You are here

Göwrelilik jynsy gatnaşygyň netijesinde döreýär, ýagny spermanyň wlagalişe düşmegi we spermatazoidleriň ýumurtga girmegi netijesinde döreýär. 

Bu ýagdaý goragsyz jynsy gatnaşygyň netijesinde bolup bilýär. 

 

Göwrelilik nähili anyklanýar?

Göwrelidigiňizi bilmegiň iň tiz usuly – göwrelilik testyň kömegi bilen. Test köp dermanhanalarda satylýar. Olar peşewdäki kesgitli gormonlary anyklamak üçin niýetlenen. Test usuly aýbaşy wagtyndan bir hepde köp wagt geçirip barlansa has takyk görkezýär. 

Eger testyň netijesi otrisatel bolsa, ýene bir hepde garaşyp, göwreli däldigiňize göz ýetirmek üçin gaýtadan barlap görüň. 

Eger test siziň göwrelidigiňizi görkezýän bolsa siz hökman lukmanyň barlagyna ýazylmaly we ähli zerur bolan derňewlerden geçmeli. Bu göwrelidigiňizi tassyklamak üçin gerek bolýar.

Üns beriň! Testyň ýalňyş görkezmegi seýrek bolsada, kämahal bolýan ýagdaý. Medisina derňewi testiň näme sebäpden ýalňyş görkezýändigini (göwrelilikden başga), peşewde näme sebäpden belli gormonyň agdyklyk edýäniniň sebäbini ýüze çykarmaga we bejermäge kömek eder.

 

Göwreliligiň başga alamatlary

Üns beriň! Göwrelilik testi anyklamagyň iň tiz usuly. Aşakdaky sanalyp geçilen alamatlar başga sebäplerden hem bolup bilýär.

  • aýbaşynyň bir hepdeden köp wagt gija galmagy
  • süýt mäzleriniň çişmegi we/ýa-da agyrmagy
  • ýürek bulanma (esasan irden)
  • gaýtarmak
  • baş aýlanmak
  • özüňden gitmek
  • agramyň artmagy
  • ýadawlyk, gowşaklyk
  • garnyň çişmegi

 

NETIJE

Göwrelilik – uly jogapkärçilik we ýük. Eger siz bu töwekgelçiliklere taýýar däl ýa-da ikirjiňlenýän bolsaňyz, onda goragsyz jynsy gatnaşyga razylyk bermäň.

Jynsy gatnaşykdan saklanmak – öňüni almagyň iň gowy usuly.

Üns beriň! Prezerwatiw ulanylan jynsy gatnaşyk diňe göwreliligiň 99% (dogry ulanylanda) öňüni almak bilen çäklenmän, eýsem jynsy gatnaşyk bilen geçýän infeksiýalaryň hem öňüni almakda peýdaly.