2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy BMG-nyň Aşgabatdaky binasynda utgaşdyryş duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň maksady Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky reproduktiw saglyk otaglarynda ulanylýan serişdeleriň möçberine baha bermek, olaryň özara paýlanyş mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de howp toparyna girýän zenanlaryň reproduktiw saglygyny goramak üçin zerur serişdeleri täzeden satyn almak boýunça meýilnama düzmekden ybarat boldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri, şeýle hem UNFPA-nyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda reproduktiw saglygy goraýyş serişdeleriniň galan möçberi, bir aýlyk isleg derejesi baradaky maglumatlara seredildi we bu serişdeleriň öz wagtynda üpjün edilmeginiň zerurlygy esassandyryldy. Gatnaşyjylar howp toparyna girýän zenanlaryň hyzmatlar bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak mümkinçilikleri, hasaba alyş we hasabat beriş resminamalarynyň görnüşleri, şeýle hem işiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullary barada pikir alyşdylar. Şeýle-de, reproduktiw saglygy goraýyş serişdeleriniň ätiýaçlygyny doldurmagyň mümkinçilikleri boýunça hem teklipler hödürlenildi.
UNFPA Türkmenistanyň Hökümetiniň hroniki keselleri bolan zenanlar üçin reproduktiw saglyk hyzmatlaryna we serişdelerine elýeterliligi üpjün etmek boýunça edýän tagallalaryna goldaw bermegi dowam etdirýär.
Goşmaça maglumat üçin: Maýagözel Kulyýewa, Reproduktiw saglygy boýunça bölüm müdiri, kuliyeva@unfpa.org; +99312488326