Sansyz aýal-gyzlar her gün gender esasly zorlugyň ajy hakykaty bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Gender esasly zorluk beden we akyl saglygyna zyýan ýetirip, ägirt uly zyýan ýetirýär, mümkinçiliklere düşünmeginiň öňüni alýar we esasy adam hukuklaryny bozýar.
Bu ýyl BMG Baş Assambleýasynyň 25-nji noýabry Halkara aýal-gyzlara garşy zorlugy ýok etmek güni diýip yglan edenine 25 ýyl dolýar. Pekin jarnamasynyň we Hereket meýilnamasynyň 30 ýyllygyny belleýän şu ýylky global kampaniýa “Aýal-gyzlara garşy zorlugy ýok etmek üçin birleşiň (UNiTE)” diýlip atlandyrylýar we bu giňden ýaýran meseläni soňlamak üçin jogapkärçilgi güýçlendirmegiň möhümdigini nygtaýar.
1995-nji ýylda Bütindünýä aýallar konferensiýasynda kabul edilen Pekin jarnamasy gender taýdan deňlik we aýal-gyzlaryň hukuklaryny artdyrmak meselelerinde möhüm wada boldy. Aýallara garşy edilýän zorlugy bes etmek, bilime we saglygy goraýyşa deň elýeterliligi üpjün etmek we aýallaryň ykdysady gatnaşygyny ösdürmek ýaly 12 sany esasy ugurlarda hereket etmeklige çagyrýar.
2025-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligi soňky üç onýyllygyň dowamynda Pekin hereket platformasyny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünliklere we ýüze çykan kynçylyklara giňişleýin syn berer. Pekin +30 diýlip atlandyrylýan bu syn, 2030-njy ýylda Durnukly ösüş gün tertibine goşant goşar. Pekin + 30 aýal-gyzlara garşy edilýän zorlugy bes etmek üçin jogapkärçilik mehanizmlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny görkezer.
UNFPA Türkmenistan, Britan ilçihanasy bilen bilelikde 20-nji noýabrda BMG-nyň Aşgabat şäherindäki binasynda aýal-gyzlara garşy zorlugy ýok etmek gününe we “Gender esasynda zorluga garşy 16 işjeňlik güni” kampaniýasyna bagyşlanan çäre geçirdi.
Bu çäre, diplomatik korpusyň, BMG agentlikleriniň we raýat jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini ýygnamak bilen esasy gyzyklanýan taraplary birleşdirmek üçin möhüm platforma üpjün etdi. Maksat:, aýal-gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan töwekgelçilikleriniň artmagy barada habarlylygy ýokarlandyrmak we Türkmenistanda bu möhüm meseläni çözmek üçin bilelikdäki çäreleri geçirmek.
Geçirilen çäre,, gatnaşyjylary bilimleri, pikirleri paýlaşmaga we hyzmatdaşlygyň ýollaryny öwrenmäge, şeýle hem gender esasly zorlugy ýok etmek üçin mümkin bolan çözgütleri işläp düzmäge höweslendirip, gepleşikleri ýaýbaňlandyrdy.
UNFPA dünýä derejesinde-de, Türkmenistanda-da aýal-gyzlara garşy edilýän zorlugy bes etmek meselesinde ygrarly bolup galýar. Gurama habarlylygy ýokarlandyrmak, wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek we zorluk pandemiýasyna garşy göreşmek we her bir aýal-gyzyň gorky we zyýandan halas bolup biljek dünýäsini döretmek üçin global çäreleri görmäge dowam eder