Go Back Go Back
Go Back Go Back

Sanjymlar: Artykmaçlyklary howpdan ýokary

Sanjymlar: Artykmaçlyklary howpdan ýokary

News

Sanjymlar: Artykmaçlyklary howpdan ýokary

calendar_today 13 December 2021

Faktlardan başlalyň.

1. Sanjymlar bilen keseliň öňüni almaklygyň artykmaçlygy onuň howpundan has ýokarydyr.

2. Islendik derman serişdesi reaksiýa berip biler, ýöne sanjymyň has agyr täsir döredýän ýagdaýy örän seýrekdir.

Ene-atalaryň ählisi üçin ir-u-giç «Çaga kesele garşy nobatdaky sanjymy etdirmelimi?», «Seýrek duşýan keselden goranmaklyk üçin wagtyňy we nerw işjeňligiňi sarp edeniňe degýärmi?» we iň esasysy hem «Howpsuzmy?» ýaly soraglar ör boýuna galýar.

Sanjym almagyň, aýratyn hem onuň artykmaçlyklary görünmeýän ýagdaýynda mümkin bolan howplaryna düşünmek islegi tebigy ýagdaýdyr. Siz çagaňyzyň keseli döredijiler bilen näçe gezek ýüzbe-ýüz boljakdygy barada we sanjymdan soň onuň immunitetiniň ony näçe gezek gorajakdygy barada hiç wagt bilmersiňiz. Bagtymyza, bu meselä aýdyňlyk bermäge mümkinçilik berýän statistika bar.

Ilkinji nobatda bilmeli zadyňyz şulardan ybarat:

Sanjym almaklyk janyňy halas edýär

Sanjym almaklygyň esasy artykmaçlygy onuň keseliň öňüni alýanlygyndadyr. Immunizasiýa XX asyryň jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň iň uly üstünlikleriniň biri hasaplanylýar. Bilermenler immunizasiýanyň saglygy goramagyň açarydygynda ylalaşýarlar. Bir ýyl sanjym alynmagy netijesinde dünýä boýunça 2-den 3 milliona çenli ölüm ýagdaýynyň öňi alynýar. Bu san ummasyzdyr.

Sanjym almaklyk kesellemegiň derejesini düýpli peseltdi

Bu günki gün çagalara hökmany sanjym edilýän keseller bilen kesellemegiň derejesi XX asyr bilen deňeşdirilende şeýle bir düýpli peseldi welin, umumy statistika babatda alanyňda keselleme ýagdaýyny ýekeleýin ýagdaýlar diýip alyp bolar. Gökbogma keselinden sanjymlar 89,4%, hapgyrtmadan – 95,6%, bürmek keselinden – 96,9%, gyzamykdan, gyzyljadan, HiB-den – 99.9% goragy üpjün edýär. Täjihoraz (difteriýa), mama we poliomelit keselleri sanjymlar arkaly 100% öňi alynýar.

Möhüm! Keselleme ýagdaýynyň azalmagy sanitariýa ýa-da gigiýena üçin däl-de, ilkinji nobatda, sanjymlaryň kömegi bilen gazanyldy. (Eger-de gigiýena ýa sanitariýa üçin bolsady, onda keselleriň sany şol bir wagtda azalyp başlardy). Sanjym alýan kesellerimiziň sanynyň azalandygyna garamazdan, olar ýitirim bolmady.

Keseller dolanyp gelýär

Keseller ýitirim bolman, diňe immunizirlenen adam üçin howply bolmagyny bes edýändigini nazara alsak, onda sanjym alynmagynyň bes edilmegi keselleriň dolanyp geljekdigini aňladýar. Ine, hut şonuň üçin hem biz ýurtda asla duş gelmeýän kesellerimize garşy sanjymlary häzire çenli edip gelýäris. Çünki keseliň ýaýramagy üçin bar gerek zat — bu şol kesel ýok edilmedik döwletden gelen ýekeje keselli syýahatçy ýeterlik.

