Go Back Go Back
Go Back Go Back

Oglanlar gyzlaryň jyns ulgamynda näme bardygyny näme üçin bilmeli?

Oglanlar gyzlaryň jyns ulgamynda näme bardygyny näme üçin bilmeli?

News

Oglanlar gyzlaryň jyns ulgamynda näme bardygyny näme üçin bilmeli?

calendar_today 04 April 2022

Oglanlar gyzlaryň jyns ulgamynda näme bardygyny näme üçin bilmeli?
Oglanlar gyzlaryň jyns ulgamynda näme bardygyny näme üçin bilmeli?

Gyzlaryň beden gurluşy barada: jyns ulgamy, ýetginjeklik döwründäki gormonal üýtgeşmeler, aýbaşy barada biri gürrüň bereninde oglanlar köplenç gyşarylýarlar.

“Bize bilmek nämä gerek?” – ýaly sorag berýär oglanlar.

 

A biz şeýle jogaplaýarys.

 

Gorkmazlyk üçin

 

Geň galaýmaly, emma köp oglan gyzlardan gorkýar. Olara zeper ýetirmekden, gaharyny getirmekden (gyzlaryň we ulularyň), birzatlary bozmakdan gorkýarlar.

 

Nämälimlik elmydama gorkuly. Ýöne gyzlar – nämälimlik däl. Oglanlar bilen bir hatarda olar hem adam, gyzlar başga planetadan gelenok ýa-da aýratyn bir görnüşiň wekilleri däl.

Gyzlaryň içki organlary oglanlaryňky bilen meňzeşräk. Olar hem dem alýar, iýip-içýär we oglanlaryň ösüşi ýaly ösýär. Kähalatlarda olaryň arzuwy hem oglanlaryňka meňzeş bolýar.

 

Käbir zatlary bilseň, meselem gyzlaryň fiziologiki gurluşy barada bilsen, gorky şol bada gidýär. Mysal üçin: klasdaşyň aýda bir gezek gany akýandygy ýa-da gyz jigiňizi dogmak üçin ejeňiziň garnyny kesmeklerinden gorkmasaň hem bolýar.

 

Ýazgarmazlyk üçin

 

Kämahal sözler gaty agyry berip bilýär. Esasan hem adam öz diýýän zadyna düşünmän aýtsa.

 

Meselem, gyzlaryň ýetginjeklik, kämilleniş döwri oglanlaryňka garanyňda has ir başlaýandygyna düşünýärsiň. We şol döwürde ýetginjegiň derisiniň zaýalanyp bilýändigine akyl ýetirýärsiň – meselem düwürtikler. Bir gyzyň şeýle ýetmezçiliklerini ýörite reňk beriji krem bilen ýapjak bolýandygyny ýazgaraňok, üstünden güleňok, ýuwunmagyny maslahat bereňok. Sen diňeje ol üýtgeşmelere üns bereňok we onuň bilen öňkiň ýaly sylagly gatnaşygy saklaýaň.

 

Şeýle ýagdaýda, gyz derisindäki hemişe dolandyryp bilmeýän üýtgeşmeleriň aragatnaşygyňyzy bozmaýandygyna begener.

 

Ideg etmek üçin

 

Maglumat - aladaňy görkezmäge, ony "ýerlikli" we wagtynda ulanmaga mümkinçilik berýär.

 

Meselem, aýal doganyňyzyň aýbaşy döwrüniň başlandygyny we özüni gowy duýmaýandygyny bilseňiz, oňa ýyljak ýyladyjy ýa-da ýyly ýorgan getirip, oňa ýatmaga mümkinçilik döretseňiz has gowudyr. Sowuk kompress bu ýerde asla kömek etmez.

 

Aýbaşy döwründe käbir gyzlarda garnynyň aşagynda agyry döreýär. Bu kadanyň bir görnüşi (agyrylar güýçli bolmadyk ýagdaýynda), kada bolsada köp güýjiňi alýar. Ýylylyk bu agyryny azaltmaga ýardam berýär.

