Go Back Go Back
Go Back Go Back

Oglanlar üçin: Saglyk we gigiýena

Oglanlar üçin: Saglyk we gigiýena

News

Oglanlar üçin: Saglyk we gigiýena

calendar_today 05 October 2021

Seniň teniň her gün bir garaşylmadyk täsinlik görkezýär: sen hemişe bolşuňdan köp derleýäň, saçyň birden ýagly bolýar, goňak peýda bolýar. Alada edip oturma, seniň ýaşyňda bu adaty bolmaly ýagdaýdyr. Edil häzir seň üçin bar ünsüňi öz bedeniň gigiýenasyna bermek möhümdir. Esasy maksat - deriň arassaçylygyny üpjün etmek. Her gün suwa düşmek, has gowusy akyp duran duşyň aşagynda; Wannadan soň hökman arassa suw bilen ýa-da duşuň aşagynda ýuwunmak gerek; Her gün goltugasty oýtumlaryňy ýuwmaly, we ösýän tüýleri syryp aýyrmaly, sebäbi der olarda saklanyp soňra üýtgeýär, bu bolsa özboluşly ysyň döremegine getirýär. Aýaklaryňy günde aram sowuk suwda ýuwmaly. Her gün joraplaryňy, kolgotkiňi, eşigiň aşagyndan geýilýän geýimiňi çalşyp durmaly; Seniň aýratyn diňe özüňe degişli daragyň, diş çotgaň, elsüpürgijiň, gaýçyň, eşigiň aşagyndan geýilýän geýimiň, aýakgabyň, dodak pomadaň, kellä geýilýän geýimiň, dezodorantyň, tüý syrmak üçin abzalyň bolmaly. Antiperspiranty/dezodaranty diňe arassa bedeniňe sepmeli.

  • Düwürtikleriň döremegi adaty ýagdaýdyr

Seniň ýag çykarýan mäzleriň aşa işjeň bolýar we ýag bölüp çykarýar, olar bolsa deriň öýjüklerini petikleýär we düwürtikleriň döremegine sebäp bolýar. Şol öýjüklere düşen bakteriýa çişme prosesi ýüze çykarýar we netijede düwürtikler döräp başlaýar. Düwürtikleriň döremegine başga zatlar hem sebäp bolup biler, olardan garyn-içege trakt keselleri; mysal üçin, disbakterioz, gastrit, ötde daşyň bolmagy. Şeýle-hem "gormonal düwürtikler" ady bilen belli endokrin sistemasynda disbalans.

  • 14 -18 ýaş aralykdaky ýetginjekleriň ýüzden 50%-de düwürtik bolýandyr.

Eger sen hut şu 50%-me düşen bolsaň, onda tizden-tiz biziň maslahatlarymyzy berjaý et ýa-da dermatolog lukmanyňyzdan olary bejermek barada maslahat al! Iň möhüm we ýönekey düzgün - şahsy gigiýenany berjaý etmek. Ýüzüňi hökman günde azyndan iki gezek ýuwmaly; Ýüzüňi hapa elleriň bilen ellemeli däl; Düwürtikleri sykyp çykarjak bolmaň, beýle etseň infeksiýa düşürmegiň ahmal; Ýörite deri üçin niýetlenen arassalaýjy salfetkalardan, çagalar üçin sabynlardan, düwürtiklere garşy losýonlardan peýdalanyp bilersiň; Iýmit möçberiňden ajy we öte süýji önümleri, gazlandyrylan içgileri aýyr. Eger düwürtik örgüni seni ynjalyksyzlandyrýan bolsa, hökman dermatolog- lukmanyňyzdan olary bejermek barada maslahat alyň.

  • Haýsy düzgünler ýetginjek oglanlaryň saglygyny goramakda kömek edip bilerkä?

Sintetiki içki geýim, jorap we dar balak geýmek maslahat berilmeýär, sebäbi olar jyns agzalarynyň wentilýasiýasyny ýaramazlaşdyrýar, we jyns agzalary zolagynda gan aýlanyşyň bozulmagyna getirýär. Çygy özüne gowy siňdirýän pagtadan we galyň däl matadan tikilen içki eşik, seni şol ýakymsyzlyklardan azat eder. Içki geýimleriňi we jorabyňy her gün çalşyp durmaly.

  • Oglanlar üçin jyns agzalarynyň gigiýenasynyň düzgünleri

Jyns agzalaryňy irden, agşam we pollýusiýadan soň ýuwmaly, öňünden bolsa gowy edip eliňi ýuwmaly; Ýuwanyňda arassa, ýyly, akar suw ulanmaly; Ýuwanyňda dogry yzygiderliligi berjaý etmek gerek: ilki jyns agzanyň kellejigini, soňra jyns agzanyň özüni, tohum haltajygyny we soňra çatalba aralygyny; Syrly ýerleriňi ýumşak, gury, arassa elsüpürgiç bilen süpürmeli. Ýatda sakla: Seniň aýratyn, özbaşdak elsüpürgijiň bolmaly. Elsüpürgijiň diňe bir eýesi bolmaly; Her gezek kiçi meýdandan soň, siýdik damjalary aşaky geýimleriňe siňmez ýaly jyns agzaňy hajathana kagyzy ýa-da kagyz salfetkasy bilen süpürmeli.

Ýadyňda sakla!

Gigiýena düzgünleriniň bozulmagy sowuklama keselleriň döremegine getirýär we JÝAGI bilen kesellemek howpuny ýokarlandyrýar.

 

Related Content