Go Back Go Back
Go Back Go Back

Men näme bilen keselledim: ýiti respirator wirusly keselmi ýa-da dümew?

Men näme bilen keselledim: ýiti respirator wirusly keselmi ýa-da dümew?

News

Men näme bilen keselledim: ýiti respirator wirusly keselmi ýa-da dümew?

calendar_today 22 December 2021

Howa sowap ugrandan,  köpler burnuny çekip, asgyryp başlaýarlar. Özlerinde ýüze çykýan keseliň beýleki alamatlaryny duýup başlaýarlar. Ýöne haýsy keseliň? Sowuklamamy? Dümewmi? Ýiti respirator wirusly keselmi? Anginamy? 

Ýokarda agzalan keselleriň  haýsysynyň hut size “hüjüm” edendigini anyklamak, hatda lukmanlar üçin hem aňsat däl. Bejergi, bedeniň çalt gutulmagy bolsa, keseliň  dogry kesgitlenilmegine bagly ahyryn.

Geliň, bulardan baş çykaralyň!

 

Sowuklama diýen zat ýok

Ilki bilen, sowuklama diýlen keseliň ýokdugyny bellemeli. Bu halk arasynda çendenaşa üşemeklik ýa-da ýokarky dem alyş ýollarynyň ýeňil kesellemekligi, wirus ýokançlaryny öz içine alýan — burun akma, asgyrma, üsgürme bilen bagly ýüze çykýan ýarawsyzlyk ýagdaýlarynyň atlandyrylyşydyr.

Köplenç ýagdaýda, biziň sowuklama diýip atlandyrýanymyz — bu ýiti respirator wirusly kesel.

 

Ýiti respirator wirusly keseller näme?

Ýiti respirator wirusly keseller  —  dem alyş synalarynyň dünýäde iň giň ýaýran, keselleridir. Olaryň döredijisi, adatça, respirator wiruslarydyr (300-e golaý). Olara  dümew, respirator-sinsitial, rinowirus, koronawirus, adenowirus we beýleki ýokançlar degişlidir.

 

Dümew näme? 

Dümew —  bu ýiti respirator wirusly keseller tarapyndan döreýän iň bir agressiw ýokançlaryň biridir. Ol ýokary derejede ýokuşganlygy bilen tapawutlanýar, howa-damja ýoly arkaly geçýär we üç topara, ýagny A, B we  С  bölünýär.

Dümew diňe howa-damja ýoly arkaly däl, eýsem, hojalyk serişdeleri (şol sanda, puluň üsti bilen) arkaly hem ýokuşyp bilýär.

 

Angina näme?

Ýiti tonzillit — “anginanyň” lukmançylyk atlandyrmasy hut şeýledir. Ol badam şekilli kentlewügiň (köplenç halatda) sowuklamasyna getirýän  ýokanç keseldir. Streptokoklar ýa-da stafilokoklar, seýrek ýagdaýda mikroorganizmler, wiruslar we kömelekler arkaly ýüze çykýarlar.

 

Olary näme üçin saýgarmaly?

Biziň göwnümize, dümewi ýiti respirator wirusly ýokançlardan we anginadan tapawutlandyrmak känbir zerur däl ýaly. Esasy zat — kesel alamatlaryny bejerip, “aýak üstünde” gezmegi dowam etmeli. Her niçik-de bolsa,  lukmanlar  keseliň bejergisiniň netijeli bolmagynyň  we gaýra üzülmeleriň döremekliginiň (ýa-da döremezliginiň) haýsy ýokançdygyny dogry kesgitlemeklige baglydygyny duýdurýarlar.

Ýagny, siziň saglygyňyz gönüden-göni sizde dümewmi ýa-da başga ýokançdygyny dogry kesgitläp bilmegiňize bagly.

 

Olary nädip saýgarmaly?

Iň gowusy-ha, ýokanjyň görnüşinem kesgitläp, bejerginem ýazyp berer ýaly, saglyk öýünde  barlagdan geçmeli we lukman bilen maslahatlaşmaly.

  • Dümew elmydama örän tiz başlaýar. Kähalatlarda keseliň sizi sözüň doly manysynda, tapdan düşürjek sagadyny hem aýdyp bolýar. Beýlekiler üçin ýiti respirator wirusly kesellere alamatlarynyň belli bir yzygiderlikde ýüze çykyp başlamagy häsiýetlidir (burun akma, bokurdakda agyry). Angina bokurdakda ýiti agyrydan we temperaturanyň ýokarlanmagyndan başlaýar.
  • Dümewiň ilkinji alamaty — agyry. Kellagyry, gözüň, myşsalaryň agyrmagy, şeýle hem üşütme, güýçli der akma, gowşaklyk, baş aýlanma, bedendäki agyrylar, tapdan düşenlik duýgusy we temperaturanyň dessine ýokarlanmagy (elmydama 39-dan ýokarda, kähalatlarda 40-dan hem geçýär). Ýiti respirator wirusly keseller burnuň dykylyp, bokurdagyň agyrmagyndan başlaýar. Temperatura 38,5-dan ýokary seýrek geçýär. Anginany ýuwdunmada bokurdagyň agyrmagyndan, äň astynyň limfatik birleşmeleriniň ulalmagyndan, badam şekilli mäzleriň agymtyl öwüsmeginden kesgitläp bolýar. Munda  temperatura 41-e çenli ýetip bilýär.
  • Dümewde asgyrylmaýar. Bu ýiti respirator ýokanjynyň alamatydyr.
  • Muňa garamazdan, dümewde üsgürilýär. Kesel alandan soň, ikinji-üçünji günde döşüň bilen alyp barýan güýçli hem surnukdyryjy üsgürme başlaýar. Bu dümew wirusynyň eýýäm bokurdagyň nemli bardasynda «ornaşandygyny» aňladýar. Ýiti respirator wirusly kesellerde üsgülewük ilkinji alamatlaryň biri. Ol gury we ýiti bolýar.
  • Dümewde intoksikasiýa (bedeniň zäherli maddalar bilen zäherlenmegi) güýçli bolýar — beden wiruslaryň we goragçy-öýjükleriň pytramagyndan ýaýran zyýanly jisimler bilen zäherlenýär. Şonuň üçin hem dümew ýiti respirator wirusly kesellere garanyňda agyr geçýär hem-de köplenç halatda pnewmoniýa we ýürek-damar hem-de nerw ulgamynyň zeperlenmegi ýaly agyr gaýra üzülmelere getirip bilýär.
  • Dümewde düşekde ýatyp bejergi almak hem-de dikeldiş döwrüni jogapkärçilikli geçirmek zerurdyr. Bu «astenik sindromyny» — tapdan düşmäni: baş aýlanmany, gan basyşyň üýtgäp durmagyny, işdäniň bolmazlygyny, gowşaklygy we beýlekileri ýeňmek üçin gerek.

 

NETIJE

Möwsümleýin güýzki keseller howanyň çalyşmagy, sowamagy hem-de «tomusky» endikler — ýeňil geýinmek, sowadyjy içgiler hem-de zähmet rugsady möhletini uzaltmak islegi zerarly ýüze çykýar.

Mümkin boldugyndan tiz hem-de ýeňil saplanmak hem-de adaty durmuş ýörelgelerine dolanyp gelmek üçin köpsanly möwsümleýin keselleriň haýsy biri bilen kesellänligiňi anyklamak möhümdir. Iň esasy zat, muny lukmanyň gözegçiligi astynda amala aşyrmakdyr.

 

Related Content