2024-nji ýylyň 16-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky Wekilhanasy 2026-2030 ýyllar üçin UNFPA-nyň Ýurt maksatnamasynyň taslamasyny işläp düzmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin milli hyzmatdaşlar bilen konsultatiw duşuşygyny geçirdi.
Ýyldyz myhmanhanasynda geçirilen çäräniň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar UNFPA-nyň Türkmenistanyň Hökümet bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetini, gazanylan üstünlikleri we täze döwür üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Tematiki sessiýalaryň çäklerinde gatnaşyjylar reproduktiw saglygyny we hukuklaryny goramak, gender deňligini ilerletmek, aýallara we gyzlara garşy zorlugyň öňüni almak, şeýle hem ýaşlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we tehniki taýdan ylalaşdylar.
Reproduktiw saglygy we hukuklary babatynda ileri tutulýan ugurlaryň arasynda reproduktiw saglygyny goramagyň serişdeleri bilen üpjün etmek we reproduktiw hukuklaryny goramak, sebit derejesinde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we pugtalandyrmak, lukmançylyk statistikasy we seljeriş gurallary, ýetginjekleriň saglygy we onkologiki keseller babatynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Gender deňligi we ýaşlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek babatynda ileri tutulýan ugurlary boýunça çärä gatnaşyjylar halkara tejribesini öwrenmegi we subutnamalara esaslanýan tejribäni ulanmagy talap edýän ugurlara aýratyn üns berdiler. Şeýlelikde, aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny goramak üçin kanunçylygy kämilleşdirmek, maşgala zorlugyndan ejir çeken aýallara goldaw bermek üçin hyzmatlary hödürlemekde pudagara çemeleşmäni we utgaşdyrmagy pugtalandyrmak boýunça ugurlar bellenildi. Şeýle hem, gender deňligini we maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmäge päsgel berýän durmuş kadalaryny özgertmek meselesine hem-de adatdan daşary ýagdaýlarda ejir çekýän ilat toparlaryny, aýallary we gyzlary hasaba almak boýunça halkara standartlaryny ornaşdyrmak meselelerine garaldy.