Go Back Go Back
Go Back Go Back

Kämillige ýetmegiň gijikmegi dogrusynda oglanlar üçin gollanma

Kämillige ýetmegiň gijikmegi dogrusynda oglanlar üçin gollanma

News

Kämillige ýetmegiň gijikmegi dogrusynda oglanlar üçin gollanma

calendar_today 26 February 2022

Kämillige ýetmek döwrüniň deň-duşlaryňyzyňkydan yza galyp başlamagyny başdan geçirmek, elbetde, aňsat bolmasa gerek. Sizden tapawutlylykda, olaryň boýy siziňkiden uzyn we sesleri eýýäm üýtgäp barýar. Siz bolsa, belki-de, aşakda sanalyp geçilen ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolansyňyz:

• boýuňyzyň kiçiligi sebäpli size mekdepde gyjalat berýärler.

• adamlarda siziň aýdýan ýaşyňyzdan hem kiçidigiňiz barada pikir döreýär.

• bedenterbiýe sapaklarynda ýa-da sport bäsleşiklerinde özüňizden has daýawrak we güýçlüräk oglanlardan yza galýarsyňyz.

• siz özüňizi hamala yzda galdyrylan ýaly duýýarsyňyz we özüňiziň “giçki gül” bolup durýandygyňyz sizde biynjalyk döredýär.

Ynha, gowy habar hem bar: Siziň bedeniňiz bularyň hemmesiniň öwezini doldurar. Onsoňam, bedeniňiz güýçli joşup, ösüp, kemala gelip başlajak wagtyna baryp ýetýänçä siziň bagtly we şadyýan bolup galmagyňyza diňe siziň özüňize bagly köp zatlar bar.

 

Nämä köp wagt sarp edilýär?

Köp halatlarda oglanlaryň kämillige ýetmekde deň-duşlaryndan gijä galmagynda gorkuly zat ýokdyr. Maslahatlar:

• Munuň siziň maşgalaňyza mahsus bir zat bolmagy mümkin. Ýagdaýlaryň aglaba köpüsinde, eger oglan giçki gül bolýan bolsa, onda onuň ejesi, ýa kakasy hut şeýle bolandyr (ýa bolmasa olaryň ikisi hem şeýle bolandyr). Şu ýagdaýy haçan başdan geçirendikleri baranda eneň-ataňyzdan soraň. Olar hökman şuňa degişlilikde size ýararly maglumat berip bilerler.

• Siziň bedeniňiz o diýen yza galyp bilmez. Oglanlaryň köpüsi kämillige 9 ýaş bilen 14 ýaşyň aralygynda, ortaça alanymyzda, 12 ýaşda ýetýärler. Eger siz 14 ýaşyňyzy dolduran bolsaňyz we entek hem sizde muňa degişlilikde hiç hili alamatlar ýüze çykmadyk bolsa, onda siziň kämillige ýetmegiňiziň gijä galandygyny aýdyp bolar.

• Belki-de siz bir zatlary gözden düşürensiňiz. Dura-bara sesiňiziň barha ýognajakdygyndan, goltugasty oýtumlaryňyzda, gasygyň töwereklerinde tüýleriň peýda boljagyndan we boýuňyzyň has hem uzyn boljagyndan habaryňyz bar bolsa gerek. Ýöne, ilki bilen, özgerişlere sezewar boljak zat - erkeklik tohumlygy bolan ýumurtgalardyr - olar ulalyp başlaýar. Erkeklik jyns agzasynyň aşagynda bildirmän duran ýumurtgalaryňyz barha ulalyp, siziň bedeniňizde dürli özgerişleriň bolup geçmegine sebäp bolýan, testosteron diýlip atlandyrylýan gormony işläp çykarmaga ukyply bolan derejä ýetýär. Emma olaryň şeýle derejede ulalandygyny göräýmek aňsat hem däl. Garaz, belki-de, sizde kämillige ýetmek döwri eýýäm başlanyp, dowam edip durandyr, ýöne siz entek onuň daşky alamatlaryna üns hem beren dälsiňiz.

• Eliňizden gidiren zatlaryňyzyň öwezini doldyraýmagyňyz hem gaty ahmal. Siziň kämillige ýetmegiňiziň wagtyndan öň, ortaça wagtda ýa-da gijiräk bolandygyna garamazdan, ahyr soňunda siziň ösüp, ýetjek boýuňyzyň hem maşgalaňyz üçin mahsus bir boý bolmagy mümkin. Aslynda, siziň dost-ýarlaryňyzyň, synpdaşlaryňyzyň boýlary ösüp bolandan soň hem siziň entek hem ösmegiňizi dowam etdirmegiňiz gaty ahmal. Entek hem ösmegi dowam etdirýändikleri sebäpli öz dostlaryndan has hem uzyn boýly bolup ýetişýän oglanlaryň sany az däl.

 

Nähili edip, beýleki oglanlar bilen deň gadam basyp bolarka?

Kämillige ýetmek döwrüniň sizde entek hem başlanmandygyna siz hiç alada bildirmäň. Özüňizi beýleki oglanlar bilen deňeşdirmejek boluň. Muňa derek aşakdakylary berjaý etmäge synanyşyň: Bir zady hiç ýadyňyzdan çykarmaň:

Bolup geçmeli bu özgerişleri siz üýtgedip, olaryň bolmaly wagtyndan ir bolmagyny gazanyp bilmersiňiz. Siziň muňa gamgyn bolmagyňyzyň hem haýry ýokdur.

Oňyn taraplaryna nazar aýlaň. Belki-de, kämillige ýetmek döwrüniň sizde entek hem başlanmanlygynyň gowy taraplary hem bardyr. Mysal üçin, sakgalyňy syrmak zerur däl, belki-de, ýygy-ýygydan suwa düşmegiň hem geregi ýokdur! Şonuň üçin, bedeniňiziň haçan özgerjekdigi barada pikir etmejek boluň. Onsoňam, kämillige ýetmek döwrüni başdan geçirýän oglanlar daşyndan uly, ýetişen adam bolup görünseler hem, özlerini hut şeýle adamlara mahsus alyp barmagy başarmaýarlar ahbetin. Kämillige ýetmek döwrüni nähili geçýändigine garamazdan, ol hemmeler üçin kyn döwürdir.

Şeýlelik-de, siziň bu meselede üstünlikli bolmagyňyzy isleýäris. Wagtyňyzy gowy görýän zatlaryňyz bilen meşgullanyp, başarnykly bolan işleriňize sarp edip, hoş geçiriň. Ine, şonda siz özüňiz barada gowy pikirde bolarsyňyz. Şonda siz mekdepde tabşyrylýan ýumuşy amala aşyrmakda, gowy görýän işiňizde (hobbi), dil çeperçiliginde, çekişmelerde, aýdym aýtmakda, teatrda oýnamakda we saz guralyny çalmakda üstünlige eýe bolmak üçin uzyn boýly ýa-da güýçli myşsaly, muskulaturaly bolmagyň hökmany şert däldigine göz ýetirersiňiz. Mekdep sapaklaryndan soň klublara, guramalara işjeň gatnaşyň. Ýa bolmasa, öz gowy görýän işiňize goşant goşuň.

 

Related Content