Köp ýetginjek gyzlar ginekolog lukmany bilen ilkinji duşuşyga haçan gitmelidigini anyk bilmeýän bolmaklary mümkin. Käwagt utanmak ýa-da näbelli zatlardan gorkmak bu sapary gijikdirmäge sebäp bolýar. Emma bu meselede wagtynda çäre görmek saglygyň esasy bölegidir.
Ilkinji duşuşyk üçin maslahat berilýän wagt
Amerikan Akuşer-Ginekologlar Kolleji (ACOG) ýetginjek gyzlaryň ilkinji ginekolog lukmany bilen duşuşygyny 13–15 ýaş aralygynda geçirmegi maslahat berýär. Bu duşuşyk esasan maglumat bermek, soraglara jogap bermek, bedeniň ösüşini öwrenmek we reproduktiw saglygy boýunça maslahat bermek üçin niýetlenendir. Fiziki barlag hökmany däl, diňe zerur ýagdaýlarda geçirilýär.
Bu duşuşygyň ähmiýeti:
- Bedeni tanamak: Ýetginjek gyz öz bedeninde bolup geçýän üýtgeşmelere dogry düşünmegi öwrenýär.
- Saglyk soraglaryna jogap: Aýbaşynyň kadaly geçişi, agyry, düzüwsizlik ýa-da beýleki soraglar boýunça maslahat alyp bolýar.
- Keseliň öňüni alyş: Käbir ýokanç keselleriň öňüni almak we wagtynda anyklamak üçin mümkinçilik döredilýär.
- Içgin we howpsuz gürrüňdeşlik: Gyzlar ginekolog bilen şahsy meseleler hakda arkaýyn we açyk gürrüň edip bilýärler.
Haçan zerur ýagdaýda barlamaga gitmeli?
Eger-de:
- Aýbaşy gelmeýän bolsa, kadasyz bolsa, güýçli agyrylar bilen geçýän bolsa ýa-da aşa köp ýa-da tersine, örän az görnüşde gelýän bolsa;
- Jyns agzalarynda näsazlyk, agyry ýa-da beýleki üýtgeşmeler ýüze çykýan bolsa —
bu ýagdaýlarda hökmän lukmana ýüz tutmak zerurdyr. Çünki käbir üýtgeşmeler wagtynda ýüze çykarylyp bejerilse, geljekde sagdyn enelik üçin mümkinçilik döredýär we çynlakaý kynçylyklaryň, şol sanda önelgesizlik ýaly gaýraüzülmeleriň öňüni alyp bolýar.
Ene-atalaryň roly
Ene-atalar gyzlarynyň saglygy bilen baglanyşykly meselelerde açyk we goldaw beriji bolmalydyrlar. Gyzlaryň ginekolog lukmany bilen duşuşygyny goldamak, olaryň saglygyny goramakda möhüm ädimdir.
Netije
Ginekolog lukmany bilen ilkinji duşuşyk gyzlaryň saglygyny goramagyň möhüm başlangyjydyr. Bu diňe fiziki barlag däl, eýsem öz bedeniňi tanamak we saglygyň hakda jogapkärçilikli pikirlenmek ugrunda ilkinji ädimdir. Uly meseleler ýüze çykmazdan öň hereket etmek, geljekde öňüni alyş çäreleriniň has täsirli bolmagyna ýardam eder.
Peýdalanylan çeşmeler: