8-12-nji iýul aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan durmuşda kyn ýagdaýlara düşen aýal-gyzlara we maşgalalara jemgyýetçilik goldawyny bermek boýunça işlere bagyşlanan bäş günlük seminar geçirildi.
Çäräniň maksady maşgalalara sosial hyzmatlary we psihologiki maslahat bermek üçin jemgyýetçilik işleri boýunça hünärmenleri we psihologlary taýýarlamakdan ybarat boldy. Seminar Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde gurnaldy we jemgyýetçilik işleri boýunça hünärmenleriniň işini utgaşdyrmaga hem ýardam berdi.
Bu seminar 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Gender Deňligi boýunça Milli Hereket Meýilnamasynyň çäginde gurnaldy. Şol bir wagtda bu çäräniň jemgyýetçilik işleri boýunça hünärmenleriň gender deňligi boýunça bilimini ýokarlandyrmaga goşant goşandygyny bellemek gerek. Şeýle hem çärede Türkmenistanyň “Durmuş hyzmatlary hakynda” kanunyna laýyklykda berilýän hyzmatlaryň ýokary hilliligini üpjün etmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Her bir adamyň özüni we daşky gurşawyny üýtgetmegi üçin hereket etmegi gerek. Birek-birege hormat goýmak, maşgalada we jemgyýetde aýal-gyzlara goldaw bermek we deňhukuklylygy üpjün etmek, olaryň üstünliklerini hormatlamak ýaly ýörelgeleri öňe sürmegi zerur. Beýle işler hem aýal-gyzlar, hem-de erkek adamlar bilen geçirilmelidir. Maşgala we jemgyýet gatnaşyklarynda gender deňligini öňe sürmek bilen, biz her kimiň özüni möhüm we gerekli duýýan jemgyýetini gurýarys. Her bir adamyň goşandyny nazara alyp, ykdysady taýdan güýçli we goragly jemgyýeti döredýäris” diýip, çärä gatnaşyjylar nygtadylar.
Seminara, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, “Keýik okara” jemgyýetçilik guramasynyň wekillerinden we jemgyýetçilik işleri boýunça hünärmenlerden ybarat 70-den gowrak adam gatnaşdy..
Bu seminar Türkmenistanda jemgyýetçilik goragyny üpjün etmek we gender deňligini öňe sürmek boýunça möhüm ädim boldy. UNFPA zenanlaryň we maşgalalaryň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamagy dowam etdirer.