Aşgabat, 2025-nji ýylyň 4-nji apreli – Her ýyl 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde giň gerimli sport çäresi geçirildi. Ol BMG-nyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde gurnaldy. Bu sport çäresi ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, gender deňligini, sport we bedenterbe bilen meşgullanmagy öňe sürmäge bagyşlandy. Çärä mekdep okuwçylary, talyplar we meýletinçiler, jemi 200-den gowrak adam gatnaşdy.
Çärä köpçülik ylgawy bilen badalga berildi. Okuwçy oglan-gyzlaryň we talyplaryň gatnaşmagyndaky ylgaw – jemgyýetiň agzalarynyň ýaşyna ýa-da jynsyna garamazdan sagdyn durmuş ýörelgesine ymtylmalydygyny nygtaýan bitewüligiň nyşanyna öwrüldi.
Soňra gatnaşyjylar dört parallel toparlara bölünip, dürli sessiýalara gatnaşdylar:
- Iki topar üçin gender deňligi baradaky interaktiw sessiýalar geçirildi. Onda sportdaky gender stereotipleri, gyzlaryň we oglanlaryň mümkinçilikleri, zenanlar üçin sportuň ähmiýeti hem-de oglanlaryň gender deňligini öňe sürmekdäki roly ara alnyp maslahatlaşyldy.
- Üçünji topar diňe gyzlardan düzülip, olar üçin kikboks we taekwondo boýunça ussatlyk sapagy geçirildi – sportuň bu ugurlary köplenç «erkek sporty» diýip hasaplanylýar.
- Dördünji topar diňe oglanlardan düzülip, oňa gatnaşanlara Aşgabatdaky ýoga merkeziniň tälimçisi tarapyndan ýoga sapagy geçirildi. Bu sapak Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldamagynda gurnaldy.
Çäre ýaş gimnastlaryň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň aýdym-saz toparynyň owadan çykyşlary hem-de baýrak gowşurylyş dabarasy bilen jemlendi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we UNFPA-nyň ýolbaşçylary köpçülik ylgawynda üstünlik gazanan ýaşlary sylagladylar.
Bu çäre her bir ýaş adamyň jynsyna garamazdan sportda we jemgyýetçilik durmuşynda deň mümkinçiliklere eýe bolmagyny göz öňünde tutýan inklýuziw we sagdyn jemgyýetiň döredilmegine uly ädime öwrüldi. Şeýle hem ol ýaşlaryň durnukly ösüşiň gazanylmagyndaky ähmiýetli ornuna we gender deňliginiň wajyplygyna üns çekdi.
Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirilen çäre diňe bir sport we saglyk baýramy bolman, eýsem gender deňligi we inklýuziwlik bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmak üçin hem netijeli meýdança öwrüldi. Ol ýaşlary sagdyn, deňhukukly geljegi gurmaga işjeň gatnaşmaga ruhlandyrdy.