Go Back Go Back
Go Back Go Back

Sowuklamadan soň meniň aýbaşym gelenok

Sowuklamadan soň meniň aýbaşym gelenok

News

Sowuklamadan soň meniň aýbaşym gelenok

calendar_today 09 March 2022

Aýbaşy döwri — gyzlaryň we zenanlaryň saglygynyň özboluşly görkezijisi. Köplerde  menarhe (ilkinji aýbaşy) 12-14 ýaşlarynda gelýär (göwüsleriň ösüp başlamagyndan soňra, ortaça 2-3 ýyl soň) we menopauza döwrüne (50 ýaş töweregi) çenli yzygiderli dowam edýär.

Ýöne kähalatlarda, bedende näsazlyklar ýüze çykýar we aýbaşy döwri bozulýar. Sowuklamada ýa-da dümewde aýbaşynyň wagtlaýyn togtamagy bolýarmy? Näme üçin we muny nähili düzetmeli?

 

Aýbaşy döwri we saglyk 

Aýbaşy aýlawy — bu aýbaşy bilen tohumlanmadyk ýumurtga öýjügi ölenden soň ýatgynyň içki gatlagynyň bölünip aýrylýan wagtynyň arasyndaky aralykdyr. Kadaly ýagdaýda aýbaşy  şol bir wagt aralygynda gaýtalanyp, yzygiderli gelýär.  Ol 21 gün hem, 24 günem, 28 günem we 30 günem, käwagt ondanam köp günden ybarat bolup biler. Esasy zat,  her aýda şol bir wagt aralygynda bolmagy. Ol zenanyň bedeniniň özboluşly aýratynlygyna bagly bolup, hiç hili patologiýa däl. 

Möhüm! Gyzda aýbaşy başlan wagtyndan soň ilkinji iki ýylda ol yzygiderli bolman biler — ýaha başlanyndan soň uzak wagtlap bolman biler, akymy has güýçli bolup, hatda gan akma çenli baryp biler, ýa-da tersine, ujypsyz we ş.m. bolup biler. Bu zatlaryň ählisi ginekolog bilen maslahatlaşmaga esas berýär.

Aýbaşynyň özi sagdyn gyzlarda 3-den 7 gün aralygynda dowam  edip biler. Ol ilkinji günlerde gyzylymtyl goňur reňkli köp mukdardaky suwuklyk bolup, kämahal lagtaly bolýar. Aýbaşy döwrüniň ahyryna çenli suwuklygyň mukdary azalýar we ol  çala çyrşak bolýar.

 

Aýbaşy döwründe näme kadaly hasaplanýar?

Her bir gyzyň bedeni özboluşly bolup, aýbaşa dürlüçe jogap berýär. Kadaly ýagdaýda aýbaşydan öň gyzlar şu aşakdakylary duýup bilerler:

  • Şähdiň üýtgäp durmagy
  • Ukuçyllyk
  • Ýadawlyk
  • Damar urgusynyň az-owlak çaltlaşmasy

 

Aýbaşy döwründe kadaly hasaplanýar:

  • Agyrylar (agyryny aýyrýan serişdelersiz çydap bolýar)
  • Ýadawlyk
  • Huşsuzlyk
  • Damar urgusynyň belli bir derejede peselmegi

 

Aýbaşy döwründe kadaly hasaplanmaýan zatlar haýsylar?

Galyberse-de, gyzyň ýa-da zenanyň bedeninde möhüm bozulmalaryň bardygyny aňladýan käbir alamatlar bar:

  • Gysga aýbaşylar (aýlaw 21 günden az)
  • Ujypsyz aýbaşy (çyrşalýan)
  • Akgynly aýbaşy (7 günden artyk dowam edýär hem-de prokladkalary/tamponlary iki sagatdan bir gezek çalyşmakdan hem has ýygydan çalyşmaly bolýar)
  • 90 günden has köp wagt saklanmak
  • Aýbaşylaryň arasyndaky aralykda waginal gan akmalar
  • Aýbaşy wagtynda güýçli agyry (iki günden uzaga çekip, agyryny aýyrýan serişdelersiz çydam edip bolmaýar)
  • Aýbaşy wagtynda temperaturanyň ýokary bolmagy (dowamly, 37,2°-dan ýokary)

Möhüm! Özüňde şu alamatlaryň haýsy hem bolsa birini ýa-da birnäçesini anyklasaňyz, HÖKMANY SURATDA lukman-ginekologa ýüz tutmaly!

 

Sowuklama aýbaşa täsir edip bilýärmi?

