Go Back Go Back
Go Back Go Back

Kitap okamak ýene MODA

Kitap okamak ýene MODA

News

Kitap okamak ýene MODA

calendar_today 16 November 2021

Gün geçdigiçe hünärmenler we ekspertler häzirki döwürde kitap okamagyň täzeden moda bolýandygyny, dürli ýaş we jemgyýetçilik toparlaryndan kitap okyjylaryň sanynyň köpelýändigini aýdýarlar. Sebäbi entek 10-15 ýyl mundan öňräk hem, wagtyňy kitap okap geçirmek häzirki ýaly ýaýbaň däldi.

Söýgüli ýazyjymyzyň täze eseri bilen ...

Söýgüli ýazyjymyzyň täze eseri bilen tanyşmak, mekdep programmasynyň klassikasyny okamak ýa-da gyzykly detektiw okap gowy dynç almak häzirki wagtda hemmä elýeter. Islendik tekstiň elektron görnüşini tapmak mümkin. Munuň üçin şäheriň aňarky ujuna gidip kitaphanada nobatlarda garaşmak hökman däl. Internetda islendik awtoryň islendik eserini tapmak örän aňsat. Ýagny, kitap okamagyň täzeden moda bolmagynyň esasy sebäbi, eserleriň elýeterlidigi bolup durýar. Öýde, işde, ýolda, seýilgählerde kitaphanany ýanymyzda götermäge mümkinçilik berýän telefonlaryň we beýleki elektron enjamlaryň durmuşymyza girmeginiň hem kitap okaýanlaryň köpelmeginde örän uly paýy bar.

90-njy ýyllara garanda kitap tapmak ...

90-njy ýyllara garanda kitap tapmak has-da aňsatlaşdy. Goňşylardan, klasdaşlardan ýa-da dostlarymyzdan bize gerek kitaby soramak indi hökman däl.

Mundan başga-da, ýaşlaryň arasynda kitaplara ...

Mundan başga-da, ýaşlaryň arasynda kitaplara gyzyklanma döremeginiň sebäpleriniň biri hökmünde, kitaplardan esaslanyp döredilen kompýuter oýunlarynyň we filmleriň döredýän gyzyklanmalary bolup durýar. Öz halan eserimiziň original görnüşini tapyp okamak islegini döredýär.

Köp adamlaryň pikirlenişi hem wagtyň

Kitaplaryňam dürliliginiň oňaýly täsiri bar. Mysal üçin, hemme taryh barada ýa-da öňki eserleri okamak islemän biler. Şonuň üçinem ýaşlaryň köpüsi Kuatýe, Haruki Murakami, Paulo Koelýo ýaly häzirki döwrüň ýazyjylarynyň eserleri bilen gyzyklanýarlar.

Iň köp kitap okaýan

Iň köp kitap okaýan döwlet statusyna ýetmegimize ýene kän wagt geregem bolsa, ýaşlaryň kitaplara bolan gyzyklanmasy we söýgüsi gün-günden artýar.