 

Käbir gyzlarda hiç hili agyry döremese hem, başga alamatlar bolup bilýär:

  • Tiz ýadamak
  • Ýüzünde örgünleriň döremegi
  • Derisiniň aşa köp guramagy
  • Gaharjaňlyk we ş.m.

 

Aldanmazlyk üçin

 

Sen bir zady anyk bileninde, seni aldamak aňsat däl – ýörite ýa-da tötänden hem bolsa.

 

Mysal üçin seniň dostlaryň goňşyňyzyn çagasyny ýuwutdy, şonuň üçin hem ol çaga indi onuň garnynda ulalýar ýaly ýalanlara ynanmarsyň.

 

Sebäbi sen çaganyň ene garnynda däl-de, onuň ýörite organynda – ýatgysynda ulalýandygyny anyk bilýärsiň. Ol ýere çaga iýmit hökmünde düşmedigine akyl ýetirersiň. Kakanyň spermatazoidleriniň ejäniň ýumurtgalyklaryna düşendigi netijesinde şeýle bolýandygyny bilersiň.

 

Utanmazlyk üçin

 

Oglanlarda bolup geçmeýän bir zadyň gyzlarda nähili we näme sebäpden bolup geçýändigini bilseň, oňaýsyzlyk bolmaz..

 

Mysal üçin, ýetginjeklik döwürde gyzlaryň göwsi ulalýar. Hemme üýtgeşmeler tamamlanandan soň gyz fiziki taýdan (hökman psihologik taýdan diýmegi aňlatmaýar) çaga dogurmaga taýýar bolýar.

 

Göwüs şol çagajygy emdirmek üçin gerek. Göwüsiň içinde göwüs mäzleri we ýag gatlagy bolup, onda süýt akymlary döreýär, arteriýa damarlary geçýär.

Gyz çaga dogurmagy karar berip, göwreli bolan ýagdaýynda onuň bedeninde prolaktin gormony köpelip, göwüsinde süýt emele gelýär.

 

Maglumaty paýlaşmak üçin

 

Käbir dostlaryňyz, tanaýan gyzynyz durmuşynda düşünip bolmajak hadysa bilen ýüzbe-ýüz bolanda bulaşyp bilerler. Bilýän maglumatyňyzy paýlaşyp, ony köşeşdirip bilersiňiz.

 

Mysal üçin, gyz partadaşyň dostuňdan has gowy futbol oýnap biljekdigini aýdyp bilersiň. Onuň professional futbolçy bolmagy arzuw edýändigini gürrüň berip bilersiň. Oňa aňsatlyk bilen ýetip biljekdigini belläp bilersiň. Top oňa degende onuň senden has erbet agyry çekmejekdigini gürrüň berip bilersiň. Topy derwezä düşürip bilmedigi sebäpli onuň şol bada aglap, arz etmäge gitmejegini gürrüň berip bilersiň.

 

We ol beýleki futbol oýnamak isleýän oýunçylardan hiç hili kem däl. Ol gyz – oglanlar ýaly, topuň yzyndan ylgap ýörmegi halaýar. Näme üçin ony öz toparyňyza goşmaly däl?

 

NETIJE

 

Gyzlar – adaty adamlar. Edil oglanlar ýaly. Bu pikire öwrenşmek gerek.

 

Hawa, içki gurluşda tapawutlylyklar bar. Emma bu tapawutlar gyzlara we oglanlara özära gürleşmäge, sylagly gatnaşyklary gurmaga we arzuw etmäge päsgel bermeli däl.

 

Diýmek, bu tapawutlylyklar barada gürrüň bermeli, tapawutlylyklary düşündirmeli we tapawutlylyklarda şu aşakdakylary belläp geçmeli:

“Biz üýtgeşik bolsak hem deň bolmagymyzy bes edemzok!”