You are here

Dümew — ýiti wirusly infeksiýa bolup, adamdan adama ýeňillik bilen geçýär we düýpli kynçylyklary getirip bilýär. Kimdir birleriniň bu kesel bilen kesellemek mümkinçiligi ýokary, kimdir biriniňki aşak.

Nädip bu keseliň öňüni almaly we özüňi goramaly? Jogap – dümewe garşy möwsümleýin sanjym almakdyr.

Dümew, hakykatdan hem, howplumy?

Biziň her birimiz dümew bilen ençeme gezek keselledik we bu keseli köpräk gyzgynjak suwuklyk içseň we aýaklaryňy ýyly saklasaň geçip gidýän burun dykylma ýaly ýeňiljek kesel bilen bir zat hasaplaýarys. Hatda adamlaryň aglabasy dümew zerarly lukmana ýüz tutup hem durmaýar. Emma dümewiň ştammlary (mikroorganizmleri) welin örän köp bolansoň, hut siziň ýagdaýyňyzda wirusyň nähili hereket etjekdigini öňünden aýdyp bolmaýar. Şonuň üçin hem ilkibaşdan bejergi hünärmen bilen maslahatlaşylmalydyr.

Dümewden soňky çylşyrymlaşmalar

Pnewmaniýa, laringotraheit, miozit, kardial çylşyrymlaşma, ensefalopatiýa, Giýen-Bar sindromy, Reýo sindromy, ýiti orta otit, sinusit, bronhit we beýlekiler.

Mende sowuklamamy ýa-da dümew?

Siziň gyzgynyňyz barmy, temperaturaňyz 37°С-dan ýokarymy, kelle, bogunlar, myşsalar agyrýarmy, üşüdýäňizmi, asla ysgynyňyz ýokmy, burnuňyz dykylyp, bokurdagyňyz gyrylýarmy? Bu sowuklama hem, dümew hem bolup biler. Asla başga bir zat hem bolup biler. Sowuklamany dümewden başlangyç tapgyrynda tapawutlandyrmak asla ýeňil däl. Ine, şu ýerde hem toplumlaýyn analiz geçirjek, syrkawyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmek we mümkin bolan çylşyrymlaşmanyň öňüni almaga ýardam etjek dermanlary ýazjak lukman gerek.

Dümewden nädip goranmaly?

Dümew howa-damja ýoly — üsgürmede, asgyrmada bolşy ýaly, hojalyk ýoly — gündelik ulanýan pretmetleriň üsti bilen hem geçip biler. Kesellemezlik üçin elleriňizi sabyn bilen ýuwuň we keselçilik möwsümi elleriňiz üçin antiseptik serişdelerden peýdalanyň. Kesellän adamlar bilen aragatnaşyk saklamajak boluň, köp adamly ýerlerde lukmançylyk maskalaryny dakynyň. Durnukly immunitet edinmek üçin her ýyl dümewe garşy sanjym alyň.

Nädip we haçan sanjym almaly?

Biziň dümew diýip atlandyrmagy endik eden zadymyz — howanyň çalyşmagy bilen oýanýan we bir keselliden beýleki birine ýokuşýan wirusyň kesgitli bir formasydyr. Şonuň üçin hem dümew üçin «däp bolan» möwsümler — güýz we ýaz. Hut şu döwürde dümew keseli bilen keselleýänleriň sany agdyklyk edýär. Wirusa garşy göreşmek boýunça esasy çäreler hem hut şu döwürde geçirilýär. Dümewe garşy priwiwkany 6 aýlykdan başlap, tä giçki gartaşanlyga çenli, göwreliligiň ähli döwründe alsaň bolýar. Waksina howpsuzdyr. Ýeke-täk çäklendirme: SANJYM ALYNÝAN WAGTYŇ SAGDYN BOLMALYDYR!

Sanjymdan soň men kesellemerinmi?

Sanjymdan soň, siz birnäçe günüň dowamynda özüňizde ysgynsyzlyk — temperaturanyň ýokarlanmagyny, gowşaklyk, sanjym edilen ýerde deriň gyzarmasy ýaly alamatlary duýup bilersiňiz. Bu islendik waksina ýa-da sanjym üçin, şol sanda dümewe garşy sanjym üçin adaty ýagdaýdyr. Ýöne bu hili reaksiýa sanjym alýanlaryň diňe 10-20 göteriminde duş gelýär. Galan adamlar üçin sanjym asla duýdansuz diýen ýaly geçip gidýär.

Eger-de meniň allergiýam bar bolsa…

Allergiýa — hroniki keseldir, ol immuniteti gowşadýar we bizi wiruslara garşy has durnuksyz ýagdaýa getirýär. Eger-de sizde towuk belogynyň hatda ujypsyz mukdaryna hem allergiýaňyz bolsa, onda dümewe garşy sanjym size asla bolmaýar — çünki bu belok sanjymyň düzümine girýär. Eger-de sizde allergiýanyň beýleki formalary bar bolsa, onda priwiwka oňa asla täsir etmez.

Dümew diňe güýzde we ýazda howplumy?

Dümewiň dürli formalary bar. «Möwsümleýinden» görnüşinden başga-da biz onuň dürli formalary bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Wirus elmydama üýtgeýär, ägirt uly çäkleri öz içine alýan täze ştammlar döreýär, epidemiýalary döredip, dünýäniň dürli künjeklerinde adamlaryň köp bölegine ýokuşýar. Dümewiň bu hili ştammlary «möwsümleýin» görnüşdäki wirusa garanyňda, has çylşyrymly alamatlara eýedirler.

Nädip halas bolmaly?

Dümewiň islendik ştammyndan iň gowy gorag — bu oňat, durnukly immunitetdir. Immunitet üçin bolsa, oňat dynç, kadaly uky, dogry iýmitlenmek, witaminleri kabul etmek möhümdir.

GEÇIŞ

Dümewiň diňe özi däl, onuň çylşyrymlaşmasy hem howpludyr. Biz ary bally çaýdyr parasetamola näçe bil baglasak hem, iň gowusy onuň döremeginiň öňüni almakdyr. Ýönekeý dilde aýdylanda, sanjym etdirmekdir.