Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Nämeden göwreli bolunmaýar?

Nämeden göwreli bolunmaýar?

News

Nämeden göwreli bolunmaýar?

calendar_today 31 March 2022

Nämeden göwreli bolunmaýar?
Nämeden göwreli bolunmaýar?

Hemmämiz çagalygymyzda çagalaryň nireden gelýänini anyklamaga synanşardyk. Biri ene-atasyndan sorasa, beýlekisi – dostlaryndan soraýar. Käbir jogaplar gülkünç we mümkin däl görünýär, käbirleri bolsa häzirem gaýgylandyrýar.

Biz şu ýerde siz üçin bu baradaky ähli toslamalary ýygnadyk. Her biriniň näme üçin mümkin däldigini düşündirmäge çalşdyk.

Üns beriň! Diňe sperma zenanyň jyns ýolunyň içine düşüp, sperma ýumurtganyň ýatgy turbasyna çykjak ýumurtga ýeten ýagdaýynda göwreli bolup bilinýär.

 

Çaga edinmek isleginiň güýçli bolmagyndan göwreli bolmak mümkin däl

Hekaýa: “Çaga wagtym mamam maňa ejem ikisiniň kiçijek gyzjagazlarynyň bolmagyny şeýle bir isländiklerini gürrüň berdi. We şonuň üçin men doglupdyryn. Men şonda şeýle bir gorkdum, sebäbi menem ýaman çagajygymyň bolmagyny isleýärdim. Men şonda göwreli bolmagymdan gorkup, bütin gije ýatman, öz garnyma urup geçirdim”.

Diňe isleg ýetik däl. Göwrelilik diňe jynsy gatnaşygyň netijesinde, spermanyñ zenanyň jyns ýoluna düşüp, spermatazoid ýumurtga girmeginiň netijesinde döreýär.

 

Öpüşmekden göwreli bolmak mümkin däl

Hekaýa: “Men özümiň nädip emele gelenim barada kakamdan soranymda ol bir gün ejemi öpendigini we ejem şondan soň göwreli bolandygyny gürrüň berdi. Şondan soň men kakamyň meniň ýaňagymdan öpmegini hem gadagan etdim. Hatda gujaklamagyny hem islemeýärdim. Göwreli bolmasam bolýarda!”

Göwrelilik öpüşmegiň netijesinde döremeýär. Erkegiň tüýküliginde spermatazoidler ýok. Gyzlaryň tüýküliginde bolsa ýumurtgajyklar ýok. Beýle usul bilen tohumlandyrma mümkin däl.

Üns beriň! Tüýkülik arkaly dürli infeksiýalar ýokuşyp bilýär. Agyz boşlugynyň gigiýenasyna we diş saglygyna üns bermek zerurdyr. Özüňizi sagdyn duýmaýan halatyňyzda opüşmekden saklanyň.

 

Peşewden göwreli bolmak mümkin däl

Hekaýa: “Daýzamyň gürrüň berşine göra olaryň pişiginiň üstüne başga bir pişik buşugypdyr we ol göwreli bolupdyr. Peşewiň jyns ýollardan bölünip çykýanlygy sebäpli olardan göwreli bolup bolýandyr diýip pikir edip gezdim köp wagtlap.”

Erkegiň we aýalyň peşew ýollarynyň we jyns ýollarynyň golaý ýerleşendigine garamazdan, olar hersi aýratyn ulgam bolup galýar.

Erkeklerde uretra - peşew çykaryjy hem tohumlandyryjy suwuklygy daşyna çykarmak üçin hyzmat edýär. Ýöne peşew bilen garyşmaýar (munuň üçin ýörite üýtgetme mehanizmi jogapkär, ulgamlaryň biri işjeň bolsa ulgamlaryň beýlekisi togtadylýar). Ýagny, peşew çykaryjy suwuklyklar içerde garyşmaýar.

Diýmek erkegiň peşewiniň düzüminde spermatazoidler ýok (tüýkülikde bolmaýşy ýaly, ş.m. ýokarda). Ýagny peşewden göwreli bolunmaýar.

Emma peşewiň düzüminde käbir bakteriýalar bolup, jyns organlaryna düşende olar çişme döredip bilýär. Şonuň üçin gigiýena kadalaryny berjaý edip, ýygy-ýygydan jyns organlaryny yuwup durmak wajyp.

