Go Back Go Back
Go Back Go Back

Mekdebi we dünýäni gowy tarapa nädip üýtgetmeli?

Mekdebi we dünýäni  gowy tarapa nädip üýtgetmeli?

News

Mekdebi we dünýäni gowy tarapa nädip üýtgetmeli?

calendar_today 02 April 2022

Mekdebi we dünýäni  gowy tarapa nädip üýtgetmeli?
Mekdebi we dünýäni gowy tarapa nädip üýtgetmeli?

Mekdep – diňe bir bilim alynýan ýer däl, eýsem mekdep aragatnaşygyn, sosiallaşmagyn we täze tejribelerin öwrenilýän ýeridir. Bu ýer ýetginjekleriň geljekgi ykbaly, karýerasy, durmuş garaýyşlary we gymmatlyklary barada karar berýän ýeri.

Ol ýerde dünýäni gowy tarapa üýtgedip bolýar. Muny okuwçylaryň özleri başarýar.

Nädip? Belli bolmadyk birnäçe usullara seredeliň.

Dünýä belli erkek adamlar barada öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem zenanlar barada hem öwreniň

Erkeklerem, aýallaram, oglanlaram, gyzlaram, oglanjyklaram we gyzjagazlaram deň hukuklara we häzirki wagtda isleýän zatlarynyň dürliliginden saýlamak mümkinçiliklerine mätäç. Gender deňliginiň manysy şunda.

Gynansakda, köp okuw meýilnamalarynda öňden galan gizlin jyns ynançlary bar. Bu diýmek, maglumatyň köp bölegi erkekler tarapyndan, erkekler barada, erkekler üçin ýazylan.

Meşhur syýasatçylar, alymlar, gözlegçiler, syýahatçylar –bu erkekler. Olar barada kitaplarda ýazylan, olar barada prezentasiýalar we nutuklar görkezilýär. Munyň netijesinde zenanlar bütin taryh boýunça peýdaly bir iş ýerine ýetirmedik şekilde görkezilýär. Bu beýle däl.

Mekdepde bir soraga jogap, nutuk ýa-da prezentasiýa taýýarlanyňyzda synpdaşlaryňyz bilen kim barada ýazjagyňyzy maslahatlaşyň. Ynanyň, dünýä taryhynda täsirini galdyran zenanlar hem erkeklerden az däl.

Internetde we kitaphanalarda maglumatlary gözleşdiriň. Köp zenanlaryň dünýäniň ykbalyna özbäşdak ýa-da erkek bilen bilelikde täsirini ýetirendigine göz ýetirersiňiz.

Olar barada gürrüň beriň.

Bir partada hem gyzlar, hem oglanlar bilen oturyň!

Diňe arakesmede däl-de, başga wagtda hem gürrüňdeş bolsaňyz olar barada köp gyzykly zatlary öwrenersiňiz. Synpda öz orunlaryňyzy üýtgedip, dürli adamlar bilen oturyň.

Şeýlelikde synpdaky bolan gatnaşyklaryňyzy giňeldersiňiz we synpdaşlaryňyzyň başga bir taraplaryny hem görüp bilersiňiz. Mundan başga hem dürli adamlar bilen aragatnaşygy sazlamagy, sizi gurşap alýan dürli adamlaryň içki dünýäsine seretmegi öwrenersiňiz.

Jogaplary gygyryp aýtmaň!

Kämahal öz bilimiňiz bilen mugallymlary geň galdyrmak isleýänsiňiz. Bizden soralaryna howlugyp, jogaby gygyryp aýdyp goýberýäris.

Öz bilimiňizden utanmaň. Şeýle tiz pikirlenmegi başarýanyňyz üçin size berekella!

Emma beýlekilere hem pikirlenmäge, meseläni çözmäge we dogry jogaby oýlanmaga wagt beriň.

Şeýle hem siz bilen deňlikde soragyň jogabyny tiz tapmagy başarýan başga hem okuwçylar bardyr, emma ol elini galdyryp, bütin klasa eşdiler ýaly edip aýtmaga çekinýändir. Oňa biraz utanjy bilen göreşmäge hem mümkinçilik dörediň.

