Go Back Go Back
Go Back Go Back

Näme üçin biz dyrnagymyzy gemirýäris? Zyýanly endigiň çeşmeleri

Näme üçin biz dyrnagymyzy gemirýäris? Zyýanly endigiň çeşmeleri

News

Näme üçin biz dyrnagymyzy gemirýäris? Zyýanly endigiň çeşmeleri

calendar_today 11 November 2021

Bu endikden doly saplanmak we dyrnak gemirmäni bes etmek üçin ilki biz bu  hereketi näme üçin edip başlaýandygymyzy anyklamaly. Çünki dyrnak gemirmeklik – bu buz dagynyň çür depejigi, ýagny diňe görünýän bölegi. Emma bu mesele bilen içinden göreşmeli.

Dyrnagyňy (şeýle hem barmaklaryň syzylaryny) gemirmek endiginiň aýratyn häsiýete eýedigine düşünmeli. Ol gönüden-göni adamyň psihologik ýagdaýy hem-de adamyň kadaly öz-özüni alyp barşynyň bozulmagynyň netijesi bolup durýar.

Dyrnagyňy gemirmeklik — bu özüň akyl ýetirmezden edilýän endik, biziň erkimizden we aňymyzdan daşary bolup geçýän hereket. Ony näme döredýär?

 

GEÇIŞ

Güýçli göwnüçökgünligiň sebäpleri dürli-dürli, hatda global sebäpler hem bolup biler. Mysal üçin, eger siz okuwyňyza ýetişmeýän bolsaňyz ýa-da halamaýan sport gurnagyňyza gatnaýan bolsaňyz, size ezýet berýän gatnaşyklarda bolmagyňyz, şahsyýet hökmünde öz-özüňden nägile bolmak, öz-özüňi ösdürmegiň we durmuşda üstünlik gazanyp bilmezlik we ş.m. Siz şu ugurdan nämedir bir zatlary üýtgetmeseňiz bu endigiň hiç wagt sizden galmazlyk ähtimallygy uly bolmagynda galýar.

Lukmanlaryň nukdaýnazaryndan welin, dyrnagyňy gemirmek endiginden el çekmeklik hökmandyr. Adam dyrnagyny gemren mahaly, ol dyrnaklarynyň arassalygy hakynda oýlanyp durmaýar. Şonuň üçin hem dürli-dürli keselleri, soguljan ýumurtgalyklaryny ýokuşdyryp biler, ýaňaklara kiçeňräk şikes ýa-da dişleriň etine infeksiýa düşürip biler.

Onda näme üçin biz dyrnagymyzy gemrip başlaýarys?

 

Nerw dartgynlylygy we stress

Geň galaýmaly, dyrnak gemirmeklik stress ýa-da haýsy hem bolsa bir gyjyndyryjy üçin ýaramazlaşan psihikamyzy belli bir derejede rahatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýagny, biz özümiz bilmezden dyrnagymyzy gemirmek bilen nerw dartgynlylygymyzy köşeşdirjek bolýarys. Hakykatdan hem, adamlaryň aglabasy aýratyn tolgunma we stress wagtynda dyrnagyny gemirmäge synanyşýar. Mysal üçin, mekdep okuwçylary barlag işi we synaglar döwründe, uly ýaşlylar bolsa, haýsy hem bolsa bir surnukdyryjy garaşdyrmada.

Bu ýagdaý onihofagiýa diýlip atlandyrylýar.

Ýöne ýokary nerw dartgynlylygy – adamyň dyrnak gemirmesini asla bes edip bilmezliginiň mümkin bolan sebäpleriniň diňe biridir.

Çagalyk wagtynda aşa işjeňlik (giperaktiwlik)

Çagalykda aşa işjeňlik adamyň dyrnak gemirmeginiň bir sebäbi bolup biler. Çaga mugallymy diňläp we sapaga ünsüni berip uzak wagtlap sapakda oturyp bilmeýär, «dym-dyrslyk sagadynda» oňa ýatalgasynda ýatmak ýaranok we ş.m.

Netijede ol stola tyrkyldadyp başlamak, dyrnagy bilen ritm çalyp, saçyny barmagyna oramak, depderiň burçunda çyrmaşyklary çekmek, galamy, ruçkany ýa-da dyrnagy gemirmek ýaly ownuk hereketlere başlaýar.  Bu zatlaryň ählisini ol işsiz oturmazlyk üçin we öz energiýasyny bir ýere gönükdirmek üçin awtomatik ýagdaýda edýär.

Göz öňünde ýaramaz görelde

Dyrnak gemirmek endigi nesilden-nesle geçip bilýär diýen ýaly pikirler hem bar, ýöne bu pikiriň ÝALANDYGY hakynda garaýşy öňe sürdüler — çaga şol maşgalada başga-da kimdir biri dyrnagyny gemirýän bolsa, dyrnak gemrip başlap biler, ýöne bu ýerde esasy zat genetiki ýagdaý däl-de, görelde almakda bolup biler.

Bu endige garşy nädip göreşmeli

Gynansak-da, bu zyýanly endikden dynmagyň halkara serişdesi heniz oýlanyp tapylmady. Ýagny, köplenç bu endigi dürli usullary tejribe etmek arkaly aýyrmaly bolýar. Iň esasysy, dyrnagyňyzyň özüne çekijiliginiň sebäbini anyklamakdyr.