 

Bir ýerlerde oturanyň üçin göwreli bolmak mümkin däl

Hekaýa: “Kakam maňa oturgyjyň diňe gyrajygynda oturmagymy tabşyrdy, ol yzymdan oturjak gyzyň göwreli bolmagy ahmal diýip düşündirdi”.

Hekaýa: “Ejem maňa ýubkaly wagtym oturgyçda oturmazymdan ozal ony çygly süpürgiç bilen süpürmegimi tabşyrdy. Sebäbi menden öňürti oglan oturan bolmagy we men şol sebäpden göwreli bolmagymyň ahmaldygyny aýtdy”.

Bu mümkin däl. Sebabi göwreli bolmak üçin erkegiň spermasy jyns ýoluna düşmegi wajyp. Bir oglanyň oturan oturgyjynda yzyndan gyz oturan halatynda onuň jyns ýoluna spermatazoidyň düşmegi mümkin däl, sebäbi:

  • Biz köpçülik ýerlerde ýalaňaç oturamzok
  • Erkekler oturgyçda sperma galdyrmaýarlar
  • Oturgyçdaky sperma gyzyň jyns agzasyna düşsede, jyns ýoluna düşüp bilmez (grawitasiýa)

Gürrüň diňe oturgyç barada däl-de, meselem unitazyň obodogy barada gidýän hem bolsa – bu ýokarda aýdylanlar sebäpli mümkin däl. Şeýle hem ýokarda belleýşimiz ýaly erkegiň beden aýratynlygy sebäpli, ýagny erkegiň peşew ýolundan peşew bölünip çykýan wagtynda sperma bölünip çykyp bilmeýänligi sebäpli, beýle wakalaryn bolmagy mümkin däldir.

 

Deňizdäki ýa-da basseýndäki suwdan göwreli bolmak mümkin däl

Hekaýa: “Joram bir gün maňa şuny gürrüň berdi, onuň goňşysy köpçülik basseýnine gatnanlygy sebäpli göwreli bolupdyr. Netijede men şol gürrüňden soň 5 ýyllap basseýnde ýa-da deňizde suwa düşmekden gaça durdum”.

Spermatazoidler suwda uzak ýaşamaýar, hususanda hlorlanan suwda (ýagny basseýniň suwunda) we duzly suwda (deňziň suwunda).

Beýle uly suw göwrümde bolup biljek spermatazoidleriň konsentrasiýasy hem diýseň pes, şonuň üçin beýle mümkinçiligiň bolmak ähtimallygy nola dendir.

Şeýle hem bedende ýörite mehanizm bar – kiçi we uly jyns agzy, olar jyns ýoluny ýapyp durýar. Şonuň üçin basseýndäki suwdan göwreli bolmak mümkin däl.

Üns beriň! Basseýndäki suw infeksiýalaryň döremegine (suwdaky dürli bakteriýalar sebäpli) ýa-da çişmeleriň döremegine (arassalaýjy suwuklyklar arkaly) sebäp bolup bilýär. Şol sebäpli ýüzmek üçin saýlajak suwuňyza üns beriň. We suwa girmezden öň we suwdan çykanyňyzdan soň gigiýena talaplaryny berjaý ediň.

Ýogsada, spermatazoidler howada guraýandygy sebäpli tiz ölýärler (bu ýagdaý birnäçe minutdan 15 minuda çenli).

 

NETIJE

Göwrelilik DIŇE spermanyň jyns ýoluna düşüp, spermatazoidyň ýumurtgany tohumlandyrmagy netijesinde döreýär. Eger sperma jyns ýoluna düşmedik bolsa – göwreli bolmak mümkin däl.

Erkegiň hiç bir beýleki suwuklyklary, spermadan başga, öz düzüminde spermatazoidleri saklamaýar – tüýküliginde, peşewinde, ganynda ýa-da deriniň düzüminde spermatazoidler ýok.

Biderek gorkular we aladalar bilen özüňi kösemezlik üçin göwreli bolmagyň ýollaryna düşünmek wajyp.

 

Related Content

Campaign

27 October 2021

Erkekler hem
Read story