Go Back Go Back
Go Back Go Back

UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Gündogar Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasy demografiýa degişli mümkinçilikleri artdyrmak maksady bilen bilelikde okuw seminary geçirdi

UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Gündogar Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasy demografiýa degişli mümkinçilikleri artdyrmak maksady bilen bilelikde okuw seminary geçirdi

News

UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Gündogar Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasy demografiýa degişli mümkinçilikleri artdyrmak maksady bilen bilelikde okuw seminary geçirdi

calendar_today 01 May 2025

UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň Demografik durnuklylyk syýasaty boýunça sebit geňeşçisi jenap Fabio Losa çärä gatnaşyjylary Ilaty sanly hasaba alyş ulgamyny döretmekde halkara tejribesi bilen tanyşdyrýar we UNFPA-nyň bu ugurdaky goldawy barada gürrüň berýär.

Aşgabat, Türkmenistan – BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy we UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 30-njy apreli we 1-nji maýy aralygynda demografiýa degişli milli mümkinçilikleri ösdürmek temasy boýunça iki günlük okuw seminary geçirdi.

Seminar UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň işgärleri, Demografik durnuklylyk syýasaty boýunça sebit geňeşçisi jenap Fabio Losa we Ilat we ösüş meseleleri hakdaky maksatnamasynyň hünärmeni hanym Aýnur Kanafina tarapyndan alnyp baryldy. Bilermenler demografiýa ylymy we syýasaty babatyndaky häzirki zaman bilimini we halkara tejribeleri barada gürrüň berdiler.

Seminaryň dowamynda aşakdaky esasy mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy:

  • Esasy kosnepsiýalaryň tehniki syny: demografiýa, adam maýasy, demografik paýdaş.
  • Institusional derejede demografik sowatlylygy güýçlendirmegiň çemeleşmeleri.
  • UNFPA-nyň maksady: zenanlaryň reproduktiw hukugyny üpjün etmek we demografiýa syýasatyny alyp barmakda adam maýasyna maýa goýmak.
  • Demografiýa boýunça barlaglar: metodologiýalaryň we iň oňat tejribeleriň syny.
  • Ilaty sanly hasaba alyş ulgamyny döretmekde halkara tejribesi we UNFPA-nyň bu ugurdaky goldawy.
  • Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde demografik strategiýalar: toplanylan tejribeler.

Bu seminar, Türkmenistandaky hünärmenleriň demografiýa ulgamy boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmaga we netijeli demografik syýasaty işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin amaly gurallary üpjün etmäge gönükdirildi.

Şunuň bilen birlikde, bu çäreden öň, 2024-nji ýylyň 25-30-nji noýabrynda UNFPA-nyň goldawy bilen Türkmenistanly bilermenleriň wekiliýetiniň Türkiýäniň Ankara şäherinde saparda bolandygyny nygtamaly. Bu saparyň maksady, ilat sanawy we raýat ýagdaýy aktlarynyň sanly hasaba almagyň öňdebaryjy türk tejribesini öwrenmekdi, şol sanda Merkezi raýat ýagdaýy aktlaryny hasaba almagyň ulgamy (MERNİS) we salgylara esaslanýan ilat hasaba alyş ulgamyny (ABPRS) öwrenmekden ybarat boldy.

Geçirilen seminar, türkmen wekiliýetiniň Türkiýä saparynyň logiki dowamy bolup, UNFPA bilen Türkmenistan hökümetiniň arasyndaky demografik hasaba alyş we seljeriş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlaryny işläp düzmekde ýene bir möhüm ädimleriň biri boldy. Bu seminar, ýurduň durnukly ösüşi üçin demografik maglumatlary toplamak, seljermek we ulanmak boýunça häzirki zaman çemeleşmelerini ornaşdyrmakda milli mümkinçilikleri güýçlendirmäge ýardam berer. 

*** 

Goşmaça maglumat üçin: Kemal Goşlyýew, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy; goshliyev@unfpa.org; +993124883