Go Back Go Back
Go Back Go Back

Joralar bilen söhbetdeşlik

Joralar bilen söhbetdeşlik

News

Joralar bilen söhbetdeşlik

calendar_today 27 November 2021

1) Zenanlaryň we gyzlaryň saglygy baradaky taslama başlamaga näme itergi berdi?

Özümiz hem ýetginjek gyzlar bolup göremizsoň, oňaýsyz görünýän soraglarymyza jogap tapmagyň nähili kyndygyna göz ýetirdik. Bir wagtlar "Aýbaşym kadalymy?", "Jynshanamdan suwuklyk gelýär, bu adaty zatmy?", "Näme üçin entek durmuşa çykmadyk bolsam-da ginekolog lukmanyň ýanyna barmaly?" ýaly soraglary kime bermelidigini bilmeýärdik. Uly adamlara şeýle soraglary bermäge utanýardyk, internetden jogap gözlemek ygtybarly däldi, dostlarymyzdan ýa-da synpdaşlarymyzdan soramagyň peýdasy ýokdy, sebäbi olaram aslynda üýtgeşik maglumat bilmeýärdiler.

Öz bedenimiziň işleýşiniň esaslaryny bilmezlik dürli myş-myşlaryň we gorkularyň ýaýramagyna, çişme prosesine ýa-da bejerilmedik güýçli aýbaşynyň agyrysy sebäpli aşa köp derman içmek ýaly geljekde saglyk meseleleriniň döremegine sebäp bolýar – ginekolog lukmana wagtynda ýüz tutulan ýagdaýynda bu meseleleriň öňüni alyp bolýandygyna, ginekolog lukmanyň kömegi diňe jynsy işjeňligi bar zenanlar üçin däldigine düşünmelidir. 

Biz lukmanlar hökmünde ýaş watandaşlarymyzyň subutnamalara esaslanýan lukmançylyk ýörelgelerine we Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna esaslanýan saglyk hakda ygtybarly maglumatlary okap biljek bir çeşme döretmek isledik.

Ýöne ýetginjek üçin gury lukmançylyk faktlarynyň içgysgynç bolup biljekdigini göz öňünde tutup, psihologiýa, şeýle hem şahsy ideg, bilim (wagt dolandyryşy, maksat okgunlylyk) ýaly ugurlary goşmak bilen mazmuny diwersifikasiýa etmegi makul bildik. Ulanyjylaryň sahypamyzda galmagyny dowam etmegi interaktiw çäreleri (sorag-jogap, Instagram story wiktorina) taýýarlaýarys. Şeýlelik bilen gyzlar saglyk hakda möhüm maglumatlary deri idegi barada okap otyrkalar ýada ýörite saýlanan filmler sanawyny öwrenipotyrkalar öwrenýärler.

 

2) Zenanlaryň reproduktiw hukuklaryny bilmeginiň näme üçin möhümdigini aýdyp bilermisiňiz?

BSGG-nyň kesgitlemegine görä, reproduktiw hukuklary erkekleriň we zenanlaryň reproduktiw saglygy, şol sanda çaga dogurmaklyk, dogjak wagty wedogum aralygy barada erkin we garaşsyz karar bermäge, şeýle-de bu meseleler boýunça maglumat almaga hukugy bardyr.

Aslyna seredenimizde, reproduktiw ukybyna diňe zenanyň özi karar berýär. Her bir aýal hiç kimiň täsiri astynda galmaz ýaly reproduktiw hukuklary barada bilmelidir. Zenan öz reproduktiw hukuklaryny bilse, ol hakda özbaşdak ynamly karar berip, özüni reproduktiw zorlukdan gorap biler. Bilim güýçdir.

 

3) Zenanlarymyzy näme alada goýýar? Zenanlarymyz wegyzlarymyz köplenç haýsy soraglary berýärler we kimler jogap berýär (toparyňyzdaky hünärmenler)?

