Go Back Go Back
Go Back Go Back

Siz häzir janyňyza kast etmek barada pikirlenýän bolsaňyz

Siz häzir janyňyza kast etmek barada pikirlenýän bolsaňyz

News

Siz häzir janyňyza kast etmek barada pikirlenýän bolsaňyz

calendar_today 12 August 2021

Gapyny tapyrdadyp ýapyp, bu durmuşdan gitmek barada her birimiz kämahal oýlanýarys. Sen bu barada edil häzirki wagtda oýlanýan bolsaň, pikirleriň seni bimaza edýän bolsa, haýyşt, ilki şu aşakdaky 5 ädimi ýerine ýetir. Belki bu seniň içiňdäki agyryňy ýeňip geçmäge kömek eder. 

 

№1-nji ädim: Edil häzir hiç zat etmejegiňi özüňe söz ber

Erbet agyry duýýanlygyňa garamazdan, pikirleriňi we hereketiňi saýgar. Özüňe söz ber: “Men 24 sagat garaşmaly we şol wagtyň içinde çürt-kesik hiç zat etmeli däl”. Ýa-da özüňe 1 hepde wagt ber.

Pikir we hereket – iki sany aýry zat. Seniň janyňa kast etmek baradaky pikirleriň hakykatda amala aşmaly diýen zat ýok. Wagt çäklendirme ýok, seniň häzirki pikirleriňden täsirlenip şu wagtyň özünde hereket etmeli diýýän ýok. Garaş. 

 

№2-nji ädim: Narkotik serişdelerden we alkogoldan daş dur

Narkotiki serişdeleriň ýa-da alkogolyň täsiri astynda janyňa kast etmek baradaky pikirler has hem güýçlenip biler. Çykgynsyz ýagdaýda ýa-da janyňa kast etmek barada oýlanan wagtyňda reseptsiz goýberilýän dermanlary ýa-da alkogol içgileri ulanmazlyk wajyp. 

 

№3-nji ädim: Öz öýüňi howpsuzlandyr

Özüňi şeýle hereketlere iterme. Özüňe zyýan edip biljek predmetleri aýyr. Meselem, dermanlar, pyçak, päki ýa-da ot açýan ýarag. Bu zatlary aýyryp bilmeýän bolsaň, özüňi howpsyz ýagdaýda duýjak ýeriňe git. Eger dermany aşa köp içmegi niýetleýän bolsaň – dermanlary soň hakykatdan hem sana zerur bolan ýagdaýda gaýtaryp biljek birine ber. 

 

№4-nji ädim: Janyňa kast etmek baradaky pikirleriňi içiňde saklama

Janyňa kast etmek baradaky pikirleriňden üstün çykmak üçin olar barada ynanýan adamyňa gürrüň bermek zerur. Ol seniň maşgalaň bir agzasy, dostuň, terapewt, molla, mugallym, maşgala lukmanyň, türgenleşdirijiň, ýa-da telefonyň beýleki tarapynda bolup biljek tejribeli konsultantyň bolup biler. (Aşgabat: +993-12-22-93-89, Türkmenabat: +993-422-3-22-29)

Kimdir birine öz ýagdaýyň agyrdygyny hökman habar ber. Gorkyň, utanjyň ýa-da çekinjeňligiň saňa kömek üçin ýüz tutmagyňa päsgel bermesin. Siziň ýüzlenen ilkinji adamyňyz size düşünmese, başga bir düşünip biljek birine ýüz tutuň. 

Häzirki gelen ýagdaýyňa nädip düşeniň barada birine gürrüň bermegiň seniň üstüňdäki gaýgyny azaldar, şeýle etmek bilen bu ýagdaýy ýeňip geçmegiň başga usullary barada pikirlenip bilersiň. Bu hakykatdan hem peyda edýär.

 

№5-nji ädim: Ynan, köp adam HAKYKATDAN hem şeýle zatlarda geçýär

Seniňki ýaly özüni iň erbet halda duýan adamlar hem bu duýguny ýeňip geçmegi başardy. Ynan. Özüňi ýigrenýändigiňe, çykgynsyzdygyňa ýa-da çetleşdirilendigiňe garamazdan, bu duýgularyňy ýeňip geçjegiňe uly mümkinçilikler bar. Özüňe biraz wagt ber we ýeke hereket etme. 

 

NETIJE

Seniň ömrüň – iň uly gymmatlyk. Köp zady ýaşadyň, ondan köpüsi hem öňüňde. 

Häzirki düşen ýagdaýyňdan çykmak üçin özüňe wagt ber. Seniň kelläňde erjellik bilen aýlanýan pikirleriňden daşlaşmak üçin özüňe mümkinçilik ber. Beýlekilere saňa kömek etmäge mümkinçilik ber.

Sen hökman başararsyň.

 

Related Content