Hawa. Aýbaşy bedendäki köp sanly prosesler bilen baglanyşyklydyr. Eger-de olaryň haýsy hem bolsa biriniň işinde bozulma bar bolsa, tutuş ulgam bozulýar.

Käbir ýagdaýlarda kesel — ýiti respirator keselleri ýa-da ýiti respirator wirusly keseller bölünip çykmalaryň aýlawyna we häsiýetine düýpli täsir edip bilýär. Wirus zenanyň bedenine düşeninden soň, agyryly mikro bedenjikler tiz köpelip başlap, gormonal deňagramlylygy bozýan toksinleri bölüp çykarýar. Bu hili täsiriň netijesini öňünden aýtmak kyn: aýbaşy bolmaly wagtyndan ir hem başlap biler, ýa-da «saklanyp» hem biler, agyryly, ujypsyz, akgynly hem bolup biler.

Ujypsyz gowşaklyk, bokurdakda az-owlak şyggyldy, ýeňiljek burun akma we üsgülewük bolan ýagdaýynda aýbaşy aýlawyndaky üýtgeşmeler hem az bolar — bir hepdä çenli saklanma bolup biler.

Eger-de kesel uzaga çekip, agyr geçen bolsa: temperatura ýokarlanyp, bedene aşa agram düşen bolsa, onda aýbaşynyň häsiýeti düýpli üýtgäp biler.

Kabul edilýän derman serişdeleri hem aýbaşy aýlawyna täsir edýär. Bu serişdeleriň täsirini hem-de mümkin bolan zyýanlaryny şol serişdeleri ýazyp beren lukman düşündirmeli.

Möhüm! Kesel wagtynda saglygyňa gatnaşygyň aýbaşy aýlawynyň bozulmagyna baglydyr. Eger-de siz keseli «aýak üstünde» geçirýän bolsaňyz, has düýpli bozulmalar ýüze çykyp biler.

 

Nämelere getirip biler?

Islendik kesel aýbaşa we ondaky bölünip çykmalaryň häsiýetine ýaramaz täsir edip biler. Eger-de saklanma 7 günden uzaga çekýän bolsa, hökman lukman-ginekologa ýüz tutmaly.

Saklanma şulary aňladyp biler:

  • Endokrin ulgamynyň we galkan şekilli mäziň işinde bozulmalar;
  • Ginekologiki bozulmalar, şol sanda endometrioz, ýumurtgalaryň sowuklamagy;
  • Peşewjyns ulgamynyň bozulmagy, ýagny sistit we ş.m.
  • Gribok keseli;
  • Gerpes;
  • Wirus we bakterial ýokançlar.

 

Agyryly ýagdaýy HÖKMAN GINEKOLOGIŇ GÖZEGÇILIGI ASTYNDA almaly.

 

Saklanmanyň beýleki sebäpleri

Aýbaşynyň saklanmagynyň sebäpleriniň arasynda şular hem bolup biler:

  • Göwrelilik
  • göwnüçökgünlik
  • Sport (ýokary fiziki işjeňlik)
  • Berhiz
  • Howanyň çalyşmagy
  • Göwrelilige garşy derman serişdeleri

 

Eger-de lukman sebäbini tapmadyk bolsa …

Gözden geçirişden we analizleriň ählisi tabşyrylandan soň kesel ýüze çykarylmadyk bolsa, onda näsaga immunitetini berkitmek maslahat berilýär. Mysal üçin, witamin toplumynyň kursuny geçmek, sowuklamany bejermekligi güýçlendirmek, ýatalgada galmak düzgünini berjaý etmek, köpräk dynç almak, aşa sowadama goranmak. Sport, alkogol we çilim doly aýrylmaly.

Ýatda saklaň, aýbaşynyň saklanmagynyň sebäpleriniň nämedigine garamazdan, ony ünssüz goýmaly däl. Aýlawyň bozulmagy diňe bir sowuklama üçin däl, eýsem, has agyr keseller zerarly hem bolup biler.

 

NETIJE

Ýiti respirator wirusly keseller, dümew, angina immunitet täsir edýär, gorag funksiýalaryny gowşadýar we reproduktiw ulgamyň işinde gormonal bozulmalary, şol sanda aýbaşynyň saklanmagyny ýüze çykaryp biler.

Eger-de sowuklama wagtynda aýbaşy belli bir kesgitli wagtda başlamaýan bolsa hem-de adatdakysy ýaly görünmese, lukmançylyk kömegini sorap ýüz tutmaly. Kesel alamatlaryny ünsden düşürmeli däldigini ýatda saklamaly hem-de gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagyndan gaça durmak üçin, hem-de çaklamalardyr aladalardan gaça durmak üçin özüňe aýratyn üns bermeli.

Related Content