You are here

Tiz, tagamly, şol bir wagtda hem peýdaly bolar ýaly näme iýip boljakdygyna karar bermek elmydama aňsat düşmeýär. Ýokumly hem köp dürli iýmit rejesini düzmek üçin käbir tagamlary dykgatyňyza ýetirýäris.

Ertirlik

Ertirlik – şol gün üçin iň esasy iýmitdir. Şonuň üçin hem onuň ýokumly bolmagy hökmany şertdir. Aslyýetinde, ertirlik naharynda hökman gyzgyn tagamlar bolmaly — däneli, doragly, ýumurtgaly ýa-da etli (gaýnadylan ýa-da ýagly bolmadyk) tagamlar. Kaşanyň içine ter miweleri ýa-da gury iýmişleri, mürepbäni, hozy goşup, ählisini gaýmak ýagynda taýýarlamaly we haýaljakdan, mazaly çeýnäp iýip onuň datly tagamynyň lezzetini duýmaly. Doragy hem edil şular ýaly edip bolar. Eger-de işdäňiz kaşany almaýan bolsa, onda süýtli-miweli ertirligi barlap görüň — süýt, ýogurt, bulka, peýnir, miweler. Ýumurtgadan taýýarlanýan tagamlar — gaýnadylan, gowrulan ýumurtga, heýgenek ýa-da paşot-ýumurtga ter otlar, ýeňiljek gök önümlerden taýýarlanan işdäaçardyr etli buterbrod bilen alnyp biler. Şöhlaty we etden taýýarlanýan ýarym fabrikatlary gündelik iýýän iýmitiňizden aýryp bolmajagy mälim, emma düzüminde aşa köp mukdarda konserwantlary we duzlary saklaýandygy üçin olaryň möçberini mümkin boldugyndan azaltmaly.

Lanç

Eger-de mazalyja ertirlik edinen bolsaňyz, onda ertirlik bilen günortanlyk naharynyň arasynda garbanmak zerur hem bolmaz. Ýöne birden garbanmak hyýalyna münseňiz, onda bu siziň bedeniňize gerek bolandyr. Mümkin siz nähilidir bir agyr iş bilen oňa agram salansyňyz, ol aşa köp energiýa sarp edip, dessine öwezini dolmagy talap edýändir. Şular ýaly ýagdaýlar üçin ýanyňyzda hemişe miweleri, gury iýmişleri we duzlanmadyk pisseler göteriň. Bu önümler energiýa goruňyzyň üstüni ýetirer we bedeniňizi witamin bilen baýlaşdyrar. Kofeden asla ýüz dönderjek boluň. Gowusy ony süýtli kakao, çaý ýa-da miwe suwlary bilen çalşyň.

Günortanlyk

Günortanlyk nahary adamyň gündelik iýmitiniň 35 %-ni eýelemeli. Ol öz içine üç, dört tagamy almaly. Olaryň ilkinjisi bolsa gyzgyn nahar — çorba bolmaly. Işdäaçar üçin ter bakja önümlerinden taýýarlanylan ýa-da bakja bilen miwelerden taýýarlanylan işdäaçarlary alyp bolar (kelem, käşir, hyýar, pomidor, salat ýapragy, ýaş sogan, bulgar burçy, rediska, petruşka, ukrop). Gyşyna, haçan-da, ter önümler elýeterli däl wagtynda, duza ýatyrylan kelem, hyýar, pomidorlar, düýp sogan, turp, ýaşyl fasol, ýaşyl goroh (konserwirlenen) ýerine düşer. Takgaz balygy (seld), alma, klýukwa we üzüm işdäaçaryň üstüni ýetirip biler. Işdäaçarlary ösümlik ýagy ýa-da smetana bilen garmak bolar.

Guşluk

Günüň ikinji ýarymynda süýt hem-de ösümlik önümlerini iýmek peýdaly bolar. Guşluk naharyna adatça kalsiý baý bolan süýt ýa-da kefir hem-de hamyrly önümleri goşup bolar — bulka, ýagsyz köke, wafli, kakadylan çörejikler, suşkalar, blinçikler, prýanikler, oladiler. Elbetde, bularyň ählisini birden däl-de, az-azdan iýmeli. Eger-de guşluk naharyna her gün bir tagam iýseň, onda guşluk oňat endige öwrüler we ýüregiňize düşmez.

Agşamlyk

Agşamlyk naharyna bakja hem däneli, buglanan tagamlar, syrnikler (ýumurtga, dorog goşulyp edilen köke), warenikler (içine süzme, ir-iýmiş ýa-da başga zat salnyp bişirilýän börek) iýmek bolar. Et we balyk beloga baý bolup, haýal özleşdirilýänligi sebäpli olary günüň birinji ýarymynda iýmeli. Et önümlerine goşulýan hoşboý tagam berijiler bolsa has hem işdäni açýar. Netijede siz isledigiňizden hem has köp nahar iýersiňiz. Agşamlyk nahary uklamazdan 2-3 sagat öň iýilmeli. Eger agşamlyk naharyndan soňra garbanmak isleseňiz, onda bir bulgur kefir ýa-da süýt içseň bolar. Ony hem gönüden-göni uklamazyň öňýany däl-de, belli bir wagt öňräk içmeli.

Içgiler barada

Arassa suwdan hem-de ajy bolmadyk çaýdan başga-da, bakja önümlerinden we miwedir ir-iýmişlerden edilen suwlary içmek peýdalydyr. Olar işdäni kadalaşdyrýar, teşneligi oňat gandyrýar we C witaminine baý bolýar. Elbetde, miwe suwlarynyň ter sykylan bolmagyny unutmaly däl. Eger muňa wagt tapylmasa, onda çüýşe gaplarda satylýan miwe suwlaryny almak bolar. Iň esasysy, olaryň düzümine oňatja üns beriň, himiýa näçe az bolsa, şonça-da gowy. !!! Galyberse-de, kagyz gaplarda satylýan zatlaryň ählisi — şire suwlary däldir. Olaryň düzüminde hem dürli görnüşli goşundylar we ys berijiler az duşmaýar. Gazly suwy welin, asla içmekden ýüz öwürmeli hem-de aýylganç düýş ýaly ýatdan çykarmaly. Ol suwsuzlygy gandyrman, oňa derek aşgazan-içege traktynyň gyjynmasyna getirip, süňkden we dişleriňden kalsiniň ýok bolmagyna sebäp bolup biler. Düzüminde konserwantlaryň, konsentratlaryň, reňk, ys we tagam berijileriň, şeýle hem beýleki köp sanly goşundylaryň bardygy sebäpli köplenç allergiýa döredip bilýär. Eger-de siz datly hem peýdaly iýmitlenmegiň başga bir usulyny oýlap tapan bolsaňyz we öz tejribäňizi paýlaşmak isleseňiz biziň poçtamyza ýazyň: info@unfpa.org.tm