You are here

Stress bize dürli görnüşde we dürli güýç bilen täsir edýär – hem fiziki, hem emosional taýdan.

Stress durmuşymyzda elmydama bar, we kämahal ol oňaýly täsir hem edip bilýär. Ol bizi has ünsli we aýratyn ýagdaýlarda bize has gowy öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Ýöne ol diňe dowamly däl bolanda oňaýlydyr. Eger stressly ýagdaý uzak wagtlap dowam etse ondan pozitiw täsir bolmaz, gaýta tersine, oňaýsyz (negatiw) täsiri has köp bolar.

 

Stress näme?

Stress – adaty däl basyş duýgusy. Ol biziň gündelik durmuşymyzyň dürli taraplaryndan gelip bilýär. Meselem, okuwdaky aşa köp talaplar, ýetginjeklik döwri, maşgaladaky dawalar, pul ýetmezçiligi we şuňa meňzeşler.

Şeýle ýagdaýlarda durmuşymyzyň adaty akymy bozulýar, we biziň bedenimiz stress reaksiýany döredýär – oňaýsyzlyga reaksiýa berýär. Ol dürli fiziki alamatlara sebäp bolup bilýär, özüňizi alyp barşyňyza täsir edip bilýär we has güýçli emosiýalara getirip bilýär.

 

Näme üçin stress geçenok?

Stressi dürli stressorlar döredýär – beýnimizde stress –reaksiýany başladýan obýektler, ýagdaýlar ýa-da wakalar,

Her kimiň stressory dürli. We kämahal biz onuň bilen elmydamalyk çözülşip bilemzok. Meselem, barlag işine/ekzamene taýýarlyk, gaharjaň klasdaş, jogapsyz galan söýgimiz, pul ýetmezçiligi, kesel we ş.m.

Şeýle ýagdaýda dowamly stress hroniki stresse öwrülýär – biziň bedenimiz stress-reaksiýa ýagdaýyndan özbaşdak çykyp bilenok, ol elmydama şol ýagdaýda bolýar. Ol ýagdaý bedeni çökerýär.

 

Hroniki stress haýsy kesellere getirip bilýär?

Stressiň diňe gysga we gaýtalanmaýan ýagdaýynda peýdalydygyny gördük. Artykmaç ýa-da uzaga çekýän dowamly – hroniki – stress ýürek-damar kesellerine (basyşyň üýtgäp durmagy sebäpli gan damarlary çalt “könelýär”), immunitet bilen bagly kesellere (stress immunitety pese düşürýär), aşgazan-içege ulgamlarynyň kesellerine, newrologiki we psihologiki kesellere (alada, depressiýa, ýokary duýgurlyk/gaharjaňlyk we ş.m.).

Stressiň giňden ýaýran fiziki alamatlary:

  • çalt ýürek uruşy
  • ukysyzlyk (adrenalin uklamaga ýol berenok)
  • aşa derlemek (myşsalar ýokary derejede gyzyp durýar)
  • işdäniň üýtgemegi, ýürekbulanma, iýmit siňmezlik (aşgazan-içege ulgamlary basylan, iýmit siňdirmäge ýetişenok)
  • kelle agyry, başaýlanma (ýokary gan basyş)
  • myşsa basyşy we agyry

Stressiň giňden ýaýran özüňi alyp baryş we emosional alamatlary:

  • bimaza bolmak
  • gaharjaňlyk
  • özüňe pes baha bermek, daşky gurşawa gatyşmazlyk
  • dowamly aladalar
  • pikirleriň tiz gelip gitmegi
  • şol bir zatda ýa-da hereketde durup galmak
  • tiz gaharlanmak
  • aggressiwlyk

Köplenç fiziki we özüňi alyp baryş alamatlary birek biregiň üstüni doldurýar we ýagdaýyň erbetleşmegine getirýär – siz soň öz ýagdaýyňyzyň erbetleşmegini hem alada edip başlaýarsyňyz. Ýagdaý bejerilmese gutarnyksyz dowam edip durýar.

 

Hroniki stress ýagdaýyndalygyňyzy nädip bilmeli?

Herkim stress başdan geçirip bilýär. Ýöne herkim bu ýagdaýdan baş alyp çykmagy başarmaýar. Nämä üns bermeli?

