňiziň öňünde elmydama kömege gelip biljek maşgala we bejergi beriji lukmanyňyzyň, dostlaryňyzyň ýa-da maşgala agzalaryňyzyň telefon belgisini belläň. 

 

Güne çykyň

Günde daşarda ýa-da tebigatda azyndan 30 minut wagt geçiriň. Dört diwaryň arasynda öz özüňi izolirlemek we daş-töweregiňdäki dünýäniň sizden, siz hem ondan daşlaşan ýaly duýmak juda aňsat. Daş çykyň. Gezelenç ediň, dükanlara aýlanyň, şäheri surata düşüriň. Bu durmuşa gatyşmak üçin sebäp tapyň. 

 

Fiziki maşklary ýerine ýetiriň

Siziň janyňyza howpsyz derejede, emma gaty köp dogumlylyk bilen maşklary ýerine ýetiriň. Maksimal derejede peýda almak üçin günüň dowamynda azyndan 30 minut maşk ediň.  

Ýöne azdan başlap bilersiňiz. Günüň dowamynda 3 gezek gaýtalap, her gezekde 10 minut maşk ediň, bu siziň saglygyňyza we özüňizi duýuşyňyza oňaýly täsir eder. Maşklary meýilleşdiriň we ony günlik meýilnamaňyza goşuň. 

 

Ýerine ýetiriň

Häzirki wagtda size lezzet berýän zat az hem bolsa, öňki lezzet alýan zatlaryňyzy ýatlaň we olary ýerine ýetiriň. Burçdaky kafe gidip iň halaýan bulkaňyzy iýmek, kakao taýýarlamak, surat çekmek, polka ýasap asmak, günüň batyşyny synlamak. 

Beýnimiz nusga boýunça işleýär. Haýsydyr bir iş size öň lezzet getiren bolsa, siz ony yzygiderli ýerine ýetiren bolsaňyz, häzir hem şeýle hereketden soň bedeniňiz şol öňki himiki maddalary bölüp çykarar.

Sizde hökmän lezzet beren bir işiňiz bardyr! Hereket ediň!

 

Öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetiň

Siziň öňüňizde goýan maksatlaryňyz we arzuwlaryňyz hökman bolandyr. Meselem, siz bir ýere gitmek islänsiňiz, haýsydyr hem bolsa bir kitaby okamak islänsiňiz, öý haýwanyny almak islänsiňiz. Başga ýere göçmek islänsiňiz, täze bir işi öwrenmek islänsiňiz, meýletinçi bolmak islänsiňiz, mekdebe gaýdyp barmak ýa-da maşgala gurmak islän bolup bilersiňiz. 

Ýadyňyza düşen ähli zady ýazyň. We yzygiderlikde olary iň ýeňilinden başlap ýerine ýetirmäne başlaň. 

 

Ýekelikden gaça duruň

Hökmany suratda 24/7 köpçülikde bolmaly diýen zat ýok, biziň hemmämize gürrüňlerden soň özümize gelmek üçin we ýeke özümiz galmak üçin wagt gerek. Emma siz özüňizde janyňyza kast etmek baradaky pikirleri gören bolsaňyz, ýekelikde galýan wagtyňyzy juda azaltjak boluň. 

Ýekelik siziň ýagdaýyňyzy agyrlaşdyryp biler. Dostuňyzy ýa-da maşgalaňyzy görmäne çykyň, ýa-da telefon üsti bilen biziň ynanç telefonymyza (22-93-89)  jaň ediň.

 

Alkogol ýa-da narkotiki serişdeleri ulanmaň

Narkotiki serişdeler we alkogol siziň aňyňyza güýçli täsirini ýetirip bilýär we siziň depressiýaňyzy güýçlendirip bilýär, meseläňizi çözmeklige päsgel berýär. Narkotik serişdeleriň we alkogolyň täsiri bilen çürt-kesik hereket etmek töwekgelçiligi ýokarlanýar – serhoş däl ýagdaýda etmejek hereketleriňi etmegiň mümkin.

 

Janyňa kast etmek baradaky pikirleriňizi göýberiň

Hawa, olar sizi bimaza edip durandyr. Emma olar barada ýöriteläp pikir etmeli däl, şeýle etseňiz olar öňkiden hem güýçlener we sizi günüňize goýmaz. Ýaramaz pikirleri kelläňizde aýlap, olary başga şekillere geçirmäň. Ünsüňizi sowuň. Janyňa kast etmek baradaky pikirleriňiziň arasynda arakesme alsaňyz, olar size biraz gowulaşmaga ýardam berer. 

 

Krizisden soň täzeden aýaga galmak

Janyňa kast etmek baradaky pikirleriňiz biraz kelläňizden giden hem bolsa kömek üçin ýüzleniň. Şeýle emosional agyryny ýaşamagyň özi hem size şikes ýetirýär. Saglyk öýlerindäki maşgala lukmanyndan psihiatra gönükdirme alyp bilersiňiz. 

Möhüm! Beýle herekediňiz sizi psihiki näsaglygyňyzy aňladanok. Şeýle hereketiňiz siziň psihiki saglygyňyz barada alada edýänligiňizi görkezýär.

Bejergi alsaňyz geljekde gaýtadan şeýle emosional krizise düşmegiňiziň öňüni alar.

Siziň ýagdaýyňyz derman bejergisini talap etmeýän ýagdaýynda psihoterapewt sizi  psihologa ýollar.

 

NETIJE

Gynanç, gahar we lapykeçlik duýgulary başdan geçirmek – adaty. Emma bu duýgular sizi çykgynsyzlyga getirýän bolsada, hiç hili çykalga görüp bilmeýän hala getirýän bolsada – saklanyň.

Özüňize wagt beriň, janyňa kast etmeklik baradaky pikirler krizisinden çykmagyň dürli ýollaryny synap görüň, kimdir biri bilen hökman gürleşiň.

Ine görersiňiz, siz bu ýadgaýy hem ýeňip geçersiňiz.

Siziň ömrüňiz – size berilen iň uly gymmatlyk.