You are here

Zorluk sebäpli dünýä ýüzünde her 10 minutda bir gyz ölýär. UNICEF-yň bu statistikasy gaty gorkunç we “Näme üçin beýle bolýar?” ýaly soraglary özümizden soramaga mejbur edýär. Näme üçin gyzlar? Näme üçin beýle ýygy?

Sebäpleriň biri gyzlaryň we zenanlaryň obýektiwleşdirilmesi. Bu näme diýmek?

Bilelikde soraglara jogap bereliň.

 

Obýektiwleşdirme näme?

Obýektiwleşdirme – kimdir birini doly hukukly şahsyýet hökmünde däl-de, käbir funksiýalary ýerine ýetiriji obýekt hökmünde kabul etmekdir.

Bu diýmek kimdir birini obýektiwleşdirmek – ony belli bir maksada ýetmek üçin ulanylýan gural hökmünde görmekdir. Ol adamyň hukuklaryny, azatlygyny, isleglerini we duýgularyny hasap etmezlikdir.

Mysal üçin, bir klasdaşyňy diňe öý işleriňi göçürip bolýan “akylly” birisi hökmünde görmek. Ony öý işleriň ýok wagty dost ýa gürrüňdeş hökmünde hiç hili kabul etmezlik.

Ýa-da gyz jigiňe “Sen gyz ahyry” diýip, ondan aç wagtyň taýýar nahary talap etmek.

Iki ýagdaýda hem adamlar – dost we dogan – edil şol pursatda kimdir birine oňaýly ýagdaýy döredýän funksiýany ýerine ýetirýän obýekt hökmünde görülýär. Ikinji tarapyň duýgulary we islegler göz öňünde tutulmaýar.

 

Jyns gatnaşykly obýektiwleşdirme

Jyns gatnaşykly obýektiwleşdirme – obýektiwleşdirmegiň bu görnüşinde garşy tarapdaky adam – erkek ýa-da aýal – diňe jyns gatnaşyk üçin ulanylýan obýekt hökmünde görülmegi.

Jyns gatnaşykly obýektiwleşdirmä iň köp halatlarda gyzlar we aýallar sezewar bolýarlar. Olary diňe jyns gatnaşygy taýdan kanagatlanmak we olara çaga dogurtmak üçin ulanylýan obýekt hökmünde kabul edilýär. Şol wagtda gyzlaryň we aýallaryň pikirleri asla hasaba alynmaýar.

Mysal üçin, ýigit bir gyzy özüne diňe jyns gatnaşyklary arkaly söýýändigini subut edip biljekdigine ynandyranda.

Ýa-da gysga ýubkaly zenan uzyn ýubkaly zenana garanyňda has “elýeterli” görülende.

 

Sosial ulgamlar ýagdaýy kämahal has beterleşdirýär

Aýal-gyzlara bolan köpçülikleýin basyş elmydama ýokarydy. Sosial media bolsa öz gezeginde muny has hem agyrlaşdyrdy. Onuň üsti bilen islenilýän “gözelligiň we özüni alyp barşyň ülňülerini” ýaýratmak has ýeňilleşdi.

Şeýle ýasama ülňülere aýal-gyzyň ýasama jynsy şekiller modelleri, ýagny bir gyz ýa-da aýal owadan, gowy, islenýän hasaplanmak üçin belli bir görnüşde görünmeli we özüni şeýle alyp barmaly bolýan ýagdaýlaryna diýilýär.

Bu ýagdaý bütindünýäde gyzlaryň we zenanlaryň psihiki, emosional we fiziki saglyga täsirini ýetirýär. Galyberse-de, ideal bolup bolmaýar, elmydama düzetmeli, gowulandyrmaly, öwrenmeli zatlar ýüze çykyp durýar. Şol sebäpden daş keşp bilen bagly elmydama biynjalyklyk ýagdaýda bolunýar (menin ondan  gözelligim kem...), utanç duýgusy (men ... eder ýaly gözelligim/ aklym/ mylaýymlygym/ başarnygym ýetik däl), iýmit endikleriň bozulmalary (men ýeterli hor/ ýerlikli göwräm ýok), özüňe pes baha bermek (men hemmelerden pes/ men erbet) we depressiýa muňa mysal.