Sanjym almaklyk siziň aladalanýan adamlaryňyzy goraýar

Sanjym almaklyk — bu diňe bir şahsy saýlaw däl. Sanjym alan jemgyýet sanjym almadyklary goramaga kömek edýär. «Toparlaýyn» ýa-da «jemgyýetçilik» immuniteti, ine, şeýle hereket edýär. Haçan-da, belli bir jemgyýetde çagalaryň 90%-den az bölegini immunizirlänlerinde, ýokanç keselleriň aňsatlyk bilen ýaýrap bilýän gurşawy emele gelýär.

Ýönekeý dilde aýdylanda, adam sanjym alanda, ol keseliň jemgyýetde beýleki adamlaryň arasynda ýaýramagynyň öňüni alýar, şol sanda:

  1. Sanjym üçin çenden aşa kiçi çagalarda
  2. Sanjym almadyk çagalarda we uly ýaşlylarda
  3. Göwreli zenanlar
  4. Ýaşuly adamlar
  5. Demgysma, hroniki keseller zerarly gowşak immun ulgamly adamlarda ýa-da rak keselinden bejergi alýan adamalarda
  6. Sanjymyň komponentlerine allergiýasy bolan adamlarda.

Sanjym geljekki nesli gorap saklaýar. Sanjym alan eneler heniz dünýä inmedik çagalaryny dogabitdi şikesleri döredip biljek wiruslardan goraýarlar, sanjym alan jemgyýet bolsa geljek nesil üçin keselleriň soňuna çykyp biler.

Sanjymlar ykdysady taýdan netijeli

Sanjymlar diňe bir adam ömrüni halas etmän, eýsem, puly hem tygşytlaýar. Keseli bejereniňden, onuň öňüni alanyň elmydama amatlydyr. Täze doglan çagalara sanjym etmegiň maksatnamasy 13,6 milliard dollar göni çykdajylary tygşytlaýar. Muňa dünýä statistikasy şaýatlyk edýär.

Sanjymlar howpsuzdyr

Sanjymlar tassyklanylmazdan öň, möhüm synaglardan geçirilýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) olaryň howpsuzlygyny elmydama gözegçilikde saklaýar. Sanjymlar şeýle hem çaglary goramak üçin bilelikde peýdalanmak üçin hem öwrenilýär.

Bu günki gün Türkmenistandaky çagalary immunizasiýalaşdyrmak boýunça maslahat berilýän tertipnama olary 14 sany keselden goramak üçin niýetlenendir: gökbogma, täjihoraz, hapgyrtma, gepatit «B», «B» tipli gemofil ýokanjy, gyzamyk, gyzylja, parotita, inçekesel, pnewmoniýa, poliomelit we adam papilloma ýokanjy.

Geçen ýyl Türkmenistan üç sany täze sanjymy immunizasiýa tertipnamasyna goşdy: pnewmokok we rotawirus ýokanjyna garşy, şeýle hem wirusly gepatit A garşy. Şeýlelik bilen ýurtda BSGG-niň maslahat berýän durmuş ähmiýetli sanjymlarynyň ählisi işjeňleşdirildi.  

Sanjym etmezligi saýlaýan ene-atalar köplenç halatda howpdan gaçmak isleýärler. Emma sanjym etmezligi saýlamak – has howplydyr.

Kesel bilen tebigy ýagdaýda keselläp immun ulgamy emele getirmegiň bahasy has ýokary bolup biler: «B» tipli gemofil taýajygy (Hib) bilen kesellemeklik kognitiw bozulmalara getirip biler, gyzylja – dogabitdi şikeslere, wirusly gepatit B – bagyryň rak keseline, gyzamygyň ýaramazlaşmagy bolsa – agyr netijelere getirip biler.

Sanjym almaklyk keseliň çylşyrymlaşmagyny iň pes derejä çenli düşürip bilýär.

Related Content