You are here

Öňünden taýýar etmeli zatlar:

  • matras. Hut özüňize laýyk gelýän matrasy saýlaň — gaty ýa ýumşak, beýik ýa pes bolsun, iň esasy zat, irden oýananyňyzda, arkaňyzda çagyl daşan ýaly duýgy bolmasa bolýar.
  • ýassyk. Ýassyk saýlamaga çynlakaý çemeleşmeli. Ol size anatomik taýdan laýyk gelmeli, ukuda wagtyňyz boýun myşsalaryny agyrtmaly däl. Ýogsam, ir bilen kellagyrydan ejir çekersiňiz. Elbetde, munuň üçin kän ýassyk barlamaly bolarsyňyz, ýöne netijesi muňa laýykdyr.
  • ýatanda geýilýän geýim. Bu geýim tebigy materiallardan — pagtadan ýa-da lýondan bolmaly. Tikini, bezegi mümkin boldugyndan az bolmaly. Ony hepdede 1-2 gezek ýuwmaly.
  • Düşek toplumy hem, edil şolar ýaly, hepdede 1-2 gezek ýuwmak ýeterlik bolar. Ýumşak tebigy prostynlar, tämiz ýassykdaşylar hem-de teniňe ýakymly ýorganlar — süýji ukynyň girewidir.

Ukynyň gös-göni öň ýanyndan:

Özüňiz üçin uklamak boýunça özboluşlyja däp oýlap tapyň we ony bir hepdäniň dowamynda her gün gaýtalaň. Adam bedeni belli bir hereketlerden soňra ýorganyň hem-de ýassygyň garaşýandygyna öwrenişýär. Mundan soňra uklamak has ýeňil bolar. Uklamazdan öň, rahatlanmak üçin ýylyjak suwa düşüň. Ukudan öň gert-gäbe doýmaň. Ýagly, gowrulan, agyr tagamlar, şeýle hem kofe we çaý — bular ukynyň duşmanlarydyr. Açlyk — bu hem ukynyň ýarany däl. Açlyk duýgusyny uklamazdan öň ýagsyz kefir içip, miweli ýa-da gök-önümli işdäaçar iýip aýryp bolar. Ukudan öň otagyň içini ýelejiretmeli. Aşhana gidip kefir içip gelýänçäňiz, 10 minut ýeterlik bolar. Smartfonuňyzy, planşeti, noutbugy bir gyra aýryň. Telewizordan daşlaşyň. Bu enjamlaryň saçýan mawy ýagtylygy ukyny bölýär. Söýgüli tok-şou gepleşigiňiziň nobatdaky seriýasyny, nobatdaky atyryň mahabatyny ýa-da müsür siwilizasiýasynyň döremegi baradaky gyzykly makalany ertir hem görüp boljakdygyny ýatdan çykarmaň. Pikirleriňiziň ählisini öz erkine goýberiň. Goý, siziň kelläňizde rahatlyk höküm sürsün. Ukudan öň, iň gowusy hiç zat barada pikir ýöretmeli däl.

Ukudan soň:

- dessine turuň. Ýok, goşmaça 10 minut uky sizi halas etmez. 5 minut hem, hatda 3 minut hem edil şolar ýaly. Oýananyňyzdan soň, näçe çalt ýeriňizden tursaňyz, şonça-da ýatyp galmak we ýadaw halda oýanmak howpy az bolar. - bir bulgur suw içiň — aşgazan ulgamyňyzy oýaryň we täze güne taýýarlaň. - bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetiriň. Maşklar myşsalaryňyzy we şähtiňi oýarar. Ýa bolmasa, tans oýnaň, bökjekläň, birnäçe gezek oturyp-turuň. Ýüzüňiziň damarlaryny hem oýnatmagy unutmaň — ol hem oýanmaly ahyry. - öz aladaňyzy ediň. Ýuwnuň, dişleriňizi arassalaň, deriňize esewan ediň, saçlaryňyzy dara. Arassaçylyk işleri siziň irdenki däpleriňize öwrülmeli. Ondan soň siz dost-ýarlaryňyz bilen duşuşyp, olar bilen aragatnaşyk edip bilersiňiz. - ertirlik ediniň! Günortanlyk, guşluk, agşamlyk naharlaryny sypdyrmak bolar (gowusy beýle etmäň). Ertirlik welin hökman edinmeli — ol günüň birinji ýarymy üçin siziň güýjüňizi üpjün edýär. Ýeňil, dok saklajak ertirlik taýýarlaň, mysal üçin, gury iýmişlerden ýa-da süýtden kaşa, dorag, heýgenek. Peýdaly ertirlik üçin tagam diýseň köp, olary gezekleşdirseň hem bolar. - gadžetleriňize ýelmeşmäň. Irdenlerine bu siziň giç galmagyňyza sebäp bolup biler. Awtobusa howlugyp bolsa, nämedir bir zadyňy unutmagyň ahmal. Öýden çykmazdan öň, gerek zatlaryň ählisini alanlygyňyza esewan ediň. Poçtaňyza gelen hatlary soňrak görseň hem bolar.