  • Üznüksiz biynjalyklyk ýagdaý
  • Ruhy çökgünlik duýgusy
  • Ünsi jemläp bilmezlik
  • Keýpiň tiz üýtgäp durmagy
  • Gaharjaňlyk ýa-da gyzmalyk
  • Dynç alyp bilmezlik
  • Depressiýa
  • Özüňe pes baha bermek
  • Adaty ýagdaýdan has köp ýa az iýmek
  • Uky endikleriňiziň üýtgemegi
  • Alkogolly içgilere, çilime ýa-da gadagan edilen narkotiki serişdelere ýykgyn etmek
  • Agyry, esasan hem myşsa agyrysy
  • Iç geçme ýa-da iç gatama
  • Ýürekbulanma ýa-da başaýlanma duýgulary
  • Jyns gatnaşyklaryna bolan höwesi ýitirmek

Üns beriň! Eger ýokarda sanalan alamatlary uzak wagtyň dowamynda özüňizde duýýan bolsaňyz, olaryň siziň adaty durmuşyňyza täsir edýändigini bilseňiz, öz ýaşaýan ýeriňize degişli saglyk öýüne ýüz tutuň, öz maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň!

 

Stress bilen nädip göreşmeli?

Üns beriň! Bu maslahatlar – umumy. Siziň takyk ýagdaýyňyzda takyk bir bejergini maslahat almagyňyz üçin – lukmana ýüz tutmagyňyz zerur!

Adaty bolmadyk ýagdaýy başdan geçirýän bolsaňyz:

  1. Gymyldy-hereket ediň. Sport, tans, gezelenç, sallançak uçmak, ýoga – islendik hereketler stressi ýeňilleşdirýär. Beýni hereket etmegiňizi talap edýärmi? Siz hereket edýäňiz. Bedene endorfinler bölünip çykýar, basyşa garaşýan myşsalar özüne gerek agramy alýar.
  2. Pikirleriňi aýtmak. Sosial kadalar biziň beýnimize howply görünýän zat bilen söweşe girmäge ýa-da ondan gaçmaga ýol berenok. Emma howpdan goranmagyň jemgyýetdäki kabul edilen görnüşini ulanyp bileris – ýagny gürleşip bileris. Kanagatlandyrmaýan zat barada aýdyň. Kompromis (iki tarap üçin kabul ederli çözgüt) tapjak boluň. Işi soňuna çenli getirjek boluň. Mylakatly we dogruçyl boluň, emma öz pikiriňizden dänmäň. Bimaza edýän zat bar bolsa, siz ol barada gürleşip bilýärsiňiz.
  3. Tagamly, emma ýeňiljek birzatlar iýiň. Aşa köp iýmekden saklanyň – iýmit siňdiriş ulgamyňyz stress ýagdaýynda işjeňlige ýetişmeýär. Emma süýjüje birzat iýseňiz, beýniňizi biraz sowmaga ýardam eder. Çünki siziň ömrüňize howp abanan ýagdaýynda siz süýjüje birzat iýmek bilen meşgullanmarsyňyz gerek? Ýa-da suw içiň.
  4. Dynç alyň. Gürrüňdeşlikde – bir minut. Sapakda – bir sagat. Proýektde – bir gün. Säginiň. Ol barada pikir etmäň, gürrüňini hem etmäň, okamaň. Beýniňizi öçüriň. Özüňize dynç beriň. Özüňize özbaşdak wagtlaýyn dynç berseňiz, soňundan depressiýa düşmezlik üçin kömek eder.
  5. Özüňize ünsli boluň. Öz ýagdaýyňyza serediň, üýtgeşmelere ünsli boluň: dörän biynjalyklyga, ukysyzlyga, ünssizlige we keýpsizlige. Iň gowusy soňundan netijeler durmuşyňyza erbet täsirini ýetirende göreşmegiň ýerine alamatlara başda üns bermekdir.
  6. Ukyňyzy alyň. Uky näsazlyklary – stressden ejir çekeniňizde adaty ýagdaý. Ýeterlik derejede dynç almaga synanşyň. Uky gigiýenasyna üns beriň – ümsümlik, garaňkylyk, salkyn we öňünden şemalladylan ýer.
  7. Özüňize ýowuz bolmaň. Işiň/wakanyň geljekgi ýagdaýyna serediň. Ahyr soňy, hemmämizde hem erbet günlerimiz bolýar. Esasy zat, olaryň soňy bar. Erbetlikler hökman gutarýar.

 

NETIJE

Stressden gaça durmak mümkin däl. Olar kämilleşmäge we mümkin däl ýaly görünýän zatlary işleri amala aşyrmaga iterýär.

Stress durmuşyňyzyň mydamalyk ýakymsyz bölegine öwrülmezligi üçin olar bilen göreşmegi we stress yzygiderligini jemlemegi öwreniň. Eger bu ýagdaýa eýýäm düşen bolsaňyz, tizräk bu ýagdaýdan baş alyp çykjak boluň.