Şu gün irden, el-ýüzüňi ýuwup, dişleriňi arassalap durkaň, ýüzüňde ösüntgiň peýda bolandygyny gördüň. Bu, gürrüňsiz, gowy zat, emma seniň sakgal we murt göýbermek islegiň barlygy ýa-da ýoklugy barada sende entäk hem ynam ýok. Onda diýmek, syrmaga başlamak wagty geldi...
1. Päkiniň arassa lezwiýeli, özi-hem şahsy bolmagy zerurdyr.
Kütek lezwiýeli päkilerden gaça dur, sebäbi ýiti bolmadyk lezwiýe bilen tüý syrylanda, seniň ýüzüňde we boýnuňda gyzaran ýerleri we syrylmadyk tüýleriň endigan bolmadyk ýerlerini galdyrar. Päkiň lezwiýesini ýa-da päkiň özüni ýygy-ýygydan çalşyp dur - sen muny edeniň üçin soň begenersiň.
2. Ösüntgini syrýan wagtyň birden hamyň kesilmegi mümkin, emma bu ýagdaý ýygy-ýygydan bolup durmaz.
Kesme bolan halatynda, arassa pagtany ýa-da salfetkany alyp, gan akmany saklamak üçin kesilen ýere göni basmagy ýatdan çykarma.
3. Päki seniň ýüzüňden tebigy ýagy gazap aýyrýar
Şonuň üçin deri syrylandan soň aşa gurak bolmaz ýaly dogry, laýyk gelýan geli saýlap almak möhümdir. Ilki bilen geliň dürli-dürli görnüşlerini barlap gör we özüňe has laýyk gelýänini saýla.
4. Käbir oglanlarda syrynmadan soň ösüp içine giden tüýler peýda bolup biler.
Ýagny, tüýler tersine deriň içine ösýar. Ol tüý follikula ornaşyp biler, we follikulit diýlip atlandyrylýan çişi ýüze çykaryp biler. Beýle ýagdaýda, dogry tüý syrmak usullary barada dermatolog bilen maslahatlaşmak zerur.