You are here

Ýan ýoldaşyny ýitireninden soň, 36 ýaşly Sülgün gaýyn öýi tarapyndan ene-atasynyň ojagyna gaýdyp barmaga mejbur edildi. 11 ýaşly maýyp ogly Serdaryň hemişe ideginde bolýandygy sebäpli onuň ne oňly işi bardy, ne-de ene-atasynyň öýünde gyzgyn garşylandy. Sülgün iki otagly jaýyň balkonunda wagtlaýyn mesgen tutup, kakasynyň we beýleki maşgala agzalarynyň dartgynlylygyna we zorlugyna göz ýummaly boldy we köp wagt geçmänkä öýsüz galdy.

Bütin dünýäde her üç zenandan biri esasan ýakyn adamlary bolan ýan ýoldaşy, söýgülisi ýa-da öz kakasy tarapyndan Sülgün ýaly geder taýdan zorluga sezewar bolýar. Bu trawmatiki tejribeler aýalyň, çagalarynyň, geljek nesilleriň reproduktiw saglygyna we ýaşaýyş hiline uly zyýan berip, jemgyýete we tutuş halka düýpli täsirini ýetirýär.

Sülgün “Ynanç Telefonynyň” mahabatyna duşan wagty göwnüçökgündi we ony goldap biljek dosty ýa-da maşgalasy ýokdy.

 “Her gün durmuşda kynçylyk çekýän aýal-gyzlardan jaňlary kabul edýäris. Biz Sülgüniň ýagdaýyna baha berip, ilki bilen psihologa ýüz tutdyk” diýip, Keýik Okara JG-nyň “Ynanç Telefonynyň” geňeşçisi we jemgyýetçilik işgäri gürrüň berdi. Jemgyýetçilik guramasy Sülgün üçin hukuk hünärmeni, zähmet alyş-çalşygy, maşgala lukmany we hünärmen lukmanlar bilen oglunyň saglyk ýagdaýyny anyklap, bilim bölüminiň ýardamy bilen mekdebe ýerleşdirmek üçin ýüz tutdy.

Sentýabr aýy Sülgün we ogly üçin täze başlangyçlara baý, aýratyn aý boldy – Sülgün plastiki önümleri gaýtadan işleýän zawodda täze işe başlady. Serdar bolsa Ahal welaýatynyň saglygy goraýyş bilim toplumynda ilkinji gezek mekdebe bardy. Sülgün: "Ahyrsoňy öz aýagymyň üstünde durmaga başladym" diýip begenjini paýlaşdy. “Her dynç günleri Serdarymy mekdepden alyp, indi satyn almakçy bolýan täze jaýymyzda bile wagt geçirýäris. Oglum indi öňküsi ýaly dartgynly däldigimi duýup biler, mundan beýläk has gowy durmuş üçin göreşmäge güýjümiz ýetýär "diýdi.

"Iň möhüm zat, aýal-gyzlarymyzyň hukuklary, esasanam reproduktiw hukuklary baradaky düşünjesini ýokarlandyrmalydyrys" diýip jemgyýetçilik guramanyň topary belledi. Habardarlylygyň pesligi sebäpli Türkmenistanda aýal-gyzlaryň takmynan 60 göterimi öz reproduktiw saglygy, göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanmak we durmuşynyň iň syrly bölegi barada özleri karar bermezliginiň sebäplerinden biridir.

Şeýle Ynanç Telefonyna jaň edenleriň biri hem 5 çaganyň ejesi 26 ýaşly Nurjemaldy. Çagalarynyň biriniň görüş ukyby düýbünden ýokdy. Haçanda adamsy özüni we çagalaryny terk edip gidende, ol altynjy çagasyna göwrelidi. Ýaş eje çagalary bilen jemgyýetçilik guramanyň gaçybatalga penahanasyna ýerleşdirildi we jemgyýetçilik işgäri, hukuk hünärmeni, psiholog we reproduktolog bilen şahsy duşuşyga çagyryldy.

"Durmuşda kynçylyk çekýän, islenilmeýän göwrelilikleri başdan geçirýän zenanlaryň köpüsi bar bolan mugt hyzmatlar hakda hiçhili habarlary ýok" diýip durmuş işgäri gürrüň berdi. “Tutuş ýurdumyz boýunça saglyk öýlerinde 95 sany reproduktiw saglyk otaglary bar, bu ýerde saglyk we durmuş-ykdysady kynçylygy bolan zenanlar göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini alyp bilerler, şeýle hem ähli zenanlar sagdyn maşgala gurmak üçin maşgalany meýilleşdirmek barada maslahat alyp bilerler.”

***

Keýik Okara jemgyýetçilik guramasy we Beýik Eýýam hojalyk jemgyýeti, BMG-nyň we Türkmenistanyň bilelikdäki maksatnamasy tarapyndan goldanýan iki hyzmatdaş bolup, maşgaladaky zorluklaryň we ýetginjekleriň göwreliliginiň öňüni almak we olara garşy göreşmek maksady bilen jemgyýetçilik hyzmatlaryny durmuşa geçirip başladylar. Jemgyýetçilik guramalaryň ikisinde-de telefon arkaly ýada zerur halatlarda ýüzbe-ýüz maslahat berýän sosial işgär, psiholog, ginekolog we aklawçy bar.

Gyzlaryň we zenanlaryň saglyk we maşgala ýagdaýlary boýunça "Keýik Okara" Ynanç Telefony:

☎️ Aşgabat: +99312 - 229389, Duşenbe - Şenbe 8:00 - 20:00;

Gyzlaryň we zenanlaryň saglyk we maşgala ýagdaýlary boýunça “Beýik Eýýam” Ynanç Telefony:

☎️ Türkmenabat: +993422 - 32229, Duşenbe - Şenbe 9:00 - 21:00; Ýekşenbe 9:00 - 18:00.