Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

UNFPA-nyň meýletinçileri Aşgabatda geçirilen debatlara we sport çärelerine gatnaşdy

UNFPA-nyň meýletinçileri Aşgabatda geçirilen debatlara we sport çärelerine gatnaşdy

News

UNFPA-nyň meýletinçileri Aşgabatda geçirilen debatlara we sport çärelerine gatnaşdy

calendar_today 31 October 2024

UNFPA-nyň meýletinçilerine gender deňligini ilerletmek boýunça debatlara gatnaşyndyklary barada şahadatnama gowşuryldy.
UNFPA-nyň meýletinçilerine gender deňligini ilerletmek boýunça debatlara gatnaşyndyklary barada şahadatnama gowşuryldy.

Her gün dünýäde millionlarça adam meýletinçi bolup jemgyýetlerine kömek edýär. Meýletinçilik global meseleleriň çözülmegine uly goşant goşýar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orun eýeleýär. Meýletinçiler hem jemgyýetde abadançylygy üpjün etmek hem-de durmuş we ekologiýa başlangyçlaryny goldamak üçin öz wagtlaryny sarp edýärler.

Türkmenistanda hem meýletinçilik hereketi günsaýyn ösýär we ýaşlar möhüm durmuş başlangyçlaryny öňe sürmekde esasy orny eýeleýär. Şeýle başlangyçlaryň biri hem "Ýaşlar, sport we gender deňligi" atly meýletinçilik maksatnamasydyr. Onuň maksady ýaşlaryň arasynda gender deňligini, sagdyn durmuş ýörelgesini, beden terbiýe we sport bilen meşgullanmagy öňe sürmekden ybarat. Bu maksatnama Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Beden terbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. Meýletinçiler bu işde adamlara kömek etmek, öz tejribeleri barada gürrüň bermek we täze zatlary öwrenmek ýörelgelerine esaslanýarlar.

Группа волонтеров с Мары, Туркменабад и Ашхабад.

Ýaş meýletinçiler, sport mekdepleriniň okuwçylary hem-de Aşgabat, Mary we Türkmenabat şäherlerinden işjeň ýaşlar – olar ähli adamlar üçin deň mümkinçilikleri döretmäge we gender deňligini ilerletmäge möhüm goşant goşýarlar. Şeýlelik bilen olar gender stereotiplerini hem aradan aýyrýarlar. Olar öz deň-duşlaryny treninglara we sport çärelerine çagyryp, sagdyn durmuş ýörelgesini we sport bilen meşgullanmagy öňe sürýärler. Şeýle hem gender deňligini we aýal-gyzlar üçin deň hukuklygy erkekleriň goldamagynyň nä derejede möhümdigini düşündirýärler. Ýaş meýletinçiler gyzlary sport bilen meşgullanmaga çagyrýarlar hem-de öý-hojalyk işleriniň oglanlaryň we gyzlaryň arasynda deň paýlaşylmalydygyny öňe sürýärler. Meýletinçiler ýaşlara deňhukukly jemgyýeti gurmakda zerur bolan durmuş gymmatlyklaryny özleşdirmäge kömek edýärler. 

Şeýle işlere mysal hökmünde UNFPA-nyň meýletinçileriniň arasynda geçirilen debatlary (çekeleşik, jedelleşik) görkezmek bolar. Bu debatlar gender zorlugyna garşy göreşmekde 16 günlik aktiwizmiň öňüsyrasynda geçirildi. Olara Aşgabatdan, Marydan we Türkmenabatdan gelen 45 sany meýletinçi gatnaşdy. 28-29-njy oktýabrda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçirilen debatlar jedelleşik endiklerini ösdürmek we gender deňligi barada düşünjeleri artdyrmak üçin meýdança öwrüldi. Gatnaşyjylar gender deňligi meselesinde dürli garaýyşlary we çemeleşmeleri derňemegi, öz pikirlerini açyk beýan etmegi we goramagy öwrendiler.

Выступление самого юного участника перед другими волонтерами.

Debatlar birnäçe tapgyrlardan ybarat bolup, her tapgyrda toparlar gender deňligi barada pikirlerini beýan etdiler we delil görkezdiler. Sporta we bilime deň elýeterlilik, iş üpjünçiliginde deň mümkinçilikler, şeýle hem durmuş hyzmatlarynyň ähli adamlar üçin deň derejede elýeter bolmagy ýaly meseleler boýunça gyzykly çekeleşikler boldy. Debatlaryň netijesi boýunça Google Development Group, Technovation Girls, Türkmenistanyň Beden terbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem “Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Üstünlikleri” jemgyýetçilik guramasynyň wekillerinden ybarat bolan eminler topary ýeňijileri kesgitledi.

Команда волонтеров, занявшая первое место на дебатах.

Debtlardan soň bolsa, 30-njy oktýabrda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde sport çäreleri geçirildi. Pair Dodgeball (uran girdi) oýnunda gyzlar we oglanlardan düzülen garyşyk toparlar birek-birek bilen sazlaşykly we arkalaşykly hereket etdiler. Bu oýunda bir topar aýlaw emele getirýärdi, beýleki toparyň oýunçylary bolsa olary aýlawdan top bilen urup çykarmaga synanyşýardylar. Emma aýlawdaky gyzlar diňe öz toparyndaky oglanlary gorap bilýärdiler, oglanlar hem - diňe gyzlary. Şeýle adaty däl düzgünler arkaly, bu oýun gyzlaryň diňe goraga mätäçdigi hakdaky stereotipi aradan aýyryp, olaryň beýlekileri goramak ukybynyň bardygyny aýdyň görkezdi.

Волонтеры играют в гендерный "доджбол” (вышибалы)

Mundan başga-da, sport çäreleriniň çäklerinde Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň Maýyplarynyň bedenterbiýe-sport klubynyň türgenleriniň arasynda oturyp oýnalýan woleýbol oýny hem geçirildi. Bu waka sportdaky inklýuziwligiň we deňligiň aýdyň mysaly boldy.

Ýaryşlar tamamlanandan soň, ýeňijilere we olara gatnaşyjylara sportdaky üstünlikleri we gender deňligini öňe sürmäge goşan goşantlary üçin baýraklar gowşuryldy. Debatlardan we sport ýaryşlarynyndan ybarat bolan bu üç günlük çäre, gender ýa-da fiziki mümkinçiliklerine garamazdan, ähli adamlar üçin deň mümkinçilikleri döretmegiň möhümdigini aýdyň görkezdi. UNFPA Türkmenistanyň Beden terbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde ýaşlaryň meýletinçilik hereketini mundan beýläk-de ösdürmäge we sportda gender deňligini öňe sürmäge ýardam edip, bu ugurda bilelikdäki işini dowam etdirer.

Общее фото с участниками по завершении мероприятия.

Related Content

No content available.