Go Back Go Back
Go Back Go Back

UNFPA-nyň Sebitleýin direktorynyň orunbasarynyň Türkmenistana sapary

UNFPA-nyň Sebitleýin direktorynyň orunbasarynyň Türkmenistana sapary

News

UNFPA-nyň Sebitleýin direktorynyň orunbasarynyň Türkmenistana sapary

calendar_today 16 May 2025

Jenap Klaus Bek Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa konferensiýasynda (CACCC-2025) çykyş edýär.
Jenap Klaus Bek Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa konferensiýasynda (CACCC-2025) çykyş edýär.

16-njy maý 2025-nji ýyl – Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Günbatar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktorynyň orunbasary jenap Klaus Bek 2025-nji ýylyň 12-16-njy maýy aralygynda Türkmenistanda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda jenap Bek Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa konferensiýasyna (CACCC-2025) gatnaşdy, milli we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen duşuşdy. Ol duşuşyklarda UNFPA-nyň reproduktiw saglygy we hukuklary, gender deňligi we ýaşlaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi boýunça maksatnamalaryny ara alyp maslahatşaşdy.

CACCC-2025 Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC) we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bilelikde gurnalan bu konferensiýa "Merkezi Aziýada sebit we milli hereketler arkaly global derejede howanyň üýtgemegi boýunça maliýeleşdirmek maksadyna ýetmek" temasyna bagyşlandy. Konferensiýanyň maksady Merkezi Aziýada howanyň durnuklylygyny berkitmek üçin sebit dialogyny we hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat boldy.

UNFPA global derejede howanyň üýtgemegi bilen göreşmegiň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň (IÝÖHK) maksatlaryna ýetmek üçin möhümdigini nygtaýar. IÝÖHK bolsa adamlaryň öz reproduktiw saglygyna degişli habarly karar bermek hukuklaryny öňe sürýär. Howanyň üýtgemegi Merkezi Aziýada hem kynçylyklary döredýär, şonuň üçin hem onuň adamlara, şol sanda aýal-gyzlara we ýaşlara ýetirýän täsirini aradan aýyrmak üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk zerur bolup durýar.

Alternative text

Konferensiýanyň dowamynda jenap Bek howanyň üýtgemegine adalatly çemeleşmäge bagyşlanan bölümine gatnaşyp, howanyň üýtgemegine adalatly uýgunlaşma, sosial inklýuziwlilik, ykdysady adalatlylyk we jemgyýetiň gowşak toparlaryny goldamak ýörelgelerine ünsi çekdi. Bu kontekstde ol howanyň üýtgemeginiň uzak möhletli täsirlerini (howanyň aşa gyzmagy, howanyň hili, howa bilen baglanyşykly tebigy betbagtçylyklar) aýal-gyzlaryň saglygy we abadançylygy hem-de olaryň reproduktiw saglygy we hukuklaryna, şol sanda ene we täze doglan çaganyň saglygyna ýetirýän täsiri barada aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem Jenap Bek bu täsirleri azaltmak üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreler bilen tanyşdyrdy. Bu çäreler Milli derejede kesgitlenilýän goşantlar (NDCs) 3.0 we BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýasynyň (COP30) prosesleri bilen baglanyşykly bolup, olary amala aşyrmak üçin  sebit tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. 

Mundan başga-da, jenap Bek howanyň üýtgemeginiň reproduktiw saglygy we hukuklar, gender deňligi we ýaşlaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýetirýän täsiri barada hem aýtdy. Jenap Bek UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bu ugurda ýerine ýetirýän işleriniň möhümdigini belledi. Sebäbi howanyň üýtgemegi, esasanam howanyň aşa gyzmagy reproduktiw saglygyna, ene we täze doglan çaganyň saglygyna üçin töwekgelçilik döredýär. UNFPA howanyň üýtgemeginiň täsirleri boýunça barlag-gözleg işlerini geçirmegiň we bu täsirleri azaltmagyň zerurdygyny belleýär. Şeýle hem jenap Bek howanyň üýtgemeginiň Türkmenistanda ilat dinamikasyna we demografik durnuklylyk ýetirýän täsirleriniň bardygyny aýtdy. 

Alternative text

"Howa krizisi gender taýdan bitarap däl; ol aýal-gyzlara, esasanam Merkezi Aziýadaky gowşaklara deň däl derejede täsir edýär. Bu meseläni netijeli çözmek üçin reproduktiw saglygyň we gender zorlugynyň aspektlerini illi derejede kesgitlenilýän goşantlara we Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça milli meýilnamalara gyssagly girizmeli we hiç kimiň ünsden düşürilmezligini üpjün etmeli. UNFPA bu möhüm tagallalary goldamaga ygrarly" diýip, jenap Bek belledi. 

Alternative text

Konferensiýa gatnaşmakdan başga-da, jenap Bek UNFPA-nyň strategik hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek hem-de Türkmenistanda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, milli hyzmatdaşlar we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar geçirdi. Şeýle hem jenap Bek UNFPA-nyň reproduktiw saglyk ugrunda alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň netijeliligine baha bermek maksady bilen, saglygy goraýyş edaralaryna, şol sanda “Ene mähri” Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine we Aşgabatdaky 10-njy Saglyk öýüne baryp gördi.

Alternative text

*** 

UNFPA barada:

UNFPA Birleşen Milletler Guramasynyň reproduktiw saglygy boýunça guramasydyr. Gurama her bir göwreliligiň islegli bolmagy, her bir çaga dogluşyň sagdyn bolmagy, hem-de ähli ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini doly derejede amala aşyrmagy ugrunda zähmet çekýär. UNFPA gender deňligini öňe sürýär we aýal-gyzlary hem-de ýaşlary bedeni we geljegini bilen baglanyşykly kararlary özleriniň bermegini goldaýar. UNFPA dünýäniň 150-den gowrak ýurdunda reproduktiw saglygy boýunça giň gerimli hyzmatlara elýeterliligi üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlar bilen iş alyp barýar. UNFPA-nyň maksady 2030-njy ýyla çenli öňüni alyp bolýan enäniň ölümi aradan aýyrmak, maşgalany meýilleşdirmek üçin kanagatlandyrylmadyk zerurlygy aradan aýyrmak, zenanlara we gyzlara garşy zorlygy hem-de zeper ýetiriji hereketleri aradan aýyrmak.

https://www.unfpa.org/; https://turkmenistan.unfpa.org/tk

 

CAREC we CACCC-2025 barada:

Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC) Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetlerine, sebit we halkara hyzmatdaşlara Merkezi Aziýa we Owganystan sebitinde  ekologik we durnukly ösüş meselelerini çözmekde goldamak boýunça hereket edýän garaşsyz, syýasy däl we girdeji gazanmaga gönükdirilmedik halkara guramadyr. Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa konferensiýasy (CACCC) Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginiň täsirleriniň azaldylmagy we oňa uýgunlaşmak boýunça dialog we bilim almak üçin sebit platformasydyr. CACCC-2025 sebit we milli hereketler arkaly global derejede howanyň üýtgemegi boýunça maliýeleşdirmek maksadyna ýetmäge gönükdirildi. Konferensiýa CACCC-yň öňki çäreleriniň esasyna daýanýar, CACCC-2024 "Howanyň üýtgemegi boýunça maksatlary hereketler bilen birleşdirmek: maksatlary hakykata öwürmek" temasyna bagyşlandy.

https://carececo.org/tk/main/
 

Goşmaça maglumat üçin: Kemal Goşlyýew, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy goshliyev@unfpa.org; +99312488326