Daş-töweregiňiziň gözünde beýle hereket bilen kiçelmersiňiz. Gaýta tersine, beýlekileriň duýgusyna goýýan hormatyňyz – sizi gowy tarapdan görkezer.

Kimler bilen gürleşýäniňize üns beriň!

Biz gatnaşmaga rahat bolan adamlar bilen dostlaşýarys. Köplenç dostlarymyz özümize meňzeş bolýar, mysal üçin: meňzeş sazlary halaýan bolup bileris, bir etrapda ýaşaýan bolup bileris, meňzeş sosial derejede bolup bileris. Bu adaty waka.

Emma öz gatnaşýan toparyňyza üns beriň. Ony giňeldiň. Siz bilen düýbünden meňzeş däl adamlar bilen bolup biläýjek meňzeşlikleri tapmany we görmäni başarjak boluň. Hökman taparsyňyz!

Şol meňzeşlikleri tapmadyk ýagdaýyňyzda hem, ol adam düýbünden size ters hem bolsa – köp täze we gyzykly zatlary öwrenmegi başararsyňyz.

Sözleriňize üns beriň!

Synpda ulanylýan tekstlerdäki jynsy kemsidiji düşünjelere ýa-da terminologiýa üns beriň, mysal üçin, okuw kitabynda, žurnaldaky makalada, goşguda, gözleg işleri hasabatynda ýa-da blogdaky ýazylan habarda. Bu gürrüňlere hem degişli.

Hawa, dostlarymyz we joralarymyz bilen öz pikirlerimizi açyk paýlaşyp bileris. Şonuň bilen bilelikde olary degişme üsti bilen kemsitmän, sylanşykly hem bolup bileris.

Adamy kemsidip biljek islendik sözlerden gaça duruň. Mysal üçin, “gowja zat” ýaly hormatsyz sözleriň ýerine “gyz” sözüni ulanyň ýa-da iň gowusy ady bilen ýüzleniň.

Mekdep durmuşyňyzy wideo düşüriň!

Ýatda galyjy pursatlary saklamak üçin iň gowy usuldyr. Hem-de özüňe daşyňdan baha bermek üçin gowy.

Daşarda iýip-içişiňizi, çykyşlaryňyzy, mugallymyň rugsady bilen açyk sapaklaryňyzy wideo düşüriň we olara tomaşa ediň. Daş-töweregiňiz bilen  siz nähili gürleşýäňiz? Daş-töweregiňiz   özüni nähili alyp barýar we bir-birine ýüzlenýär? Üýtgetmek isleýän zadyňyz barmy?

 Her kim deň derejede sylaýanýarmy, mekdep durmuşyna goşulýarmy?

Jedelli meseleleri ýa-da gapma-garşylyklary ünsden düşürmegiň ýerine ara alyp maslahatlaşyň!

Kimdir biri ýalňyşýandyr öýdýäňizmi? Ýa-da käbir meselelerde siziň pikiriňizi ýalňyş hasaplaýalarmy? Jedel gurnaň. Öz pikirinizi we garaýsynyzy goldap biljek delilleri taýýarlaň, garşydaşyň pikirlerini, garaýsyny öwreniň we dürli pikirleri ýygnaň.

Üns beriň! Kimdir birini masgaralamak kabul edip bolmajak ýagdaý. Siziň pikiriňiz bilen ylalaşmadyk birini kemsitmek siziň dogrulygyňyzyň subutnamasy däl-de, öz sözüňize ynamyňyzyň ýoklugyny garşydaşyňyza görkezmekdir. Jedellerde sylagly we dogry sözli bolup saklanmaga çalşyň.

Hakyky durmuşyňyzdaky waka barada tutuş synpyňyz bilen gürleşmäge çalşyň. Iň gowy netijä bilelikde geljek boluň.

NETIJE

Bilim – durmuşyňyz üçin iň möhüm gural. Ol siziň geljegiňize täsir edýär. Ýöne bilimiň ýeketäk özi ýeterlik däl.

Diňe bir bilimiňizi artdyrmak bilen çäklenmän, özüňiz we daş-töweregiňiz bilen aragatnaşygy gurnamagy, hiç kimiň yzda galdyrylmazlygyny üpjün ediň.