Biraz statistikadan: Dove Self Esteem Project taslamasy tarapyndan geçirilen gözleglere görä, dünýädäki gyzlaryň diňe 11%-i özlerini owadan diýip häsiýetlendirýärler. Galanlary elmydama bedenlerinde nägileligiň sebäbini tapýarlar.

 

Gyzjagazlaryň/gyzlaryň/zenanlaryň adaty görnüşi diýilýän zat ýok

Hemme adamlar tapawutly. Takyk bir zady pikirlenýän, takyk görnüşi bolan, takyk başarnygy bolan ideal zenan ýok. Biriniň belli bir tabşyryklary ýerine ýetirip, “gowy” bolup bilmekligi ýa-da “belli bir zada laýyk gelýän” bolup bilmegi üçin bir ölçegli resept ýok.

Çünki her bir zenan öz arzuwlary, maksatlary we islegleri aýratyn talap bilen gabat gelmeli däl. Ol özi bolmaly. Isleýşi ýaly.

 

Jyns taýdan obýektiwleşdirme nädip gyzlara garşy zorluklara getirýär?

Jynsy taýdan obýektiwleşdirme jemgyýetde zyýanly gender stereotipleriniň emele gelmegine itergi berýär, onuň çäginde gyzlara garşy zorluklar adaty hasaplanýar.

Näme üçin beýle bolýar? Sebäbi gyz/zenan diňe jynsy gatnaşyklar üçin niýetlenen obýekt hökmünde görülýär. Onuň isleýänligi ýa-da islemeýändigi baradaky pikirleri hiç hili nazara alynmaýar.

Onuň islemeýänligi onuň garşy çykmagyna getirýän bolsa, ýokardaky agzalan jemgyýetde gyz maşgalany terbiýelemek we oňa jeza bermek: urmak, zeper ýetirmek, hat-da öldürmek hem adaty hasaplanylýar.

 

Gyzlaryň jynsy taýdan obýektiwleşdirilmeginiň haýsy görnüşi oglanlara zyýan berýär?

Jynsy taýdan obýektiwleşdirilmek diňe zyýan getirýär. Gyzlaryň bedenleri filmlerde, mahabatlarda we žurnallarda nähili şekillendirilýändigini oglanlar görýär. Olardaky şekillendirilýän wakalaryň aglaba bölegi erkegiň üstün bolmagy, has güýçli bolmagy we gaharly-gazaply bolmagy barada. We ol wakalar üstünlikli şekilinde halk köpçüligine ýetirilýär.

Netijede oglanlar gyzlara garşy zorluk görkezmek, onuň mertebesini peseltmek, oňa pes baha bermek ýa-da bahasyzlandyrmagy adaty hasaplap başlaýarlar.

Erkekler wakumda ýaşanok ahyryn. Olary elmydama zenanlar, ýagny ejesi, enesi, aýal dogany, gyzlary, daýzalary, doganoglan jigileri, joralary, goňşylary, synpdaşlary, mugallymlary gurşaýar. Erkek özüne garşy zorlugyň bolmagyny islärmi?

 

NETIJE

Obýektiwleşdirme, hususan hem jynsy taýdan obýektiwleşdirme zorluk zulumlary bilen ýakyndan bagly. Beýle halatlarda haýsydyr bir adam ondan garaşylýan belli funksiýany ýerine ýetirmese (islänok, başaranok), oňa garşy zorluk ulanmagy – ýerine ýetirmedigi üçin jezalandyrmak adaty hasaplanýar. Obýektiwleşdirilýän adamyň duýgusy we islegi asla wajyp däl bir şert hökmünde görülýär.

Zorluk ýene zorluga ýol açýar. Kimdir birini “zat” hasaplanyp bilinýän dünýäde bir gün seni hem “zat” hökmünde görülip bilinjegi ikuçsyz.

Geliň zyýanly amallary ýok edeliň we adamlary öz islegleri, häsiýetleri, keýpi we erki bilen adam hökmünde görmäge çalyşalyň.