Sahypamyzyň okyjylary esasan 17-25 ýaş aralygyndaky gyzlar. Şeýle hem, 17 ýaşa ýetmedik gyzlar we 30 ýaşdan uly zenanlar hem bize ýazdylar. Şonuň üçin soraglar her dürli bolup bilýär. Ýöne, ugurlar boýunça bölsek, gyzlaryň aglabasy saglygy barada alada edýär. Olar köplenç aýbaşydaky näsazlyklar, PMS, agyryly aýbaşylar, şahsy gigiýena hakda soraýarlar. Ynha umumy soraglara mysal edip:

- Aýbaşym bir aýda iki gezek geldi. Bu gorkulymy, men näme etmeli?

- Aýbaşym bir hepdeläp dowam edýär, bu köpmi?

- Siz jynshanany duş bilen ýuwmaly däl diýip postuňyzda ýazypdyňyz, munuň sebäbi nämekä? Men-ä jynshanamy elmydama şeýdip tämizleýärin.

Şeýle soraglara ginekologymyz jogap berýär. Emma, sorag lukmanyň barlagyny talap edýän bolsa, gyza ginekolog bilen ýüzbe-ýüz habarlaşmagyny maslahat berýäris.

Psihologiýa baradaky mazmuna has köp üns berip başlanymyzdan soň, gyzlaryň hatlary köpelip ugrady, mysal üçin ene-atalary bilen dawaly hekaýalaryny paýlaşdylar. Ene-atalary bilen gatnaşyklaryny gowulaşdyrmak üçin biziň maslahat bermegimizi haýyş etdiler. Şeýle soraglary biz psihologymyza berýäris, olam giňişleýin jogap berýär.

Gyzlaryň başdan geçiren fiziki sütemleri hakda hatlar gelýärdi. Olar depressiýanyň alamatlaryndan zeýrenip, hat-da öz janyna kast etmek pikirleri hakda ýazypdylar. Munuň ýaly hekaýalara öň gabat gelmämizsoň entek subut edilen algoritmimiz ýokdy, şonuň üçin beýle ýagdaýlarda nädip kömek etjegimizi bilemzok. Biziň edip biljek ýekeje zadymyz, gyzy mugt maslahat üçin psihologymyza gönükdirmekdi. Geljekde şeýle ýagdaýlarda gyzlara kömek etmek barada has köp maglumat edinmek isleýäris.

 

4) Taslamaňyzyň zenanlaryň ýa-da gyzlaryň durmuşyna nähili täsir edendigi barada üstünlikli bir hekaýa paýlaşyp bilermisiňiz?

Gyzlaryň soraglaryna berýän jogaplarymyzyň belli bir derejede kömek edýändigine ynanýarys. Galyberse-de, pitiwa bermezlik sebäpli elmydama köp oňaýsyzlyklar we görgüler ýüze çykýar. Haçanda soraglaryňyza jogap tapanyňyzda, mundan soň näme etmelidigiňizi özbaşdak kesgitläp bilýärsiňiz.

Şeýle mysallaryň biri, psihologyň goýan Instagram postunyň yzysüre, stories-lerinde gazlaýtning synagyny geçirdi, teswir hökmünde bir gyz bize söýgülisiniň özüne ýüz tutan gazlaýtning alamatlarynyň hemmesini sanap, bize hat ýazdy. Gatnaşyklarynda nädogry bir zadyň bardygyny duýýandygyny, dawa-jenjelde özüni günäkär hasaplap, hemişe özünde bir mesele gözleýändigini aýtdy. Şol gün bolsa, ol bu manipulýasiýa bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolupdy. Toý etmezlerinden öň bu ýigit bilen özüniň "däli" däldigini, manipulýatoryň pidasy bolandygyny bilip, gaty begendi.

Ýene bellärlikli waka, bir zenan eýýäm 10 ýyl bäri ýatgynyň içine goýulýan spiral bilen gezip ýörendigi barada bize hat ýazdy. Biz oňa ginekolog lukmanyna gyssagly ýüz tutmagy maslahat berdik, sebäbi ÝIS-yň şeýle uzakgeýilmegi saglyk meselelerine ýol açyp biler.

Şeýle ýagdaýlar käwagt gyzlar sahypamyzda okaýança käbir kynçylyklara duçar bolýandyklaryny bilmeýändigini görkezýär.

 

(Joralar 2019 ýylda Instagramda işläp başladylar. Olaryň topary pediatr lukmanyndan, akuşer-ginekologdan we psihologdan ybarat.)